GENEL

Üstünligiň Syry

„Adam arzuwsyz bolmaz, guş ganatsyz“ diýlişi ýaly, ynsanogly arzuw bilen ýaşaýar, arzuw bilen ýatyp turýar. Şeýle-de bolsa durmuşda arzuwyna ýetýänlerden, arzuwy gursagynda galýanlar has köpdür. Eýsem, munuň sebäbi nämekä? Arzuwyň amala aşmagy üçin nämeler derkar bolup durýarka?

Bu sowallaryň jogabyny durmuşda üstünlik gazanan, şahsyýetleriň durmuş ýoluny öwrenmek bilen tapmak mümkin. Şeýle ynsanlaryň durmuş ýollaryny öwrenen wagtymyz, geçen ýollary biri-birinden düýpgöter tapawutly hem bolsa olarda käbir umumylygyň bardygyna göz ýetirýäris.

Ýagny, olaryň arzuwlaryny maksada, maksatlaryny hakykata öwürmek üçin birnäçe faktory jem edip, şol ugra gönükdirendiklerini görmek bolýar. Bu faktorlar: ukyp, isleg, ynam, meýilleşdirmek, kararlylyk we tutanýerlilikdir.  Şonuň üçin hem, biz üstünlik ukybyň, islegiň, ynamyň, meýilleşdirmegiň, kararlylygyň we tutanýerliligiň jemine deňdir diýip aýdyp bileris.

Biziň gürrüňimiz hem şu häsiýetleri gazanmak dogrusynda bolar.

Bu häsiýetleri özünde jemlän adamyň jähdiniň başa barjakdygyny, öňünde goýan maksatlaryna ýetjekdigini ynam bilen aýtmak bolar.

Geliň, indi, ýokarda beýan edilen, ýagny üstünligiň binasynyň sütünlerini emele getirýän häsiýetler barada durup geçeliň!

Ukyp:

Elbet-de, islendik ugry alanyňda, şol ugurda üstünlik gazanmak üçin azda-kände ukybyň gerekdigi hemmä mälimdir. Hiç kimiň ukyby bolmaýan, söýmeýän kärinde üstünlik gazanany görülen däldir. Şonuň üçin hem, esasy zat ukybyňa laýyk bir ugry saýlap almak we bu ugurda üstünlik gazanmagy maksat edinmekdir. Ýöne, näçe ukyply adamlaryň özüne berlen ukyby peýdalanmanlygy, ony kämilleşdirmänligi sebäpli, jemgyýete peýda getirmänligi hem hakykatdyr. Bu hem bize haýsydyr bir ugurda üstünlik gazanmak üçin diňe ukybyň ýeterlik däldigini görkezýär. Belli oýlap tapyjy T.Edisonyň (Thomas Alva Edison) „Üstünligiň 1 göterimi ukyp, 99 göterimi maňlaý deri“ diýip aýtmagy bu aýdylanlara delildir.

Isleg:

Ähli üstünligiň başlangyjy islegdir. Haýsydyr bir zatda üstünlik gazanmak üçin ilkinji nobatda şol zada bolan güýçli isleg gerek. Güýçli islegiň bolmadyk ýerinde hiç bir maksadyň amala aşmagy mümkin däldir. Islegiň wagtyň geçmegi bilen peselmezligi üçin asyl maksadyňy unutmazlyk we bu ugurda hereket etmek zerur bolup durýar. Şunda ahyrky netijede gazanjak zadyňy ýatlamaklyk, höwesi janlandyrmaga ýardam edýär.

Ynam:

Eger-de siziň haýsydyr bir zady başarjakdygyňyza doly ynamyňyz bar bolsa bu siziň üstünlige giden ýoluň ýarysyny geçdiňiz diýmekdir. Ýöne, ol ynam, şeýle uly bolmaly, onuň bahasy näme hem bolsa, ony tölemäge yrza bolunmaly. Bu babatda Napoleon Hilliň naýbaşy eseri bolan “Pikir et we baýa” atly kitabynda  beýan edilýän şu wakany siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bilýäris:

Edwin S.Barans atly ýetginjek, grammofondan, lampa we kino filiminiň mikrofonlaryna çenli 1093 patendiň eýesi, dünýä belli „General Motoros“ kompaniýasynyň esaslandyryjysy T.Edisona özüniň, onuň bilen bile hyzmatdaş bolup işlemek isleýändigini aýdanda ol, onuň teklibini kabul edýär. T.Edisonyň näme üçin onuň teklibini kabul edendigine, onuň şu ýatlamasyndan göz ýetirýäris. „Onuň daşky keşbi adaty ykmanda meňzeýärdi, ýöne onuň ýüz keşbi ýüregine düwen zadyny etjekdigi barada hiç hili şübhe goýmaýardy. Adam gatnaşyklary babatda birigen ýyllaryň tejribesi maňa şuny öwretdi: eger adam haýsydyr bir zada güýçli teşne bolsa we munuň üçin bütin geljegini orta goýmaga taýýar bolsa, ol şübhesiz ykbaly ýeňýär. Men oňa bu mümkinçiligi döretdim we onuň öňünde goýan maksadyna, eýýäm ýetendigine özüni ynandyrandygyny gördim. Wagt meniň ýalňyşmandygymy görkezdi.“ diýip belleýär. Şonuň üçin hem biz ynam – ähli üstünligiň katalizatory diýip aýdyp bileris.

 Meýilleşdirmek:

Tutan maksadymyza ýetmek üçin durmuşa geçirilmeli işleriň meýilleşdirilmegi möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Nähili bir binany meýilnamasyz, taslamasyz gurup bolmaýan bolsa, maksada hem meýilnamasyz ýetip bolmaýar. Her şäheriň baş meýilnamasynyň bolşy ýaly, her adamyň hem baş maksady  bolmaly. Baş maksat kiçi maksatlara bölünmeli. Bu kiçi maksatlar baş maksada ýetmek üçin ýetilmeli sepgitlerden ybarat bolmaly.

Hünärmenleriň biri „Biz öňümizdäki bazar günümizi nähili geçirjekdigimizi meýilleşdirýäris, ýöne ömürimizi welin meýilleşdirmeýäris“ diýip belleýär. Iň bolmanda öňümizdäki iki-üç aýymyzyň meýilnamasyny düzmek bize hem maddy hem-de wagt taýdan utuş gazandyryp bilýär.

Kararlylyk:

Kiçi ýa-da uly tapawudy ýok, islendik üstünligiň daýanç sütüni kararlylyk, maksada okgunlylykdyr. Bu barada Calwin Coolidge şeýle diýýär: “Dünýäde hiç bir zat kararlylygyň ýerini tutup bilmeýär. Ukyp tutup bilmeýär, sebäbi dünýäde ukyply, ýöne üstünlik gazanmadyk adam näçe diýseň bardyr. Akylam tutup bilmeýär sebäbi, akylyny ýüze çykaryp bilmän giden akylly adamlaryň köplügini taryhyň haýsy döwrüni alsaňam görmek bolýar. Bilim hem tutup bilmeýär, sebäbi dünýäde bilimli, ýöne başarnyksyz adamlar gaty köpdür. Diňe kararlylygyň we tutanýerliligiň tükeniksiz güýji bardyr”.

Taryhda üstünlik gazanan adamlaryň durmuşy bilen tanyşanyňda, olaryň ählisiniň üstünliginiň özeninde tutanýerliligiň, erjelligiň ýatandygyny görmek bolýar. Ýagny, „Yhlas bilen aglasaň sokur gözden ýaş çykar“ diýileni.

Arzuw edip bolýan we göz öňüne getirip bolýan ähli zat elýeterdir. Adamyň öňünde öz aňynda özüne çyzan böwedinden başga böwet ýokdur.

Biziň kim boljakdygymyzy bilim derejämiz däl-de, maksadymyz kesgitleýär. Maksat näçe aýdyň bolsa, onuň hakykata öwrülmeginiň derejesi şonça ýokary bolýar. Elbet-de, maksada ýetmeklik köp zähmeti talap edýär.  J.Keth Moorheadyň diýişi ýaly hiç “kim üstünligiň basgançagyna elini jübüsine sokup çykmady”.

Tutanýerlilik:

Tutanýerliligiň bolmazlygy, ýeňilişiň iň köp ýaýran sebäbidir. Şeýle-de bolsa bu häsiýeti gazanmak mümkindir.

„Pikir et we başar“ atly kitabyň awtory Muhammet Bozdag “Üstünlik peşgeşi elmydama maksatlaryny janly tutup, tutanýerli zähmet çekenlere berilýär. Bilmek we höweslenmek ýeterlik däl. Bilýän zatlaryňyzy özleşdirip, tejribä ýugrup, hakyky ukyba öwürmek gerek” diýýär.

Howa, Muhammet Bozdagyň aýdyşy ýaly, diňe bilmeklik ýeterlik däldir. Bilýän zatlarymyzy özleşdirip, hakyky ukyba öwürmek üçin hökmany suratda hereket etmek gerek. Üstünlik, herekedi talap edýär. Adatça aýdylyşy ýaly, suwa girmezden ýüzmäni öwrenip bolmaýar.

Robin Şarmanyň „Sen öleňde kim aglar?“ atly kitabynda ölüm ýassygynda ýatan G.Bernard Şowa (George Bernard Shaw) „Ömüriňi gaýtadan ýaşamak mümkinçiligiň bolsady näme ederdiň?“ diýip soranlarynda, onuň az salym böwrüni diňländen soňra ahmyr bilen „Bolup biljekkäm bolmadyk adamym bolmak islärdim“ diýendigi beýan edilýär.

Şeýle ahmyr çekmezlik üçin ýokarda beýan edilen häsiýetleri özümizde jemlemek we maksadymyzy durmuşa geçirmek üçin hereket etmek gerek. Eger seniň gazanjak netijäňden Watanyňda peýda görjekdigini pikir etseň, onda bu bir diňe gerekliligem däl, hökmany bolup durýa.

Abdyrahym Begjanow

“Türkmennebit” döwlet konserni

 

Ýene-de okaň

Bakan: Türkmen gazının Azerbaycan topraklarından geçmesi mümkün

Atatürk, ebediyete irtihalinin 86. yılında Türkmenistan’da anıldı

BM Türkmenistan’ı vatansızlığı sona erdirmek başarısı ile tebrik etti

Türkmenistan ile Japonya Bakanları Orta Asya-Japonya Zirvesi’ni görüştü

Aşkabat, İran’ın “İran Agro Food” sergisine ev sahipliği yapacak

Türkmenistan Devlet Başkanı Donald Trump’ı tebrik etti

Ata Watan Eserleri