GENEL

Üstünligiň açary

Üstünlik – bu  haýsy-da bolsa bir işde gazanylan gowy netije, ýeňiş we şowlulykdyr. Biziň her birimize oýlanmak, pikirlenmek, arzuw etmek  we hereketiň  netijesinde maksatlarymyza ýetmek mümkinçiligi  berlen. Şol sebäpden esasy zatlary  belläsim gelýär, ýagny: özüňe bolan ynam, gaýduwsyzlyk, tutanýerlilik, maksada okgunlylyk we sabyr-kanagat .

Özüne ynanan adam gaýduwsyz bolýarmy ýa-da gaýduwsyz adam özüne ynanýarmy? Bu soragyň  jogaby möhüm däl, esasy möhüm zat – üstünligiň açary öz elimizde, has dogrusy, özümize bolan ynamymyzda we gaýduwsyzlygymyzda. Bu barada hormatly Prezidentimiziň ,«Älem içre at gezer» romanynyň «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» bölüminde Kuwwat pälwan hakyndaky hekaýada-da şeýle diýilýär:

Kuwwat pälwan Anna aganyň atasy Pyhy baýyň özünden uly dogany bolupdyr. Oňa halk arasynda Arslan pälwan hem diýipdirler. Ahaly baglan pälwanyň ady alyslara ýaýrapdyr we güýz günleriniň birinde Hywa tarapdan bir pälwan bil tutuşmak üçin ýörite bu ýerlere gelipdir. Niýetini mälim  edenden soň, ilat tutluşyk üçin häzirlik görüp başlapdyr.

Gün guşluga galanda başlanan tutluşyk  günortan togtadylypdyr. Ýykan hem, ýykylan hem bolmandyr. Ikinji gündäki tutluşyk ýene netijesiz tamamlanypdyr. Üçünji gün hem göreş öýlänler saklanypdyr  we biri ökde, beýleki asgyn diýer ýaly aýanlyk bolman soň, tutluşyk deňme-deň gutardy diýip  hasap  edipdirler. Bu netijä  myhman pälwan razy bolmandyr  we bellisini etmän yzyna dolanmajakdygyny aýdypdyr.

Kuwwat pälwan bolan ahwalata düşünmek üçin köp oýlanypdyr .Özüniň myhman pälwandan güýjüniň we emeliniň egsik däldigini, emma şeýle    bolsa-da, näme üçin  tutluşykda  bu zatlaryň netije bermeýänligine düşünjek bolupdyr. Ahyry köp oýlanyp onuň sebäbini tapypdyr. Bolan  ahwalata sebäp, onuň içinde dörän gorky bolupdyr. Kuwwat pälwan  göreşde ýeňmek üçin ilki bilen öz içiňdäki gorkyny ýeňmelidigine düşünipdir we ony ýeňmegi başarypdyr.

Ertirki gün tutluşyk has gyzykly we dartgynly bolupdyr. Kuwwat pälwanyň bu günki badak atyşynyň , çilşirme salşynyň üýtgeşikdigini  diňe bir myhman pälwan däl, eýsem ,tutuş mähelle bilipdir.  Ençeme emellerden soň, tutluşyk Kuwwat pälwanyň peýdasyna tamamlanypdyr.

Ýeňiji yglan edilenden soň, myhman pälwan  bu günki tutluşygyň öňki tutluşyklara meňzemeýänligini, bu ýerde bir syryň bardygyny  we şol syry aýan etmegini Kuwwat pälwandan sorapdyr. Kuwwat pälwan hem, ol syryň  öz içki gorkyňy ýeňmekdigini, şol gorky ynsanyň başarnyklaryny görkezmäge päsgelçilik berýändigini myhman pälwana  düşündiripdir.

Diýmek, maksatlarymyza ýetmekde ilki öz içimizdäki  gorkyny ýeňmegi başarmaly we tutan işimizde gaýduwsyzlyk görkezmeli.

         Ynam

Dünýä belli kino aktýory Çarli Çaplin  şeýle diýýär: ,«Pilleriň özlerini alyp baryşlaryny halamok, olar näçe uly jandar bolsalar-da, şonça-da diýen edijidirler …»

Agaç önümçiligi  senagatynda  tanymal  bolan  bir kärhananyň  eýesi  Hindistandaky  ady belli  piller saklanýan  fermada  üýtgeşik bir waka gabat geldi. Pilleriň uludan kiçi hemmesi  arka aýagyna  daňylan, bir gezek gatyrak çekeniňde üzüläýjek ýüpüň ugry bilen ýöreýärdiler. Bu ýerde beýle äpet  jandarlary dolandyrmak üçin  ne kapasa, ne-de başga zada zerurlyk  bardy.

Telekeçi  ýüpüň täsirine  boýun bolýan  äpet  jandarlara haýran galmak bilen seredýärdi, her näçe jan etse-de, pilleriň näme üçin  bu inçejik  ýüpi üzüp, fermadan gaçyp gitmeýändigine akyl ýetirip bilmedi. Planetamyzyň iň güýçli jandarlarynyň biri hasaplanýan pilleri bu ýagdaýda görmek bir tarapdan gülkünç, beýleki tarapdan gynandyryjydy.

Meselä çynlakaý gyzyklanan telekeçi özüne ýoldaş tutunanlardan bu ýagdaýyň sebäbini sorady. Onda olaryň biri:

— Piller indi doglan wagtyndan  bäri, edil şu ölçegdäki  ýüp bilen daňylyp goýulýar. Ýaş piljagazlaryň  bu ýüpi üzmäge güýji ýetmeýär. Piliň çagasy ulalsa-da, biz ýüpleri çalşyrmaýarys. Şonuň üçin olar: «Bu ýüpi üzmäge entägem güýjümiz ýetmez» diýen ynanç bilen ulalýarlar  we ýüpi üzmek üçin hem  hiç hili  hereket etmeýärler — diýipdir.

Bu hekaýadan gelip çykýan netije  şeýle, aýagyňa daňylan, ýekeje aýgytly hereket bilen üzmeklik  mümkin bolan ýüpden halas bolmak we bar ukyp başarnygyňy görkezmek üçin saňa gerek bolan esasy zat özüňe bolan ynamdyr.

              Synag

Gadym döwürlerde mal-mülkli, gurply ýaşaýan  baý  adamyň gyzyny bir dagda, düzde mal bakyp ýören çopanyň ogly gowy görüpdir. Şol gyz bolmasa çopan oglunyň gözüne dünýä dar görnüpdir. Atasynyň gurbunyň pesligi  we ýüregindäki  söýginiň  ündewi  bilen , oglanyň özi baýyň ýanyna barypdyr we  ýüreginde näme bolsa baryny dile getiripdir.Ýigit sözüni dowam  edýärkä, baý oglany başdan aýak synlap, onuň sözlerine şübhe ýokdugyny, dogrusyny diýýänligini duýupdyr we  şeýle diýipdir:

— Oglum, söýgiň hakykylygyna ynanýan. Ýöne gyzymyň bagtly bolmagy üçin, söýginiň özi ýeterlik däl. Ynsany bagtly edýän onuň häsiýeti we amallarydyr. Men seni synagdan geçirjek. Onuň üçin  men üç sany öküzi birme — bir meýdana çykarjak. Eger-de sen şolaryň biriniň şahyny gaňyryp, özüňe boýun egdirip bilseň, gyzyma senden mynasyp ýoldaş tapylmajakdygyna gözüm ýeter — diýipdir.

Aşyk ýigit öküzleriň saklanýan ýeriniň garşysyndaky meýdanda  durup birinji öküziň çykarylmagyna garaşypdyr. Köp wagt geçmänkä, pyşgyra —pyşgyra  özüne  tarap abanyp gelýän,  ullakan, şahlak öküzi görüp, aşygyň söýgüsi ýadyndan çykypdyr we çete çykyp: «Indiki öküzi özüme boýun ederin» diýen karara gelipdir.

Ýigidiň  ýagdaýyny synlap duran baý  ikinji öküzi meýdana goýberipdir.

Ýaňky oglan biçäre seretse, bu gezekki çykyp gelýän öküz öňküden-de  haýbatly, gözi gandan doly  öküz eken. Ýigidiň demi içine düşüp, bu gezek hem meýdana  çykmaga özünde  güýç tapmandyr. Soňra kellesine şeýle pikir gelipdir:

— Mümkin  baý meni synap görýändir. Üçünji gezek ol  ejiz we güýçsüz öküzi  meýdana çykarar.Men muňa ynanýan! — diýip, çalaja ýylgyrypdyr.

Biraz wagtdan, soňky öküz meýdana çykypdyr. Ol ýigidiň pikir edişi ýaly, çyndanam ejiz we hor öküzdi. Birbada şowlulygyň miýesser edenine  begenip, meýdana çaltlyk bilen atylyp giren ýigit, her näçe seretse-de, öz gözlerine ynanmandyr. Bu gezek meýdana çykan öküziň şahy ýok eken. Şonda  gyzyň kakasy, bar umytlary puja çykan  ýigide  seredip:

— Hakyky mümkinçilik kynçylyklaryň içinde bolýandyr. Hiç haçan mümkinçiligiň  aňsat  gelýän ýoluny gözleme. Eger aňsat ýol gözleseň, durmuşda hemişe ýeňlişe sezewar bolarsyň, oglum-diýipdir.

Hekaýanyň many mazmunyndan şeýleräk netijä gelmek mümkin, hiç bir zada aňsatlyk bilen ýetip bolmaýar, şol sanda üstünlige-de. Şonuň üçin hem kynçylyklardan gorkman, öňe hereket etmegi dowam etmeli we diňe şonda biz öňde goýan maksatlarymyza ýetip bileris.

Beýik Biribar ynsany palçykdan ýaradanmyşyn. Adam  doly ynsanlyk keşbine gelenden soň, bir bölejik palçyk artykmaç galypdyr. Şonda Allatagalla:

— Men  saňa ýene  näme berip  bilerin, öz islegiňi  aýt –diýipdir. Şonda  ynsan:

— Bagt –diýip, jogap beripdir. Allatagalla hem   galan bölek palçygy ynsanyň eliniň aýasyna goýup : «Bagt seniň öz eliňde» — diýipdir.

Şeýlelikde, üstünlige we bagta ýetmeklik öz elimizde!

 

Bagtygül Ernazarowa

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag

kommunikasiýalary institutynyň talyby

Ýene-de okaň

Türk Devletleri Taşımacılık Dernekleri Birliği OTS-URTA kuruldu

Yapay Zeka: Mahtumkulu Firaki Harvard, Oxford, Cambridge düzeyinde eğitim almış

Türkmenistan’da “Made in Özbekistan” fuarı düzenlendi

Türkmenistan’da yeni Türkçe-Türkmence sözlük yayınlandı

EBRD, Türkmenistan’daki 87 projeye 333 milyon avrodan fazla yatırım yaptı

Türkmenistan ile Çin enerji sektöründe mutabakat anlaşması imzaladı