GENEL

Täze ýylyň ilkinji iş maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti 2020-nji ýylyň, ýagny “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda esasan hem, paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarda alnyp barylýan işlere hem-de guramaçylyk meselelerine garaldy.

 Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň we welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň etraplary we olaryň ikinji derejeli ýolbaşçylary wezipelere bellemek we wezipeden boşatmak babatda 34 guramaçylyk çözgütlerini kabul etdi.

Umuman, 2019-njy ýyl boýunça baha berlip, käbir welaýatlaryň etrap häkimleri wezipelerinden boşadyldy. 9 etrap häkimi wezipesinden boşadylyp, olaryň 8-si işden goýberen kemçilikleri üçin, biri bolsa başga işe geçýändigi üçin wezipesinden boşadyldy. Şol etraplara täze häkimler wezipä bellendi. Mundan başga-da Türkmenistanyň Prezidenti etrap häkimlikleriniň orunbasarlary boýunça hem guramaçylyk meselelerine seredip, täze ýolbaşçylary wezipelere belledi.

Aşgabat şäheri boýunça diňe Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine täze ýolbaşçy bellendi.

Şeýle hem sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Aşgabat şäherinde täze ýerasty ulag we pyýada geçelgesiniň gurluşygy barada habar berildi. S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda guruljak ýerasty ulag we pyýada geçelgesi üçin bäsleşik yglan ediler. Bu geçelgäni bellenilen wagtynda hem-de dünýädäki iň kämil gazanylanlar esasynda gurulmalydygy barada tabşyryklar berildi.

Iş maslahatynda oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabatlar diňlenildi. Häzirki wagtda güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça agrotehniki çäreler dowam edýär, şol sanda ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreşmek işleri alnyp barylýar. Ýazky ekiş üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Şular bilen birlikde, gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Ýene-de okaň

Türk Devletleri Taşımacılık Dernekleri Birliği OTS-URTA kuruldu

Yapay Zeka: Mahtumkulu Firaki Harvard, Oxford, Cambridge düzeyinde eğitim almış

Türkmenistan’da “Made in Özbekistan” fuarı düzenlendi

Türkmenistan’da yeni Türkçe-Türkmence sözlük yayınlandı

EBRD, Türkmenistan’daki 87 projeye 333 milyon avrodan fazla yatırım yaptı

Türkmenistan ile Çin enerji sektöründe mutabakat anlaşması imzaladı