GENEL

Täze Bir Dil Öwreneliñ

Dil öwrenmek ylym-bilim durmuşynda gaty derwaýys hasaplanýar. Bir dil öwrenmek ol dildäki ähli maglumatlaryň gapysynyň saňa açylmagy diýmekdir. Soňky wagtlarda ençeme intellektuallaryň biýografiýalary bilen ýakyndan tanyş boldum; aglabasy ylmy daşary ýurt dillerinde özleşdiripdirler. Bu bize dil öwrenmek babatda badalga bermeli..

Onsoñam bu añ saglygymyz üçinem gaty peýdaly, bu barada aşakdaky habar ünsümi çekdi.

Edinburgh Uniwersitetinde 2008-2010-njy  ýyllar arasynda geçirlen ylmy-barlag işiniň netijesine görä 2 ýa-da has köp dilde aragatnaşyk gurnap bilýän adamlaryň beýin aktiwligi ýeke dil bilýänleriňkä garaňda mese-mälim tapawutly bolup durýar. Bu barada “Annals of Neurology” atly Žurnalda gürrüň berilýär. 262 adama 11 ýaşynda geçirlen zehin testlerini 70 ýaşlarynda täzeden geçirmek arkaly gurnalan ylmy işde, iki dili seljerip bilýän adamlaryň aň we beýin ukyplarynyň has ýokarydygy anyklandy.

– ISLEMEK GEREK: Köpleriň dil öwrenmegi kursa gatnamakdan ybarat görmeklerine gynanýan; gatnamak nähili sowuk söz, barmak we gelmek işlerini öz için alýan bir söz we örän gury. Adamyň yhlasyny we bilesigelijiligini bu sözüň içine ýerleşdirip bolanok gynansagam.. Dil öwrenmek ilki islemek bilen başlanýar meň pikirimçe; kurs merkezleri ýa-da internetde aňsatlyk bilen tapyp bolýan wideo şekilli kurslar diňe isleýänlere kömek edip bilýärler. Hakyky manyda isleýän adam kursa gatnamasyz hem bir dili belli bir derejede özleşdirip biler; elbetde ýeterlik islegi bar bolsa..

– HAKYKATÇYL BOLUÑ: Köp adam öz öňünde dil öwrenmek babatda ýetip bolmajak ägirt maksatlar goýýarlar we bu olaryň sussunuň basylmagyna sebäp bolýar. Nemes dilmaçlaryndan Judith Matz şeýle maslahat berýär: “Täze bir dilde 50 sözi jemläň we olary gürrüňdeşlikleriňizde ulanmaga başlaň. Grammatikany mundan soň öwrenmek dogry”

– DILI ÝAŞAÝYŞ STILI HÖKMÜNDE KABUL EDIÑ: Elisabeth Buffrad iňlis dilini 27 ýyldan bäri öwrenip gelýär. Ol bu babatda şeýle diýýär: “Gaýratly bolmak bir öwrenijini beýlekilerden tapawutlandyrýan bir plýus. Dili hassa wagtyňyzam, ýadaw wagtyňyzam alyp baryp boljak bir güýmenje hökmünde kabul ediň.”

– ÖWRENÝÄN DILIÑIZI ÖÝDE OÝUNA ÖWÜRIÑ: Daşary ýurt diliňizi gündelik durmuşyňyzyň içine näçe çuň ornaşdyryp bilseňiz beýniňiz ol dili şonça ýokary ähmiýetde kabul eder. Ors terjimeçi Olga Dmitroçenkowa bu ýagdaýy şeýle beýan edýär: “Her mümkinçiligiňizi täze dile uýgunlaşdyryň. Meselem öýňüzdäki her abzallaryň üstüne täze dildäki atlaryny ýelmäp çykyň, ol dilde ýazylan çaga kitaplaryny okap çykyň.”

– TÄZE DOSTLAR TAPYÑ: Täze öwrenen diliňizde aragatnaşyk gurnamak gaty zerurdyr, sebäbi beýin täze sözleri ilki öz içinde terjime edip onsoň sözlemek arkaly işleýär. Täze öwrenýän diliňizi ene dili hökmünde ulanýan bir adam bilen aragatnaşyk gurnaňyzda bolsa adam gatnaşygy dilden has öňe çykýar we beýin öz üstündäki stresden azat bolýar, aňsat özleşdirýär. Töweregiňizden bir gürrüňdeş tapyň, ýa-da bir hat ýoldaşy agtaryň; italýan dilini öwrenip ýörkäňiz bir italýan bilen ýazyşmak size has üýtgeşik duýgulary başdan geçirtjekdir.

– ÝALÑYŞMAKDAN GORKMAÑ: Täze dil öwrenmekde iň esasy päsgelçilikleriň biri hem şuldyr. Emma gynansakda dil öwrenmegiň synanyşmakdan we ýene synanyşmakdan başga ýoly ýok; bu ýatda galyjylyk taýdan hem gaty peýdaly. Bu barada size bir habar ýetireýin..

McGill uniwersitetinde bir alymlar topary “diňlemek we synanyşmagyň beýin aktiwligine täsiri” barada ylmy-barlag iş geçirdi. Bu barada “Celebral Cortex” atly Žurnaldaky bir habarda aýdylýar. Ol ylmy işiň netijesine görä adamlar çalyp gören melodiýalaryny diňe diňläp gören melodiýalaryndan has oňat ýadynda saklaýarlar. Barlag işiniň ýolbaşçylaryndan Prof. Caroline Palmer, diňe diňlenen saza derek çalyp görlen sazyň ýa-da diňe diňläp görlen söze derek sesli aýdylyp görlen sözüň has oňat ýatda galýandygyny nygtaýar.

Geliň täze bir dil öwreneliň! Eger hakykatdanam islesek ähli päsgelçilikleri pursatlara we mümkinçiliklere öwrüp bileris.. Bu diňe biziň ýeterlik islege eýe bolmagymyza bagly, we ýaşyñ uly bolmagy ýa-da kiçi bolmagy hiç zady üýtgedenok..

 

Gadyr Nurýagdyýew

hünärmen

Kaynak : Atavatan Türkmenistan Haber Ajansı (ATHA)

Bizi Sosyal Medyadan Takip Edin!

 Resmi  Facebook Hesabımız için  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/    

Resmi Line Hesabımız

https://line.me/R/ti/p/%40atavatanjournal

Line İD : @atavatanjournal

 Resmi Twitter Hesabımız için

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hesabımız için :       

 https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

Ýene-de okaň

Türkmenistan Havayolları, 14 Temmuz’dan itibaren İncheon-Aşkabat-İstanbul seferlerine başlayacak

Türkmenistan’daki BM Konferansı için New York’ta basın toplantısı düzenlendi

Türkmenistan Üçüncü BM Denize Kıyısı Olmayan Gelişmekte Olan Ülkeler Konferansı’na ev sahipliği yapacak

Türkmenistan’dan Azerbaycan’a yapılan doğalgaz ithalatının hacmi belli oldu

Türkmenistan Ukrayna medyasının taraflı haberlerine itiraz bildirdi

Avrupa Birliği Türkmenistan’a İran konusunda insani yardım koridoru sağladığı için teşekkür etti