GENEL

Türkmenistanyň pomidorlary Russiýanyň we Ukrainanyň bazarynda

Türkmenistanda öndürilýän pomidorlar Russiýanyň hem-de Ukrainanyň bazarlarynda uly islegden peýdalanylýar. Russiýanyň Leningrad sebitiniň Iwangorod şäherindäki bazarlarynda türkmen pomidorlaryny görmek bolýar.

Bu şäheriň bazarlarynyň tekjelerini eýeläp oturan türkmen pomidorlary örän lezzetli hem-de hoşboý yslylygy bilen tapawutlanýandygy mälim edilýär. Pomidorlaryň bir kilogramy 160 rublden satylýar.

Mundan başga-da türkmen pomidorlary Ukrainanyň bazarynda öz ornuny tapdy. Bu ýurduň bazarlarynda “Aşgabadyň ýüregi” ady bilen satylýan pomidorlaryň bir kilogramy 59 griwnadan satylýar.

Türkmenistanda soňky ýyllarda ter miwe we bakja önümleriniň önümçiligine giň gerim berildi. Ýurduň dürli künjeklerinde gurlup, ulanmaga berlen ýyladyşhanalarda miwe we bakja önümleriniň köp mukdary öndürilýär. Olar içerki bazary kanagatlandyryp, şeýle hem daşary ýurt bazaryna ugradylýar. Türkmenistanyň ýerli bakja önümleri Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň bazarlarynda uly islegden peýdalanýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan’da 21 Mart’ta ağaçlandırma kampanyası gerçekleştirilecek

Türkmenistan’da Kadir Gecesi affı: 336 tutuklu vatandaş affedildi

Afganistan’da TAPI doğalgaz projesi için görüşme

Türkmenistan ile Türkiye Göç İdareleri işbirliği perspektiflerini görüştü

Türkmen halkının Milli Lideri, İran’ın yeni seçilen Dini Liderini kutladı

Belçika Devlet Bakanı Charles Michel ile Türkmenistan Büyükelçiliği’nde Görüşme