GENEL

Türkmensährada Oguz boýlarynyň hem ady bilen bagly obalar

“Ýeriň Sessiz dili” adyndaky seljermämize dowam edýäris. Suwar obasy bilen Örjenli obasynyň arasynda bary ýogy 1-2 km bar. Hem-de obanyň ilaty özlerini Oguzlaryň Gaýy boýundan gelendigini we tireleriniň adynyň Garnasdygyny aýdýarlar. Diýmek Leningrad(Sankt-Petersburg) arhiwindäki Oguz boýlary hakyndaky maglumatdaky Örjenli, Garnas,Suwarjyk  adynyň ýitip gitmändigini görmek mümkündir. Eger toponomika gowy öwrenilse, Göroglynyň hem Şeýdaýynyň aýdyşy ýaly Ökürjik bolmak ähtimaly bolaýsa,edebiýaty öwrenijilere ýol açylýar.Göroglynyň doglan ýerini tapmaga has ýakynlaşylýar. Göroglynyň türkmen nusgasynda gabat gelýän ýer atlarynyň hem saklanýar.Çandybiliň ýakynyndaky Keýik at (ASBAHU) diýen obanyň  adynyň at bilen bagly bolmagy hem ünsi çekýär.

Türk gadymy diliniň täzeden dikeldilmegine sebäp bolup biljek ýer ýurt atlary bar. Men bulardan mysal getirmekçi. Türkiýe türkçesinde  saklanyp galan  ” ÝASA” sözümiz (Kanun) giňden ulanylýar. Emma, ÝASA  ýa-da KANUN  çykaryjy Mejlise mongolçadan alyp GURULTAÝ diýýäris. Türkmensährada duş gelen iki oba ady ünsümi çekdi. Obalaryň biri birinden uzaklygy 150 km. Biri Hazar ýakasynda, beýlekisi  dag üstünde jeňňeliň içinde ýerleşen oba. Ikisiniň ady-da ÝASAGLYK. Manysy ýitip giden  bu obalaryň adynyň ýygnak,toplanma, mejlis, gurultaý  bolmagyny öňe sürsek Ýasaglykdan çykarylan kanun Ýasa bolýar.Diýmek , Türkiýe türkçesindäki Ýasa bilen Eýrandaky türkmençe Ýasaglyk ikisi birleşende biz geçmişimizdäki  dilimizi dikeltmäge mümkinçiligini tapyp Ýasaglyk –Gurultaý,Ýasa bolsa –Gurultaýdan çykan kanun manysyny berýär. Aslynda, manysyz ýer ady ýokdur,ýöne wagtyň geçmegi bilen arheizmleşen sözlerimiziň ulanyşdan galanlygy sebäpli düşnüksiz ýer ady bardyr. Munuň üçin , biz Horasandaky ýer ýurt atlary hakynda sözlük ýazan Ýakut ibn Abdullah  ar Rumi al Hamawiniň(1176-1229)  kitaby ” Mu jam al- buldan”, Merwde dogulan alym Abu Sa’d as Sam’aniniň ýazan ” Geneologik  atlaryň kitaby” diýen gadymy kitaplardan peýdalanyp biz elbetde hem taryhymyzy hem dilimizi dikeldip bileris. Sebäbi bu alymlaryň ikisi-de ” Türküň Altyn Asyrynda” ýaşap geçipdirler.

Eýranda türkmenleriň ýaşaýan ýeriniň toponomikasy has hem dykkat çekijidir. Türkmen dessanlarymyzda duş gelýän taryhy şahslaryň ady bilen bagly gelýän ýer atlaryda bardyr.

Gorkut ata eposynda duş gelýän Gara hoja(oba ady) Ýusup –Ahmet dessanyndaky Gözel şanyň ady bilen baglanşykly  ” Gözel şanyň ýurdy”, ýene-de şol dessandaky baş gahrymanlar Ýusup bilen Ahmediň ady bieln gabatlaşýan “‘Ýusup Ahmediň guýusy” ýaly ýer atlaryna-da duşmak mümkin. Tebigatyň owadanlygy bilen bagly oba atlaryda bar. Dumanly,Zaw,Tutly temek,Garaňky jeňňel,Ýyly çeşme,Güllidag,Arap-lälegün,Ýanbulak,Çynarly, Sowujak,Güneýli,Mazy ýaran,Dört mazy,Ýeke hoz,Gojamaz ,Aýderwiş.  Ýatda galyjy bir wakanyň bolup geçendigini aňladýan ýer atlaryda köp. Mysal üçin ,  iwanabad ( Ruslaryň Hazar ýaka türkmenleri bilen söwda baglanyşygyndan soňra türkmen obalaryna göü edip guran obalarynyň ady), Tatar ( Mohgollaryň zamanyndan ýa-da bir Tatar türküniň gelip ýaşamasyndan soňra goýulan oba ady) , Ýylky sürlen obasy ( Ýabany atlaryň alnyp gidilmesi ýa ogurlanmasy bilen bagly bolmagy mümkindir), Okçy ( 20 asyryň başynda Türkmenistandan ruslar bilen söweşden soň Eýrana gelen han Jüneýidiň Pehlewiler bilen ok atyşan obasy), Hywaly, Hywaçy, Araztagan ( 20 asyrda ruslar bieln söweşip gaýdan türkmenleriň soň gelip oturan obalarynyň ady. Olar Horezmden gelenleri üçin ýerli halk olary Hywaly diýip tanapdyrlar.

Umuman , Türkmensährada  Oguz boýlarynyň hem ady bilen bagly obalary bar. Bekdili, Kaýy,Baýat, Baýandyr, Çarykly,Kynyk  ýaly atlara duş gelinýär. Eýrandaky türk toponomikasyny doly öwrenmek üçin uly akademiki güýç gerek. Ýöne ” Toýdan-topukça” diýlişi ýaly soň döwürlerde işlenmeýän ylym bolan Toponomika az hem bolsa öz goşandymy goşmak üçin  Eýrandaky türkmenleriň ýaşaýan ýerinniň toponomikasy hakynda gysgaça sözlük ýazmaga girişdim. Başardygymdan  ” ÝERIÑ SESSIZ DILINI”  aňlamaga çalyşyp size ýetirmegi maksat edindim.

 

Ogulmaýa  Samizade

 

Ýene-de okaň

FIFA, Türkmenistan’da futbolun geliştirilmesine yönelik girişimleri destekliyor

Rogun HES: Dünyanın En Yüksek Barajından Daha Etkili Ne Olabilir?

Türkmenistan ile Romanya eğitim işbirliğini güçlendirecek

Türkmenistan ile Malezya enerji sektörü dışında işbirliğini güçlendirmeyi hedefliyor

Türkmenistan ile Malezya tarım alanında işbirliği fırsatlarını araştırıyor

2024 yılında Türkmenistan-Rusya ilişkileri