Bugün halk köpçüligine ýetirilen “BP Statistical Review of World Energy 2019” maglumatnamasyny seljermäne dowam edýäris. Geliň indi global gaz bazaryny gysgaça seljereýliň!
Maglumatnamada bellenişine görä, global subut edilen “mawy altyn” gory 196,9 trillion kub metre barabar. Bu görkeziji täze tebigy gaz gorlary subut edilmedik ýagdaýynda, şeýle hem häzirki önümçilik kuwwatlygy saklanyp galanda, subut edilen tebigy gaz gorlarynyň 51 ýyl soňra gutarjakdygyny görkezýär. Ýakyn taryha gysgaça ser salanymyzda, ýagny, 2008-nji ýylyň maglumatlaryna görä, şol döwürde global subut edilen tebigy gaz gory 170 trillion kub metre barabar bolupdyr. Ýagny, soňky 10 ýylyň dowamynda dünýä boýunça 34 trillion kubmetre barabar tebigy gazyň sarp edilendigini hasaba alanynda, soňky 10 ýylda goşmaça 60 trillion kubmetre barabar goşmaça tebigy gaz gorlary subut edilipdir. Başgaça aýdanymyzda, soňky 10 ýylyň dowamynda goşmaça subut edilen tebigy gaz gorlarynyň 17 göterimi Ata Watanymyz Türkmenistan tarapyndan subut edilipdir. Bu bolsa, Türkmenistanyň global tebigy gaz howpsuzlygyna uly goşandydyr.
Global subut edilen tebigy gaz gorlarynyň 58,4 göterimi, 4 ýurdyň çäginde, Russiýanyň, Eýranyň, Kataryň we Türkmenistanyň çäginde ýerleşýär. Bu ýurtlaryň subut edilen jemi tebigy gaz gorlary 115 trillion kubmetre barabardyr.
Häzirki önümçilik kuwwatlygy saklanyp galanda subut edilen gaz gorlarynyň gutarma möhleti boýunça Türkmenistan dünýä boýunça açyk aralyk birinji orunda durýar. Bu görkeziji global ortaça hasapdan 6 esseden hem ýokary derejä eýedir. Türkmenistanyň häzirki wagtda bar bolan tebigy gaz gor mümkinçiliklerini hasaba alanyňda, Türkmenistanyň global gaz gorlary boýunça ähmiýeti düşnikli bolýar.
Dr. Döwran Orazgylyjow
turkmenlawyer@turkmenlawyer.com