GENEL

Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

Bugün Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka — Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Geňeş agzalarynyň aýry-aýry okruglar boýunça saýlawlary geçirilýär.

Türkmenistan boýunça Mejlisiň deputatlarynyň üçüsi, halk maslahatlarynyň agzalarynyň 20-si we Geňeşleriň agzalarynyň 102-si saýlanylar. Şunuň bilen baglylykda, 125 saýlaw okrugy hem-de 222 saýlaw uçastogy hereket edýär.

Uçastok saýlaw toparlary 31-nji martda 7-den sagat 19-a çenli işläp başlady. Saýlawlaryň başlanjak senesinden ozal 10 günüň dowamynda haýsydyr bir sebäpler bilen şol gün ýaşaýan salgylaryndan başga ýerlerde bolýan Türkmenistanyň raýatlaryna möhletinden öň ses bermäge hukuk berilýär.

Ähli saýlaw okruglarynda bir orna 2 — 3 dalaşgär hödürlenildi. Ýurdumyzyň Demokratik partiýasy, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýasy hem-de raýatlar toparlary öz dalaşgärlerini hödürlediler.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Havayolları, Abu Dabi Sefer Sayısını Artırıyor

Türkmenistan Rusya Devlet Başkanı’nın rezidansına yönelik saldırıyı kınadı

Semicenk: Türkmen sahnesinde sahne almak çok keyifli

Çin, Türkmenistan Vatandaşları İçin İndirimli Vize Ücretlerini Uzattı

İlaç sektörü: Türkmenistan, Türkiye ve Özbekistan ile iş birliğini genişletiyor

Türkmenistan’ın Galkynyş Sahasında Yeni Dönem: CNPC 4. Aşamaya Başlıyor