GENEL

Türkmenistanda Dünýäniň Sekizinji Gudraty

Gülşirin Gowagy — Dünýäniň Sekizinji Gudraty. Bu makala ýaňy ýakynda Türkmenistan gazetinde çap edildi. Muhammet Amanmämmedowyň “Gülşirin Gowagy — Dünýäniň Sekizinji Gudraty” atly makalasyny Türkmenistan gazetiniň ýörite rugsaty bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň okyjylaryna ýetirýäris.

Paýtagtymyzdan ýurdumyzyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Köýtendaga çenli ýüzlerçe kilometr ýol aşmaly. Gülşirin gowagyna barmak, ony öwrenmek meniň öňden gelýän arzuwymdy. Ol ahyry hasyl boldy.

Daň tilkiguýruk bolanda, biolog Aman Gurbanowyň awtoulagynda Aşgabatdan çykdyk. Uzak ýol aşyp, agşam sagat 20-de Şanyýaz Meňliýewiň ýaşaýan ýerine — Bazardepä geldik. Öý eýesi bizi myhmansöýerlik bilen garşylady. Ertesi uzakly gün ýörişe taýýarlandyk.

Gadymy Gülşirin gowagy 1983-nji ýylda speologlar tarapyndan tötänlikde açyldy. Ol Garlyk şäherçesinden sekiz kilometr günortada ýerleşýär. Gowaga barmak üçin ilki kiçiräk kanýondan (derýa suwunyň emele getiren hanasy) geçmeli. Onuň girelgesi kiçi hem dar, diametri 50 santimetr çemesi. Gowaga girmek üçin dik aşak düşmeli, ol örän howply. Gowagyň birinji zalynda girelgäniň üstünde jaýrykly uly daş bölegi abanyp dur.

Gowagyň uzynlygy on kilometr töweregi. Onuň ýerasty dünýäsi biri-birine meňzemeýän sekiz sany zala bölünýär. Olar geň-enaýy gözelligi we eýeleýän meýdany bilen tapawutlanýar (käbir zallar futbol meýdançasy ýaly, beýikligi 5 metrden 30 metre çenli). Bir zaldan beýleki zala geçelgeler örän dar (50 santimetr töweregi). Käbir zallara alpinist ýüpleri bilen on metre golaý aşak düşmeli. Biziň egnimizde bolsa agyr ýükler bar. Howa çygly, ýylylyk aram, +18oÑ. Tümlük hem ümsümlik şalygy. Ösümligem ýok, janly-jandaram. Gowagyň içinde ýöremek kyn hem howply. Ýodalar sürçek, jaýryk daşlardan doly. Alymlaryň we speologlaryň pikirine görä, doly öwrenilmedik Gülşirin gowagy dünýädäki iň gözel we syrly gowaklaryň biridir.

Biziň düşlän esasy düşelgämizden gowaga çenli aralyk 30 kilometr. Onuň sekiz kilometri daga galýar. Sagat 8:45-de ähli ýükümiz we enjamlarymyz bilen dar jaýrykdan aşak düşüp ugradyk. 30 minutda birinji zala ýetdik. Aklyňy haýran edýän uly zal. Aýagymyzyň astynda tebigatyň öz döreden dürli ölçegdäki geometrik prizmalary (köpgyraňlyklary). Olaryň käbiri kitabyň ululygynda, käbiri uly çemodanlary (goşgaplary) ýatladýar. Şonuň üçinem bu zala «çemodan zal» diýilýär.

Indiki zala geçenimizde, biz dür dökülen deňiz düýbüne düşen ýaly bolduk. Depämizde mermer oniksden (agat mineralynyň bir görnüşi) ullakan ýürek görnüşli we geň-enaýy beýleki şekiller sallanyşyp durdy. Şonuň üçinem bu zala «ýürek zaly» diýilýän eken.

Biz zallaryň ertekilerdäki ýaly geň gözelliklerini wideoýazgy edenimizde, enjamlaryň reňkli şekilleri oňat hilli düşürmegi üçin dürli kuwwatlykly ýagtylandyryjylary gowagyň dürli ýerlerinde goýuşdyrdyk.

Geň zat, gowagyň içinde adam wagt duýgusyny ýitirýän eken.

Indiki zal «garly» diýlip atlandyrylýar. Bu ýerde ýokardan gaýdýan stalaktitler aşakda galýanlary bilen garyşyp gidýär. Olar dürli reňkdäki asma çyralary we haýwanlaryň şekilini ýatladýar.

Biz enjamlarymyzy, goşhaltalarymyzy ýygnaşdyrdyk. Alpinist abzallarynyň kömegi bilen ýene on metr aşak — indiki «bürgüt penjesi» diýilýän zala düşdük. Zal ak mermerden gurlan köşk ýalydy. Äpet ak stalaktitleriň biri bürgüdiň penjesine meňzeşdi.

Günortanlyk edinip, ýolumyzy dowam etdik. Dag jaýrygyndan indiki zala — «mermer oniksleriň zalyna» düşdük. Yşyklandyryjy enjamlary ýerli-ýerinde goýanymyzda, gözümiziň görýän zatlaryna ynanmadyk. Zalyň ortasynda, ýerden depesine çenli uly, dürli reňkli oniks durdy (beýikligi 20 metr çemesi bar). Gowagyň ýokarsy dürli öwüşginli mermer oniksler bilen örtülipdir. Olaryň arasynda dünýäniň köp ýurdunyň baýdaklarynyň reňkini, granitden edilen teatr tutularyny, köşkleriň bezeglerini we beýlekileri saýgaryp bolýardy.

Bu zalyň ajaýyplygynyň täsirinden çykmankak, indiki zala geçdik. Ol ýerde ak mermer oniksleriň geň şekilleri bizi has-da haýran etdi. Aşakda adamyň kentlewügine we dişine meňzeş dury oniksler ýatyrdy. Yşyklandyryjylary goýanymyzda, olar dürli reňkde öwşün atdy.

Biz ýolumyzy dowam etdik. Ýedinji we sekizinji zallar biri-birinden uzak däl eken. Indiki zal sosna tokaýlygyny ýatladýardy. Uly bolmadyk ýerde sosnanyň pürlerine meňzeş dürli ululykdaky kristal iňňeler ösüp otyrdy. Käbir iňňäniň beýikligi 50 santimetre ýetýärdi. Speologlaryň aýdyşyna görä, şeýle «pürli tokaýlar» dünýäde başga ýerde duş gelmeýär. Nobatdaky zal daş gurçuklardan — ýüpek gurçuklaryndan, guş höwürtgelerinden, möý kereplerinden doludy. Zalyň ortasynda beýikligi 1,5 metr bolan, açyk-goňur oniksden edilen, ýaňyja ýumurtgadan çykan çaga dinozawr otyrdy. Gowagyň ýokarsyndan ak bägüller we dürli geň-enaýy şekiller aslyşyp durdy.

Gören zatlarymyza haýran galyp, ýadawlygy-da duýmandyrys, wagtyň nähili geçeninem bilmändiris. Görüp otursak, biz arkamyz agyr ýükli 10-dan gowrak agyr hem çarkandakly ýerleri geçipdiris.

Ýolbeledimiz Şanyýaz wagtyň azalandygyny, gowakdan ýokary çykmalydygyny, soňra düşelgä dolanyp barmalydygyny duýdurdy. Gowagyň aklyňy haýran edýän gözellikleri bilen aýrylyşmak näçe kyn düşse-de, zatlarymyzy ýygnap, yzymyza dolanmaly bolduk. Gaýdyşyn hem aňsat düşmedi. Gowakdan çykanymyzda, agşam sagat 19 töweregidi. Biz gowakda on sagatdanam köp bolupdyrys.

Lap edip aýtdygym däl, Gülşirin gowagynyň täsin dünýäsiniň ajaýyp gözelliklerini wasp etmek üçin beýik ýazyjy-şahyrlaryň sözlerem, meşhur nakgaşlaryň reňklerem ejiz gelerdi. Bu gowak, hakykatdanam, «Jahanyň sekizinji gudraty».

«Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýlişi ýaly, Gülşirin gowagynyň gözelligini söz bilen beýan eder ýaly däl. Ýöne ol ýerde bir gezek bolan adam ýene-de göresi gelýär…

Gülşirin gowagyndan soňra, biz ýene dört günläp Köýtendagyň ajaýyp ýerlerinde — dinozawrlaryň tekizligi, Kyrkgyz deresi, unaby agaçlarynyň jeňňelligi, Daraýdere ýaly täsin ýerlerde bolduk. 2500 metr beýiklikdäki Aýrybaba belentligine çykdyk. Köýtendagyň gerşindäki endemik ösümlikleri, arça tokaýlaryny surata düşürdik, ýazgy etdik. Bu ýerleriň täsiriniň hersi aýratyn gürrüň…

Muhammet AMANMÄMMEDOW.

Aşgabat şäheri.

 

Ýene-de okaň

FIFA, Türkmenistan’da futbolun geliştirilmesine yönelik girişimleri destekliyor

Rogun HES: Dünyanın En Yüksek Barajından Daha Etkili Ne Olabilir?

Türkmenistan ile Romanya eğitim işbirliğini güçlendirecek

Türkmenistan ile Malezya enerji sektörü dışında işbirliğini güçlendirmeyi hedefliyor

Türkmenistan ile Malezya tarım alanında işbirliği fırsatlarını araştırıyor

2024 yılında Türkmenistan-Rusya ilişkileri