GENEL

Türkmenistan Aziýanyň Kubogynda

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy ikinji gezek Aziýanyň Kubogyny eýelemek ugrundaky halkara ýaryşa gatnaşýar. “F” toparçada çykyş edýän milli ýygyndymyzyň garşydaşlary Ýaponiýanyň, Özbegistanyň hem-de Omanyň ýygyndylary boldy.

Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda ýygyndymyzyň hatarynda çykyş etjek oýunçylaryň arasynda paýtagtymyzyň «Altyn Asyrynyň» oýunçylary agdyklyk edýär. Bu sanawda «Altyn Asyryň» 11 oýunçysyna orun tapylypdyr. Ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahal» 7 oýunçy bilen sanawa goşulypdyr. Sanawa goşulan oýunçylaryň biri Türkmenbaşynyň «Şagadamynda» çykyş edýär. 23 oýunçynyň 4-si bolsa daşary ýurtlaryň futbol çempionatlarynda (Özbegistan, Çehiýa, Gyrgyz Respublikasy, Indoneziýa) çykyş edýärler.

ÇEMPIONYÑ BAÝRAGY 5 MILLION DOLLAR

Aziýa Kubogyna ilkinji gezek 24 ýygyndy gatnaşyp, olar 6 toparçada çykyş ederler. Her toparçadan 2 ýygyndy hem-de 3-nji ýeri eýelänleriň iň gowy 4-si 2-nji tapgyrda oýnamaga hukuk gazanar. 17-nji gezek geçirilýän ýaryşyň beýleki aýratynlyklary-da kubogyň täzelenmegi hem-de baýrak gaznasynyň mukdarynyň köpeldilmegidir. Ýagny ýaryşyň umumy pul gaznasy 14,8 million dollara deň bolup, çempionlyk gazanan toparyň baýragy 5 million dollardyr. Finalçy 3, ýarym finalçylar 1 million dollar gazansa, gatnaşan her ýygynda 200 müň dollar berler.

Çempionatyň 2 sany nyşany (maskoty) bolup, olar Mansur atly arap oglanjygy bilen Jarrah atly arap laçyn guşudyr. Çempionatda ýaponlaryň meşhur “Molten” kompaniýasynyň “Molten Acentec” atly toplary ulanylar. Çempionat “Eurosport”, “beIN Sports”, “Fox Sports”, CCTV, “Varzish TV” ýaly teleýaýlymlar arkaly tomaşaçylara ýetiriler. 

4 hepdeläp dowam etjek çempionatda toparçalardaky duşuşyklar 17-nji ýanwarda tamamlanar. 20–21–22-nji ýanwarda 1/8 finalyň, 24-25-nji ýanwarda çärýek finalyň, 28-29-njy ýanwarda ýarym finalyň duşuşyklary, 1-nji fewralda-da paýtagt Abu Dabidäki “Zaýed Sports Siti” stadionynda-da final oýny oýnalar. Yklymyň iň uly futbol bäsleşigine Gyrgyz Respublikasynyň, Filippinleriň hem-de Ýemeniň ýygyndylary ilkinji gezek gatnaşýar.

TÜRKMENISTANYÑ MILLI ÝYGYNDYSY:

DERWEZEÇILER:

1. Mämmet Orazmuhammedow (“Altyn asyr”),

16. Batyr Babaýew (“Ahal”), 22. Nikita Gorbunow (“Şagadam”).

GORAGÇYLAR:

2. Zafar Babajanow (“Altyn asyr”), 3. Güýçmyrat Annagulyýew (“Ahal”),

4. Mekan Saparow (“Altyn asyr”), 5. Wezirgeldi Ylýasow (“Ahal”),

6. Gurbangeldi Batyrow (“Altyn asyr”), 12. Serdar Annaorazow (“Altyn asyr”).

ÝARYMGORAGÇYLAR:

7. Arslanmyrat Amanow (“Buhoro”, Özbegistan), 8. Ruslan Mingazow (“Pribram”, Çehiýa),

13. Merdan Gurbanow (“Ahal”), 14. Ilýa Tamurkin (“Alga”, Gyrgyz Res.), 18. Serdar Geldiýew (“Altyn asyr”), 19. Ahmet Ataýew (“Persela Lamongan”, Indoneziýa), 21. Resul Hojaýew (“Altyn asyr”).

HÜJÜMÇILER:

9. Wahyt Orazsähedow (“Altyn asyr”), 10. Süleýman Muhadow (“Ahal”), 11.Murat Ýakşiýew (“Altyn asyr”), 15. Mihail Titow (“Altyn asyr”),

17.Altymyrat Annadurdyýew (“Altyn asyr”), 20. Myrat Annaýew (“Ahal”).

Ýene-de okaň

Dr. Dovran Orazgylyjov: “Makul Sözlük — Silikon Vadisi’nden doğan bir proje”

Ata Watan Eserleri

Amangeldi Baygeldiyev: “Makul Sözlük, dostane ilişkilerde benzersiz bir ‘dil köprüsü’ işlevi görecektir”

İran, Türkmenistan ile Yük Tranzitini 20 Milyon Ton’a Çıkarmayı Hedefliyor

Türkmenistan’da Yeni Cam Ürünleri Üretim Tesisi Hizmete Açıldı

Eric Stewart: “Makul Sözlük ülkelerimiz arasındaki uzun vadeli işbirliğinin genişlemesine katkı sağlayacaktır”

S. Frederick Starr: Makul Sözlük, bir dil köprüsünün inşasına önemli bir katkı sağlayacaktır.

Ata Watan Eserleri