GENEL

«Türkmen sährasy – 2019» atly halkara awtosergisine gatnaşyjylara gutlag

Hormatly halkara sergilerine gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň we «Türkmen sährasy – 2019» atly halkara awtosergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Gojaman Hazaryň türkmen kenarynda – Türkmenbaşy şäherinde geçirilýän bu giň möçberli we many-mazmuny boýunça ägirt uly ähmiýete eýe bolan çäreler diňe bir Hazarýaka döwletlerinin däl, eýsem gyzyklanma bildirýän beýleki ýurtlaryň hem söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde bar bolan giň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdyrmakda uly orun eýeleýär. Türkmenistan «açyk gapylar» syýasatyny işjeň ýagdaýda durmuşa geçirmek bilen, Hazarýaka sebitindäki, şeýle hem dünýädäki hojalyk gatnaşyklaryny ynamly giňeldýär, bu bolsa, milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa we innowasiýa ýoly bilen ösdürilmegine itergi berýär.

Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň we «Türkmen sährasy – 2019» atly halkara awtosergisiniň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde guralmagynyň öz aýratyn many-mazmuny bardyr. Çünki, Hazar deňzi Ýewropanyň we Aziýanyň arasyndaky söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşip, gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmeginde örän wajyp orun eýeleýär. Beýik Ýüpek ýolunyň bolsa, diňe bir harytlaryň däl-de, eýsem, syýahatçylaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň, esasan hem, halklaryn arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty bolupdy.

Eziz adamlar!
Mähriban dostlar!

Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine doly goşulyşmak maksadyna eýermek bilen, okgunly ösýän döwletleriň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak, ýurdumyzy innowasion ýol bilen ösdürmek döwletimiziň daşary-ykdysady gatnaşyklar babatyndaky syýasatynyň özenini düzýär.

Dünýäde gazanylan iň soňky innowasion çözgütler bilen tanyşdyrjak bu sergilere gatnaşyjylar özlerinin taslamalaryny görkezerler. Bu bolsa, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemekde, täze hytmatdaşlygy ýola goýmakda, sebitdäki ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda we giňeltmekde uly mümkinçiliklere ýol açar.

Bu halkara sergileriniň ata Watanymyzyň, şeýle hem sebitdäki ýurtlaryň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny we söwda, ulag-üstaşyr, ykdysady, maýa goýum babatdaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde uly orun eýelejekdigine, şeýle hem Hazar sebitindäki ykdysady hyzmatdaşlygyň taryhynda ilkinji we möhiim ädim boljakdygyna berk ynanýaryn. Hazar denzi bolsa, elbetde, parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we rowaçlygyň deňzi bolar!

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň we «Türkmen sährasy – 2019» atly haikara awtosergisiniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Ýene-de okaň

Birol Güven: Türk dünyası ile ortak filmler üretme projemiz var

Uluslararası Korkut Ata Film Festivali Aşkabat’ta başladı

Irak, Türkmenistan ile diplomatik ilişkileri yoğunlaştırmayı ve daimi bir büyükelçi atamayı planlıyor

Türkmenistan ile Kırgızistan, Hazar Denizi üzerinden kargoya yönelik tercihli tarifeleri görüştü

BDT Yol İnşaatçıları Hükümetlerarası Konseyi’nin 48. toplantısı Aşkabat’ta yapılacak

Bakan: Türkmen gazının Azerbaycan topraklarından geçmesi mümkün