GENEL

“Türkmen Alabaýy” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

2019-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen Alabaýy” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, halkara hem-de ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplary  gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekow, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi S.M.Ahmadi, Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi O.Tabanýuhow, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sun Weýdun, ÝB-niň Türkmenistandaky Hyzmatdaşlyk edarasynyň Ýolbaşçysy L.Frebort, DMI-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory B.Zahyrow dagylar çykyş etdiler.   

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar özleriniň çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň bu özboluşly eseriniň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Türkmen Alabaýyna bagyşlanan bu eser bu tohumyň aýratynlyklary baradaky gyzykly maglumatlary, arheologiki barlaglarynyň maglumatlary hem-de etnografiki maglumatlary özünde jemleýändir.    

Kitapda Türkmen Alabaýynyň öwüşginli suratlary bilen birlikde asyrlaryň çuňlugyndan türkmen halkynyň ýakyn hemdemi hem-de goragçysy bolan bu arassa ganly tohum itleriniň ähmiýeti aýdyň görkezilendir. Türkmen Alabaýynyň türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy hem-de bu kitabyň nesilden-nesillere ýokary adamkärçilik sypatlarynyň terbiýelenmegine ýardam etjekdigi aýratyn bellenilip geçildi.  

Bu eser şeýle-de rus we iňlis dillerinde hem çap edilendir.

Ýene-de okaň

Aşkabat’ta, Türkmenistan’ın özel sektörünün başarısına adanan fuar açıldı

Türkmenistan Dışişleri Bakanı’nın Katar ziyareti

Aşkabat’ta ilk kez düzenlenecek Uluslararası Moda gösterisi Fashion TV’de yayınlanacak

“Bäherden” Seramik Ürünler Fabrikası Açıldı

AB Komiseri Jozef Sikela: Türkmenistan ile ortaklık güçlendiriliyor

Aşkabat’ta, Türkmenistan’da Uluslararası İngiliz Üniversitesi’nin kurulması görüşüldü