DÜNYA

Türkiýe Respublikasy 51,7 million syýahatçy kabul etdi

2019-njy ýyl boýunça Türkiýe Respublikasy 51,7 million daşary ýurtly syýahatçy kabul etdi.  Daşary ýurtly syýahatçylarynyň agramly bölegini rus jahankeşdeleri eýeledi. Geçen ýyl 7 million 17 müň rus raýaty Türkiýede myhman boldy.

Şeýle hem Türkiýäniň 2019-njy ýylda syýahatçylyk pudagyndan gazanan girdejisi 17 göterim artyp, 34,5 milliard dollara deň boldy. Syýahatçylaryň jan başyna sarp eden çykdajysy 666 dollar boldy.

Ýokarda hem bellenilip geçilişi ýaly, iň köp jahankeşde Russiýadan geldi. Soňra degişlilikde Germaniýa 5 million 27 müň, Bolgariýa 2 million 713 müň 2-nji we 3-nji orunlary eýeledi. Şeýle hem 4-nji we 5-nji orunlary Angliýanyň we Eýranyň syýahatçylary eýeledi.

2019-njy ýyl boýunça iň köp syýahat edilen ýer Stambul şäheri boldy. bu ýere 14 million 906 müň syýahatçy geldi. Türkiýäniň dünýä belli Antalýa şäheri bolsa 14 million 650 müň jahankeşde kabul etdi.

Ýene-de okaň

Orta Asya ve AB ülkeleri dışişleri bakan yardımcılarının toplantısı yapıldı

Büyükelçi Demirok: Türkmenistan gazı 1 Mart’tan itibaren Türkiye’ye gelecek

Ata Watan Eserleri

Dünyanın En İyi Türk Üniversiteleri: Türkmenistan’da Diploması Tanınanlar

Ata Watan Eserleri

Kazakistan Cumhurbaşkanı, Türkmenistan Dışişleri Bakanı ile Görüştü

Türkmenistan, Japonya ile İş Birliğini Genişletmeye Hazır

Türkmenistan ve Japonya İş Birliğini Güçlendirmeye Devam Ediyor