DÜNYA

Tbiliside “Türkmenistan – Beýik Ýüpek Ýolunyň Ýüregi” atly Maslahat geçirildi

2018-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasy bilen bilelikde “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly maslahaty geçirdi.

Agzalan maslahata, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň  ýolbaşçylary we alymlary, daşary ýurtlaryň Gruziýada işleýän diplomatlary, Tbilisi şäheriniň ýokary okuw mekdepleriniň professordyr mugalymlary we talyp ýaşlary hem-de ýurtdaky köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Prezidenti G.Kwesitadze, Gruziýanyň at gazanan Žurnalisty B.Naçkebiýa, I.Jawahaşwili adyndaky Tbilisi döwlet unwersitetiniň professory L.Metreweli Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Muratow we beýlekiler çykyş etdiler.

Maslahatda çykyş edenler, 2018-nji ýyla Türkmenistanda “Türkmenistan-Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip at berilendigini, Türkmenistan taryhy Ýüpek ýoluny XXI asyrda ösen dünýäniň talaplaryna laýyk ykdysady ýol derejesinde dikeldýär diýip giňişleýin bellediler.

Munyň aýdyň mysaly hökmünde, 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Mary welaýatynda hem-de Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna badalga berilmegi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat-Turgundy demir ýoluny ulanmaga berilmegi barada bellenildi. 

Şu ýylyň 2-nji maýynda açylyp ulanylmaga berlen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty barada aýtmak bilen, häzirki wagtda Türkmenstanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de Türkmenistanyň oňyn daşary syýasaty netijesinde sebitiň örän möhüm ulag merkezine, iri halkara logistika çatrygyna öwrülýär.

Munuň üçin halkara ülňülere kybap gelýän ulag düzümi döredilýär, ýokary tizlikli awtomobil ýollar, halkara demir ýollar, menziller, howa menzilleri gurulýar, häzirki zaman gämileri satyn alynýar, demir ýol we awtomobil köprüleri bina edilýär, olar diňe bir ýurdumyzyň sebitlerini däl-de, goňşy döwletleri we sebitleri birleşdirýändigi barada nygtaldy.

Şeýle hem maslahatda, oňa işjeň gatnaşanlara  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby sowgat berildi we Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten belent sepgitleri barada gürrüň berýän wideo şekiller görkezildi.

Ýene-de okaň

ALSA Tarafından Başarıyla Düzenlenen Etkinlik: LL.M. Kariyerleri ve J.D. Geçiş Paneli Büyük İlgi Gördü

Ata Watan Eserleri

Kaliforniya Üniversitesi’nde Türkmen şarkısı “Sana Geldim” yankılandı.

Ata Watan Eserleri

San Francisco’da İlk Kez Düzenlenen Türk Festivali’nde Türkmenistan Tanıtılacak

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da 2 Milyar Dolarlık Yüksek Hızlı Karayolu İnşaatı Başlıyor

Türki Devletleri Teşkilatı Enerji Bakanları Toplantısı Bişkek’te Gerçekleştirildi

Serhetabat-Herat Gaz Boru Hattı 2 Yıl İçinde Tamamlanacak