DÜNYA

Syýahatçylykda çalt depginde ösýän ýurtlar

Syýahatçylyk pudagynyň çalt depginlerde ösýän ýurtlaryň sanawy taýýarlandy. Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň taýýarlan sanawynda birinjiligi Mýanma (40,2 göterim) eýeledi. Ikinji we üçünji orunlar degişlilikde Puerto-Riko (31,2%) we Eýrana (27,9%) degişli boldy.

Özbegistan bu sanawda 4-nji orny eýeledi. Mundan başga-da, Çernogoriýa (21,4%), Müsür (21,1%), Wýetnam (16,2%), Filippinler (15,1%), Maldiwler (14,9%), Bagam adalary (14,6%), Katar (14,5%), Ermenistan (14,4%), Günorta Koreýa (14,4%), Türkiýe (14%), Bosniýa We Gersogowiniýa (13,7%), Tunis (13,6%), Laos (11,5%), Azerbaýjan (11,4%), Ysraýyl (10,5%), Litwa (10,1%) we Gazagystan (10%) sanawa goşuldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň maglumatyna görä, geçen ýyl halkara jahankeşdeleriň sany 1,5 milliarddan gowrak boldy. Şol döwürde iň köp syýahatçy Fransiýa geldi. Bu ýurt 90 million syýahatçy kabul etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan’ın EXPO 2025 Pavilyonu: Kültür ile Teknolojinin Buluşma Noktası

Türkmenistan’ın EXPO 2025’teki Milli Günü Görkemli Şekilde Kutlandı.

İran Büyükelçisi: İran, Türkmenistan’ın Uluslararası Barış Girişimlerini Destekliyor

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da 18 yaş altı kişilerin pamuk işinde çalışmasına yönelik hukuki kısıtlama güçlendirildi

Ata Watan Eserleri

Orta Asya ve AB ülkeleri dışişleri bakan yardımcılarının toplantısı yapıldı

Büyükelçi Demirok: Türkmenistan gazı 1 Mart’tan itibaren Türkiye’ye gelecek

Ata Watan Eserleri