GENEL

Stambuldaky Futbol bäsleşigine çakylyk

Ýurdumyzda  däp bolşy ýaly her ýylyñ 5-nji apreli  5-nji maýy aralygynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn-durmuş medeni çäreleriň bir aýlygy geçirilýär. Şeýle çäreler ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatiki edaralarynda hem yzygiderli geçirilip dur.  

“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn-durmuş medeni çäreleriň bir aýlygy mynasybetli, Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygy  tarapyndan Stambul şäherinde ýerleşen ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň arasynda sportyñ futbol görnüşi boýunça bäsleşik gurnalýar.

Futbol bäsleşigi 2018-nji ýylyň 22-nji aprelinde sagat 10:00 da başlanar.

Futbol bäsleşiginiň geçiriljek ýeri: Mollahüsrev Mahallesi. Manav Sokak. No:7 Vefa Fatih / İstanbul  (İstanbul Stambul Uniwersitetiniň Deňiz bilimleri we dolandyryşy institutynyň howlusyndaky sport meýdançasy) (BEYAZIT).

Habarlaşmak Üçin:

Seýit Haknazarow: 0536 448 4478

Azat Jepbarov: 0554 6918775

Ýene-de okaň

Rus Dışişleri Bakanlığı Türkmen Büyükelçisine yeni görevinde başarılar diledi

Yabancı Havayolu şirketleri Türkmenistan üzerinden transit uçuşlarını artırıyor

Türkmenistan’da 21 Mart’ta ağaçlandırma kampanyası gerçekleştirilecek

Türkmenistan’da Kadir Gecesi affı: 336 tutuklu vatandaş affedildi

Afganistan’da TAPI doğalgaz projesi için görüşme

Türkmenistan ile Türkiye Göç İdareleri işbirliği perspektiflerini görüştü