GENEL

Sowal

Bulutlardan püre-pürläp gözlermi,
Gözlegmi gözleýän daman damjadan.
Ýüregim saz çalýar onuň urgusy,
Çykýan ýaly gamçydan…
Gursagymda göterenim ezýet däl,
Ertirki bagtyma bagly umydym.
Bir ejeme aýan bolýar uzakdan,
Ýöräp gelşim çägäň ýüzüne ýazyp,
38 belgi köwşümiň yzyn.
Gumsagadym dänesini dagadyp,
Barýar meni bir ýerlere itekläp.
Özi düzen ýaly ömrüň özenni,
Käte öz-özümden gorkýan şeýlebir.
…Sizemmi?!

***

Bedeniň gagşapdyr, gowşapdyr salyň.
Kimiň derdi seni garratdy beýle?
Hat-da meňkiçe-de ýok ýaly halyň,
Içini dökdümi nalyşly bende?
Senem syr saýdyňmy aýdanlaryny,
Göwünlik berdiňmi salkyn saýaňda?
Howurly ýüregiň oduna ýanyp,
Indem saklap otyrsyňmy aýaňda
Sary saman ýaly ýapraklaryňy
Içine sygmadyk derdin üflände
Gussa boýadyňmy öz ykbalyňy?
Başyňy yraýaň, ýüzüňem az-kem
Hälkije bolşuňdan durlanan ýaly
Men dözmedim seniň agyr halyňa,
Hat-da bedeniňem dyrnalan ýaly…

Gülnar Geldimyradowa

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan ile Azerbaycan ortak hükümetlerarası komisyon toplantısı yapıldı

Osaka’daki EXPO 2025’te Türkmenistan pavyonu 1 milyon ziyaretçi çekti

Türkmenistan’da aff: 247 tutuklu serbest kalacak

Türkmenistan Ticaret ve Dış Ekonomik İlişkiler Bakanı’nın Hindistan ziyareti

Türkmenistan Halk Maslahatı Başkanı Özbekistan Devlet Başkanı’nın doğum gününü tebrik etti

Türkmenistan ile San Marino Dışişleri Bakanları telefonda görüştü