GENEL

Aýdymçy şahyr Allaýar Çüriýew : Gel, obamyň lälesi

Aýdymçy şahyr Allaýar Çüriýew bilen söhbetdeşlik etmegi ýüregime düwenimde ilki bilen şahyryň döredijiligi hakynda içgin öwrenmegi maksat edinip, ençeme maglumatlary elden geçirdim. Şonda TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Çary Kulyýewiň aşakdaky setirleri mende has uly täsir galdyrdy.

«…Allaýar aganyň terjimehaly hakda maglumatlara seredip oturşyma, ýene bir zada üns berdim. Allaýar aga Magtymguly etrabynyň Magtymguly adyndaky sowhozynda doglup, önüp-ösüp, Magtymguly adyndaky uniwersitetde bilim alyp, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda-da işläp, gözel paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunda ýaşaýar. Bu bäşlik tötänlikmi ýa-da…» — diýip, ýazýar.

Hakykatdan-da seredip otursaň, Çary aga aýdymçy şahyr barada örän çuň we paýhasly pikirlenmegi başarypdyr. Allaýar Çüriýewiň döreden aýdymlary Çary Kulyýewde uly täsir galdyrmadyk bolsa, ol hakynda beýle giň gerimli pikirlenip bilmezdi diýip, belläp geçsek hakykatdan daş düşmeris. Aslynda şahyryň döredýän şygyrlaryna säheriň sergin şemaly ýaly ýakymlylyk, aýratyn heň mahsus. Onuň döreden şygyrlary ýurdumyzyň görnükli kompozitorlaryny, aýdymçylaryny aýdym döretmäge itergi berdi. Şahyryň «Prezidentiň ýüregi», «Sen aýdymyň aşygy», «Damjalar», «Läläm gideliň bäri», «Türkmen gyzlary», «Watan», «Watan çagyrýar», «Sensiz», «Gyz ýüregi»… ýaly ençeme goşgulary aýdyma öwrüldi.

Allaýar Çüriýew «Çynar», «Bereket», «Seniň söýdük gara gözleň», «Galkynan göwün»…  ýaly goşgular ýygyndysy, «Ýürek ýatlamasy», «Ýüregiň emri bilen», «Ömür kyssasy», «Bir soragyň ýigrimi ýyllyk sütemi» atly  taryhy-publisistik oçerkleri özünde jemleýän kitaplaryň awtorydyr.  Biz aýdymçy şahyr Allaýar Çüriýew  bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin söhbetdeş bolduk.

Allaýar aga, söhbetimiziň başyny ilkinji aýdymyňyz, ýagny «Gel, obamyň lälesi» barada durup geçsek has ýerlikli bolar.

— Men ol wagtlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okaýardym. Ikinji ýyllaryň talybydym. Şol döwürlerde Mämi Çaryýewiň, Döwletgeldi Ökdirowyň, Annaberdi Atdanowyň, Öwezgeldi Tekäýewiň aýdýan aýdymlary höwes bilen diňlenerdi. Ýaş kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döreden aýdymlary hem ýaşlaryň höwes bilen diňleýän aýdymlarydy. Günleriň birinde menem oba gyzlaryny taryp edip, bir goşgy ýazdym. Hydyr diýip, bile okaýan ýoldaşym bardy, täze goşgymy ilki oňa okap berdim. Olar Baýramdurdy Hudaýnazarow bilen goňşy bolup ýaşaýar ekenler. Meniň goşgym onuň göwnüne ýarandyr-da, ýazyp bermegimi haýyş etdi. Oňa ýazyp berdim. Ol eltip, goňşulary Baýramdurdy Hudaýnazarowa görkezipdir. Aradan kän wagt geçmänkä, bir gün ol ýanyma geldi-de: «Buşluk, goşgyň aýdym bolupdyr» diýdi. Meniň şol wagtky begenjimi söz bilen beýan eder ýaly däl. Kellämde «Goşgumy Baýramdurdy aýdym eden bolsa, ol hökman şowly aýdym bolar. Bada-bat ýaýrap gider» diýen pikir bardy. Baýramdurdy bilen tanyşdyk. Goşgunyň öňki ady «Sumbaryň lälesidi». Ony «Gel, obamyň lälesi» diýip düzedipdir. Ol: «Aýdymymyzy Sumbar diýip çäklendirmäli, bu aýdymy aýdan her bir ýaş juwan ony öz obasynyň lälesine bagyşlanan aýdym diýip düşünsin» diýip aýtdy. Men onuň bilen ylalaşdym. Baýramdurdynyň şol düzedişlerini men henize – bu güne çenli saklap ýörin. Ol aýdym dogrudanam, şowly çykdy. Ony ilkinji ýerine ýetiren Myrat Sadykow boldy. Ol 1969-njy ýylda Bolgariýanyň paýtagty Sofiýada geçirilen ýaşlaryň we talyplaryň Bütindünýä festiwalynda bu aýdymy aýdyp, ýörite diploma eýe bolupdy. Bu aýdymy soň Annaberdi Atdanow, Aýdogdy Gurbanow we başga-da birnäçe aýdymçylar ýerine ýetirdiler. Ondan soň Baýramdurdy Hudaýnazarow bilen başga-da birnäçe aýdym ýazdyk.

 

Diýmek «Gel, obamyň lälesi» aýdymynyň döränine ýarym asyrdan gowrak wagt geçipdir. Halypa şahyrlardan bu aýdyma öz teswirini beren barmy?

— Hawa. Söhbetimiziň dowamynda halypalary hem ýatlap geçmek örän ýerlikli bolar. Görnükli şahyr Gurbannazar Ezizow bu aýdym barada «Berekella, Allaýar. «Ýüregimde  ýalyn lowlar» diýen setiriňi ajaýyp tapypsyň, molodes, şunyňy gaty oňarypsyň, köpräk şular ýaly setirler bilen goşgy ýazsaň, abraý taparsyň!» — diýip, aýdypdy. Şahyr Gurbannazar Ezizowdan ýaş wagtyň beýle teswir almak biz üçin bagtdy. Şahyr şol sözlerini aýdanynda hakykatdanam öz döreden eserimiziň ýerine düşendigine göz ýetirdim. Şol döwürler başga-da birnäçe halypa ýazyjy-şahyrlar berekellamy ýetiripdi. Ussatlaryň aýdan sözleri, beren maslahatlary meni döredijilik ýolunda has hem kämilleşmegime iterdi.

Allaýar aga, «Deňiz guşum» aýdymy hem köpçülik tarapyndan uly höwes bilen diňlenilýän aýdymlaryň hatarynda tanalýar. Söhbetimizi bu aýdymyň döreýşi bile bagly wakalar bilen dowam edäýsek.

— Baş üstüne. Höwes bilen. Özboluşly bagşy Döwletgeldi Ökdirow birnäçe aýdym hem döretdi. Biz onuň bilen obadaş. Ol belent adamkärçilikli, zehinli kompozitordy. Ol ömrüniň ahyrynda agyr keselledi. Bir gezek ony soramaga baranymda, ol şeýle diýdi:

«Oglanlar göwnümiň näme isleýänini soraýarlar. «Tapyp bereli» diýýärler. Men olardan hoşal» diýip ýylgyrdy. Näçe gynansak-da, şondan kän wagt geçmänkä, şol kesel sebäpli dünýäsini täzeledi. Aradan birnäçe wagt geçenden soň bir gün öýümize onuň inisi, alym mugallym Alyhan geldi. Eli dutarly. Ol Döwletgeldiniň heniz diňleýjilere ýetirilmän galan sazlarynyň bardygyny nygtap, bir sazynyň goşgusyny «Allaýar ýazsyn» diýip tabşyrandygyny aýtdy. Alyhan şol sazy çalyp berdi. Saz özboluşlydy. Alyhan bu sazy Döwletgeldiniň deňiz guşy bilen baglanyşdyrandygyny aýtdy. Biz bu aýdymyň goşgusynyň nähili bolmalydygy hakda pikir alyşdyk. Soň pikirimi jemläp, kagyz-galam alyp, goşgyny ýazmaga oturdym.

 

Deňiz guşum, deňiz guşum,

                                             Aýt, nireden geldiň çöle?

                                            Azaşdyňmy, çarlak guşum,

                                            Ýör, gideýli biziň ile.

Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew «Deňiz guşum» aýdymy bilen baglanşykly eseriň üstünde işläpdir. Bu esere onuň yhlasy siňipdir. 2008-nji ýylda Saragt Babaýewiň 60 ýaşy mynasybetli ýubileý sergisi geçirildi. Şol sergide heýkeltaraşyň ýüzlerçe  eserleriniň arasynda «Deňiz guşum» atly işi mynasyp orun tutupdyr. Muňa men diýseň begenipdir. Eserde Döwletgeldi Ökdirowyň eli dutarly düşekde ýatyr, onuň başujunda bolsa, ömrüniň soňky pursatyny aňladýan ýas şekili bar. Bagşynyň ýanynda oturan kagyz-galamly şahyr bolsa bagşynyň aýagujuna gonan täsin guşa ünsli seredip otyr. Suratkeş eserinde bu aýdymyň kompozitoryny, sözlerini döreden şahyry, aýdymyň baş gahrymany – deňiz guşy çeper janlandyryp bilipdir.

Halypa, döreden aýdymlaryňyzyň içinde birini saýlamaly bolan ýagdaýynda, bijebaşy haýsy aýdym bolar.

— Elbetde ilkinji döreden aýdymym «Gel, obamyň lälesi» bolar. Çünki bu aýdym ýüreklerden-ýürege siňip giden mukamlaryň birine öwrüldi. Onsoňam haçan-da şol aýdymy diňlänimde ýaşlygyma täzeden dolanýan.

Aýdymlary ýerine ýetirýän aýdymçynyň ady ýatda galyjy  bolsa-da awtoryň ady kän bir belli bolmaýar. Ýürege siňen aýdymlaryň awtory edil diňleýjiň özi ýaly bolup görünýär. Çünki ony käteler özleri hem edil şol heň-de sözleri ýalňyşsyz ýerine ýetirýärler. Siz hem şunuň ýaly pursatlara gabat gelip gören bolsaňyz gerek.

— Elbetde, bu pursada kän gabat gelip gördüm. Ýöne döredijilik ulgamynda işleýän adam her bir eserini halk üçin döredýär. Onuň döreden eseri ýekeje adamyň kalbynyň töründe orun alsa, oňa ýetesi zat ýok. Eger-de ýazylan eserler hakykatdanam okyja täsir eden bolsa döredijilik adamynyň zähmeti hakykatdanam ýerine düşdügi bolar. Kärdeşim bir ýatlama makalasynda şeýle ýazypdyr:

— Deň-duşlarymyzyň «Gel, obamyň lälesini» hiňlenmedigi ýokdur. Şol wagtlar aýdymyň awtory bardyram öýden dälsiň. Aýdymy döredenem, sazyny ýazanam, ýeke-täk ýerine ýetirýänem özüň ýalysyň. Sebäbi seniňem şol gyzy günde bir görmeseň ýüregiň lowlap dur. Senem uzakdan-ýakyndan şol gözele juwan kalbyňy açasyň gelýär. «Obamyň lälesindäki» gyz seniň läläň, seniň obanyň lälesi. Başga obada beýle läle bolup bilerem öýden dälsiň. Aýdymy sen döretdiň. Indem ýürekdenem hiňlenýärsiň. Ine, şeýlelikde, awtoryň özi ýatdan çykýar. Ol bardyr, bolmalydyram öýdeňok. Diýmek, aýdymyň ýürege, durmuşa ýakynlygy onuň awtoryny unutdyrýar — diýip, belläp geçýär.

Şahyr hakynda gysgaça  maglumat

Allaýar Çüriýew 1949-njy ýylyň 15-nji iýulynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda doglan. Ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini 1971-nji ýylda tamamlan.  Allaýar Çüriýewiň «Çynar», «Alty aýdym», «Zeminiň owazy», «Parahatlyk ýalkymy», «Seniň söýdük gara gözleň», «Galkynan göwün», «Alty aýdym»… ýaly goşgular ýygyndylary, «Ýürek ýatlamasy», «Ýüregiň emri bilen», «Ömür kyssasy», «Bir soragyň ýigrimi ýyllyk sütemi«… ýaly taryhy-publisistik oçerkleriň ýygyndylary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanan kitaplardyr. Ol häzir TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda uly ylmy işgär bolup zähmet çekýär.

Söhbetdeş bolan Çaryguly HANJAÝEW,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Ähli söhbetdeşliklerimizi okamak üçin :

Türkmenistanyň at gazanan artisti Zylyha Kakaýewa bilen söhbetdeşlik

Türkmen Star :Zylyha Kakayeva ile reportaj

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kakageldi Seýitmuhammedow bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýew bilen söhbetdeşlik

Türkmen Sanatçısı Çınara ile reportaj

Türkmen aýdymçysy Çynara bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti  Hakberdi Hudaýberdiýew bilen söhbetdeşlik

Režissýor Öwezmämmet Galandarow bilen söhbetdeşlik 

Ýaş zehinli kompozitor Begenç Hojaýew bilen söhbetdeşlik

Aýdymçy Tirkiş Amangeldiýew bilen söhbetdeşlik

Zehinli  aýdymçy Gözel Öwezowa bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti Toýguly Jepbarow bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti Altyn Goşaýewa bilen söhbetdeşlik

 

 

Ýene-de okaň

FIFA, Türkmenistan’da futbolun geliştirilmesine yönelik girişimleri destekliyor

Rogun HES: Dünyanın En Yüksek Barajından Daha Etkili Ne Olabilir?

Türkmenistan ile Romanya eğitim işbirliğini güçlendirecek

Türkmenistan ile Malezya enerji sektörü dışında işbirliğini güçlendirmeyi hedefliyor

Türkmenistan ile Malezya tarım alanında işbirliği fırsatlarını araştırıyor

2024 yılında Türkmenistan-Rusya ilişkileri