GENEL

Şokoladyň ýene bir peýdasy

Alymlar şokoladyň gan basyşyny kadalaşdyrmakda peýdasynyň bardygyny aýdýarlar. Biz bolsa bu barada «hotgeo.ru» saýtyna salgylanyp habar berýäris. Mälim bolşy ýaly, süýjülik gan damarlaryny giňeldýär.

Ýakynda geçirilen tejribe kakaonyň ýüregiň işleýşine täsiriniň bardygyny görkezdi. Şeýle hem kakao gan damarlarynyň giňemegine ýardam edip, ýokary gan basyşynyň öňüni alýar.

Synag 18 ― 27 ýaş aralygyndaky sagdyn adamlaryň 30-synda geçirildi. Oňa gatnaşan meýletinler iki topara bölündiler. Synagyň dowamynda olara her gün 20 gram şokolad berildi. Käbir şokoladlaryň düzüminde bolsa 55 göterime çenli kakao bardy.

Şeýlelikde, yzygiderli şokolad berlen toparlaryň gan damarlarynda özgerişleriň bardygy anyklanyldy. Emma düzümindäki kakaonyň mukdary has köp bolan şokoladlardan iýenlerde bu özgerişlik has aýan duýuldy.

Alymlaryň aýtmagyna görä, munuň esasy sebäbi flawohoidler, ýagny, gan damarlarynyň giňemegine sebäp bolýan maddalardyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistan ekonomisi 2026 yılının ilk çeyreğinde 6,3 oranda büyüdü

Türkmenistan’da rektör atamaları

Türkmenistan Enerji Bakanı Kazan Uluslararası Elektrik Enerjisi Forumu’na katıldı

Ataguliyev: Türkmenistan ulaşım koridorlarının geliştirilmesine özel önem veriyor

Türkmenistan Azerbaycan’a teşekkür etti

Türkmenistan ile Tunus Dışişleri Bakanları telefonda görüştü