GENEL

Siz Haýsy Ölçeg Çärýeginde : “Baý Ata-Garyp Ata”

Geçen ýylyň ahyrynda okan kitaplarymyz barada gysgaça seljerme ýazyp başlapdyk we häzire çenli bary ýogy  2 sany kitap seljermesini saýtymyza ýerleşdirip bildik. Diýmek okan kitaplarymyzda “köp kitap okamak” maslahatyny belli bir derejede ýerine ýetiren hem bolsak, soňky 8 aýyň dowamynda okan onlarça kitabymyzy seljermek işinde “ýaltaçylyk” edipdiris!

Ilkinji seljermämiz “Facebook ýa-da Mark Zuckerberg” ady bilen saýtymyza goýuldy we bu seljerme Facebook kompaniýasynyň esaslandyryjysynyň durmuş ýoly barada ýazylypdy. Ikinji seljermämiz bolsa “Bill Gates barada “Microsoft Word bilen ýazmak” ady bilen köpçülige ýetirildi.

Biznes ugruna degişli kitaplar okaýanlaryň köpsi Robert Kiýosakiniň “Baý Ata-Garyp Ata” kitabyndan habardar bolsa gerek. Dünýäde meşhurlyga eýe bolan agzalan  kitaby okamak isleýän okyjylarym, kitabyň Türkçe nusgasyny Makul Kitap tekjesinden tölegsiz şertlerde wagtlaýyn alyp biler!

Bu gün biz  şol kitabyň dowamy ýa-da ikinji tomy diýip boljak başga bir kitapdan- Nagt Akymy: Ölçeg çärýegi (Baý Atanyň maliýe azatlygy boýunça gollanmasy) atly kitaby barada gysgaça durup geçmek isleýäris. ( The  Cashflow Quadrant, Robert T. Kiyosaki). Bu kitap hem Makul kitap tekjesinde  №71-B21 belgi bilen hasaba alnandyr we Siziň okamagyňyza garaşýandygyny bellemek isleýäris!

Awtor (Robert Kiýosaki) kitabynda şahsyň maliýe ýagdaýyny umuman 4 bölege-çäýrege aýyrýar we bu bölünşige Nagt akymy ölçeg çärýegi adyny berýär.

Awtoryň pikirine görä, hemmämiz “nagt akymy” ölçeg çärýeginiň iň azyndan birine girýäris. Ol çärýekler: işgär(I), proffesional hyzmaty amala aşyrýan ýa-da kiçi telekeçiligiň eýesi (P), uly telekeçi (T) we maýadar (M) bolup durýar. Bu çärýeklerden haýsyna degişlidigimizi bolsa, girdejimizi ölçeg çärýeginiň haýsy  ugry bilen gazanýandygymyz bilen baglanşyklydyr.

Geliň, bu çärýekleri gysgaça seljereliň we her biriňiz bu çärýekleri okap, haýsy çäýrege girýändigi barada oýlansyn we baha bersin! Eýsem, haýsy çärýege girýändigimizi bilmek her birimiz üçin derwaýyslygy nämede diýen  sorag ýüze çykyp biler!  Ilki çärýekleri okalyň!

Suratda hem görşümiz ýaly çyzygyň  çep tarapynda I we P bar, sag tarapynda bolsa T we M bar. Mydama çep tarapda galmak ýa-da sag tarapa geçmek-bu Siziň eliňizde!

Ölçeg çärýekleri

Işgär çärýegi: (I)

Isle döwlet işinde işle ýa-da hususy ulgamda zähmet çek, haýsyda bolsa bir işde zähmet haky bilen işleýänler bu çärýege girýär. Umuman, baş direktor bol, kätip bol, ýagny haýsy wezipede işleýäniň tapawudy bolman, esasy zat, bu topara girýänler öňünden kesgitlenen zähmet haky bilen girdeýji gazanýarlar.

Işiň we zähmet hakynyň kepilligi bu çärýekdäkiler üçin esasy faktordyr. Olar risk almagy ýagny töwekgelçiligi halamazlar, şol sebäpli işini üýtgetmek hem bu topara girýänlere köplenç ýagdaýda  “garaňky”dyr.

Bu çärýege degişli bolanlaryň işläp, zähmet çekip aýlyk almakdan başga girdeji çeşmesi ýokdyr.Gysgaça aýdanyňda bir ýerde işleseň girdeýjiň bar, işlemeseň hem ýok…..

Köp ullanýan sözleri : gowy aýlyk berýän we durmuş kepillikleri bolan iş gözleýärin

Professional hyzmat çärýegi : (P)

Bu çärýege girýän özüniň professional hünäri bilen girdeýji gazanýar. Mysal üçin adwokatlar, hususy ugurda iş alyp barýan lukmanlar ,hasapçylar bu çäýrege girýär.Kiçi telekeçilik işi hem bu çärýege degişlidir.

Bu çärýekdäkileriň esasy maksady “azajyk bolsun, meňki bolsun” diýýänlerdir we bu topardakylar “öz işiniň eýesi” bolmak isleýänlerdir. Işgär çärýegindäkiler üçin “kepillik”esasy zat bolsa, bu çärýekdäkiler üçin esasy zat “ýüpi eliňde tutmak” bolup durýar. Bular üçin esasy zatlaryň biri bolsa, şol ugurda iň gowy bolmakdyr we şol sebäpli elmydama ösüşiň gözleginde bolýarlar. Bu çärýekdäkiler ýanyna şägirt almakdan hem uzak durmaga synanşýarlar, sebäbi ol şägirtleriň erteki gün özüne bäsdeş bolup biljeginden çekinerler we netijede ýekelikde has köp zähmet çekýärler.

Köp ullanýan sözleri : Her sagadyma 35 dollar gazanýaryn, hyzmatymyň bahasy eden işimiziň 5 prosenti, işe höwesek we gowy zähmet çekjek dogry işgärler gözleýärin, bu taslama 20 sagadymy berdim

Telekeçi çärýegi : (T)

Bu çäýrege girýänler, diňe özüniň hünär we ukybyndan peýdalanman, I we P çärýekdäkileriň hyzmatyndan, şeýle hem M çärýeginiň pul serişdesini netijeli ullanyp, uly biznes gurýan şahslardyr.

Bu çärýege girýänler, P çärýeginden tapawutlylykda, işleri diňe özleri ýerine ýetirmezler, başgalaryna etdirerler. Aslynda T bilen P arasyndaky esasy tapawut, P ,mysal üçin işiniň başyndan 1 ýyl uzak dursa yzyna gaýdyp gelen ýagdaýynda işi batyp galan  bolup biler, emma, T – işiň eýesi däl, ulgamyň (sistemasynyň) eýesi. Başgaça aýdanyňda,  şol döwürde T bolmasa hem guran ulgamy (sistemasy) işlär. Şol sebäpli biznes işini amala aşyrýan okyjymyz, özüniň haýsy topara girýändigini şu mysalymyzdan synap biler. Ýagny biz öz işimizi baş direktora goýup, 1 ýyl daşary ýurda gitsek, biziň işimiz üstünlikli dowam edýän bolsa,  ýagny işiň başynda özümiz durmasak hem iş dowam edýän bolsa, onda biz T toparynda, ýok, eger biz bolmasak işimiz dowam etmejek ýa-da bize “göbekden bagly”  bolsa, onda P toparyna girýäris. T toparyndakylar özleri işlemezler, guran sistemasy işlär (sistemany T gurar emma, I we P toparyndakylar ýöreder)

Maýadar çäýregi : (M)

Bu topara girýänler, ykdysady (finans) tarapdan belli bir derejä gelen şahslardyr we olar aksiýa alarlar, gozgalmaýan emläk satyn alarlar, maýa goýarlar we özleri işlemezler, pullaryny işlederler.

Köp ullanýan sözleri :Girdejim ýa umumy girdejä ýa-da arassa girdejä görä kesgitlenýär.

Bellemeli zat, käbirimiz şol bir wagtda 2 we ondan köp çärýege hem girip bileris, başgaça aýdanymyzda girdeji çeşmelerimiz beýleki çärýeklerden hem gelýän bolup biler. Mysal üçin bir hasapçy bir kompaniýada zähmet haky bilen işleýändir (I çäýregi), emma, şol bir wagtda özüne kiçi bir ofis açandyr we birnäçe kiçi telekeçiniň hasabat  işlerini amala aşyrýandyr (P çäýregi) we eger ýaşaýan ýurdunyň kanunçylygy rugsat berýän bolsa, bilelikde başga bir kompaniýa esaslandyryp (mysal üçin okuw merkezi) ol ýerden hem girdeji gazanýan bolup biler (T çäýregi). Bu hasapçy gazanan pullarynyň bir bölegi bilen gozgalmaýan emläk alyp kärendesine berip girdeji gazanýandyr we/ýa-da biržadan aksiýa alyp maýa goýum işlerini amala aşyrýandyr (M çäýregi).  Görşümiz ýaly, şol bir adam bir wagtda dört çäýrekde hem bolup biler, emma, munuň üçin aýratyn ukyp başarnyk we zähmet gerek!

Eýsem bu çäýregiň haýsy we haýsylaryna girýänligimiz näme üçin derwaýys soragyň jogabyny ýokardakylary okan okyjylarymyz düşünen bolsa gerek. Gysgaça aýdanymyzda, bu çärýekleri okap, öz ornumyzy görýäris, eger öz ornumyzdan hoşal bolsak,  onda, bu kitap baradaky mundan soňra ýazjak seljermelerimiz Size degişli däl. Emma, eger-de biz çärýegimizden hoşal däl bolsak we girdeji çeşmelerimizi diwersifikasiýa edesimiz gelýän bolsa, onda awtoryň ýazan kitabyny we biznese degişli beýleki kitaplary okamagyňyzy maslahat berýäris. Belki biziň gysgaça seljermelerimiz hem Siziň üçin peýdaly bolar!

Käbir adamlar biriniň ýanynda aýlyk bilen işlemäni saýlar, käbirleri bolsa, öz professional ukyplaryny ullanyp, öz işini ýöreder. Aýlyk bilen işleýänlerimizden käbirimiz bu ýagdaýdan hoşal bolsak, käbirimiz alaçsyz muňa kaýyl bolbarys we beýleki çärýege geçmäge “ýagdaýymyz” ýokdyr we/ýa-da dürli “bahanamyz” bardyr.

Käbirimiz bir hünäriň eýesi, emma, şol hünärimizi özbaşdak amala aşyrmak üçin işimizden ýagny, kepillikli aýlygymyzdan aýrylmaga “batyrgaýlyk” edip bilmeris we elmydama “aýlykly professional hyzmat” bereris.

Käbirimiz bolsa, uly bir kompaniýa esaslandyryp, şol kompaniýany dolandyrarys. Bu kompaniýany esaslandyranlaryňda aglaba bölegi ilki bir ýerde zähmet çekip, ýuwaş-ýuwaş bu çäýrege geçenligini de unutmalyň! Biznes barada kitaplary okanymyzda dünýä belli kompaniýalary esaslandyranlaryň köpüsi, bu çäýrekleri basgançak-basgançak geçendirler.

Käbirimiz bolsa, aksiýa satyn alyp, maýadar bolmagy saýlarys. Emma aksiýa satyn almak üçin hem “pul” gerek. Bu pullar bolsa, köplenç ýagdaýda T çärýeginden gelendir. Käbirimiz bolsa, biržada aksiýa almak amalyna töwekgelçilik edip bilmeris, pulumyzy “elimizde” saklamagy saýlarys. Ýagny, T çäýregindäkileriň hemmesi M çäýregine geçer diýip düzgün ýok.

Gysgaça aýdanymyzda, biziň haýsy çäýrekde boljakdymyza köplenç ýagdaýda ýene biz sebäp bolýarys. Bu “sebäp” bolsa ýaşlykdan başlaýar. Şol sebäpli esasan hem ýaşlarymyza ýüzlenesim gelýär!

Hormatly ýaşlar! “ýaşlyk” ýyllarymyzy elimizden geldigiçe “gyzykly” geçirýän wagtymyz, geliň ony “peýdaly” hem geçireýliň we geljegimiziň ýaşlykda goýan “maýamyz” bilen gönüden göni baglanşyklydygyny unutmazdan hereket edeýliň!

Eger de haýsy-da bolsa bir okyjymyz bu setirleri okap “menden geçdi, käşgä bu setirleri 10 ýyl mundan öň okan bolsadym” diýýän bolsa, onda bu setirleriň 10 ýyl soňra başgalaryna hem “käşgä” diýdirmezligi üçin paýlaşmagyňyzy we ýaýratmagyňyzy haýyş edýärin!

Seljermämizi Baý atanyň Garyp ata barada aýdan sözleri bilen jemläliň!

 “Ikimiz hem ynsan, ikimiziň hem gorkýan, alada edýän zatlarymyz bar, ikimiziň hem ynanjymyz, güýçli taraplarymyz we pes taraplarymyz bar, esasy tapawut bolsa, şeýle meňzeş  häsiýetlerimizi ullanyş usulymyz. Haýsy çärýekde bolmagymyzy biziň özümizi alyp baryş usulymyz kesgitleýär, bu çärýegi üýtgetmek, işiň üýtgetmek ýa-da käriňi üýtgetmek däldir, çärýegi üýtgetmek üçin, özüňi tanamak, pikir ediş usulyňy bilmek, dünýägaraýşyňy üýtgetmek gerek. Üýtgemek käbirlerine aňsat gelse, käbirleri üçin bolsa kyndyr, şol sebäpli köp adam çärýegini üýtgetmäge batyrgaýlyk edip bilmez”

Ýene-de okaň

Bakan: Türkmen gazının Azerbaycan topraklarından geçmesi mümkün

Atatürk, ebediyete irtihalinin 86. yılında Türkmenistan’da anıldı

BM Türkmenistan’ı vatansızlığı sona erdirmek başarısı ile tebrik etti

Türkmenistan ile Japonya Bakanları Orta Asya-Japonya Zirvesi’ni görüştü

Aşkabat, İran’ın “İran Agro Food” sergisine ev sahipliği yapacak

Türkmenistan Devlet Başkanı Donald Trump’ı tebrik etti

Ata Watan Eserleri