GENEL

Selfi üçin iň gowy kameralar

Mobil gurluşlaryň kameralaryny synagdan geçirýän «DxOMark» gaznasy 2019-njy ýylyň netijeleri boýunça iň gowy öň tarapdaky kameralary bolan smartfonlary yglan etdi. Şol kameralar hem käbir aýratynlyklary boýunça ugurlara bölündi.

Mysal üçin öň tarapdaky kameralaryň arasynda ählitaraplaýyn gowusy diýlip, «Samsung Galaxy 10+» smartfonnyň kamerasy yglan edildi. Edil şu smartfona degişli kamera wideogörnüşleri düşürmekde hem beýleki bäsdeşlerinden öňdedir. «Google Pixel 4» smartfonunyň kamerasy bolsa syýahat üçin iň gowy kamera diýlip yglan edildi.

Şeýle hem «Asus ZenFone 6-nyň» kamerasy ýakyn aralykdan portret düşürmek üçin, «Google Pixel 4» topar bolup surata düşmek üçin iň gowy smartfonlar diýlip yglan edildi.

Ýene-de okaň

Azerbaycan ile Türkmenistan ulaştırma alanında işbirliğini görüştü

Türkmenistan ile Azerbaycan, Türkmenbaşı Limanı’nın modernizasyonunu ve yük taşımacılığının genişletilmesini görüştü

Türkmenistan ile Azerbaycan ekonomik işbirliğini değerlendirdi

Türkmenistan heyetinin Gürcistan limanlarına ziyareti

Türkmenistan heyeti Azerbaycan’da

Belarus ile Türkmenistan havacılık ile ulaştırma-lojistik işbirliğinin geliştirilmesini görüştü