DÜNYA

Sankt-Peterburgda “Türkmen Alabaýy” Kitabynyň Tanyşdyrylyş Dabarasy

2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmen alabaýy» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de «Türkmenistan – Bagtyýarlygyň watany» atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň goldaw bermeginde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Sankt-Peterburg bölümi we «ÐœÐµkan» türkmen medeniýetiniň Sankt-Peterburgdaky jemgyýeti geçirilen çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

Çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Suratkeşler birleşiginiň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat bolan döredijilik topary Türkmenistandan bardy. Dabaraly çärelere Leningrad oblast administrasiýasynyň, Sankt-Peterburg şäheriniň merliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Sankt-Peterburgda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ylym, bilim, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen talyplary gatnaşdylar.

«Türkmen alabaýy» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu eseriniň çapdan çykmagynyň Türkmenistanyň ruhy-medeni durmuşynda ähmiýetli waka bolandygyny, milli gymmatlygymyzyň wagyz edilmeginiň iň ýokary belentligi bolandygyny hem-de Prezidentimiziň watandaşlarymyza Türkmen döwletiniň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllygy mynasybetli beýik sowgadyna öwrülendigini nygtadylar.

Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen alabaýyna bagyşlanan täze eseriniň müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halkynyň ygrarly dosty bolan itleriň bu tohumynyň häsiýetini hem-de ähmiýetini takyk açyp görkezýändigi aýratyn bellenilip geçildi. «Türkmen alabaýy» kitaby diňe bir dünýäde iň gadymy görnüşleriň biri bolan itleriň bu tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi hakynda gürrüň etmän, eýsem asyrlaryň çuňlugyndan bäri ahalteke bedewi ýa-da türkmen halysy bilen bir hatarda milli gymmatlyklaryň aýrylmaz bölegi bolan alabaýyň özboluşly medeni aýratynlygyny hem açyp görkezýändir.

«Russiýa – meniň taryhym»  Taryhy seýligähiniň foýesinde «Türkmenistan – Bagtyýarlygyň watany» atly sergi ýaýbaňlandyryldy, onda Türkmenistan hakyndaky kitaplar, türkmen suratkeşleriniň eseleri, milli egin-eşikler, türkmen zergärleriniň elinden sünnälenip çykan zergärçilik şaýlary görkezilendir. Şeýle hem uly ekranlarda häzirki zaman Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri baradaky wideofilmler görkezilýändir.

Ýene-de okaň

Kaliforniya Üniversitesi’nde Türkmen şarkısı “Sana Geldim” yankılandı.

Ata Watan Eserleri

San Francisco’da İlk Kez Düzenlenen Türk Festivali’nde Türkmenistan Tanıtılacak

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da 2 Milyar Dolarlık Yüksek Hızlı Karayolu İnşaatı Başlıyor

Türki Devletleri Teşkilatı Enerji Bakanları Toplantısı Bişkek’te Gerçekleştirildi

Serhetabat-Herat Gaz Boru Hattı 2 Yıl İçinde Tamamlanacak

Türkmenistan’da özel mesleki konuların İngilizce öğretilmesine yönelik mesleki gelişim eğitiminin başlatılması görüşüldü