GENEL

Sabyr, ynam, maksada okgunlylyk

Her bir ynsan özüniň arzuwlary bilen dünýä inýär. Çagalardan başlap uly ýaşly adamlara çenli özüniň göwnünde beslän dürli maksatlary bar. Garaz, her kimiň arzuwy dürli – dürlüdir. Adamzat arzuwlar dünýäsinde ýaşaýandyr. Gynansakda, hemme adamlar öz ýüreginde beslän maksat-myradyna ýetip bilmeýär. Maksadyňa ýetmek üçin köp şertler hökmanydyr. Bu barada bäsleşige gatnaşýan awtorlaryň eserlerinde giňişleýin düşündirilýär. Ýöne meniň pikirimçe, üstünlige ýetmek üçin esasy üç zady hökmany hasaplaýaryn. Birinji sabyrly bolmakdyr, ýagny öňüňde goýan maksadyň başa barmasa ýa şowsuz tamamlansa gynanmaly däl, yzada dolanmaly däldir. Maksadyňa ýetýänçä diňe sabyrly bolmak gerekdir. Ata –babalarymyz ýöne ýere “Dama dama köl bolar hiç dammasa çöl bolar” diýip bellemändir. Üstünlige ýetmek üçin ikinji gerek zat bolsa ynamdyr. Ilki bilen adam özüne ynanmagy başarmalydyr. Özüňe bolan ynam bolsa biziň her bir işimiziň oňyna bolmagyna kömek edýär. “Men muny başararyn!” diýen ýörelgä gulluk etmelidir we özüňe bolan ynamy hiç haçan gaçyrmaly däldir. Ynam – seniň maksadyňa ýetirer. Üstünlik gazanmak üçin gerek bolan üçünji bir zat maksada okgunlylykdyr. Maksada okgunly adamlar hemişe maksadyna ýetýändir. Belli bir öňüňde maksat goýup, duş gelýän kynçylyklary  döz gelip, ýadaman zähmet çekmegi hökmany hasaplaýaryn. Siziň pikir edip gördüňizmi maksada okgunlylyk diňe adamlara mahsusmy? Ýok, beýle däl. Maksada okgunlylyk ýaly häsiýetler diňe bir ynsan häsiýetlerinde jemlenmän, eýsem beýleki janly organizmlerde, ýagny ösümliklerde hem has aýdyň görünýär. Muňa mysal edip, çölde ösüp oturan sözen ösümligini alalyň. Sözen ösümligi çölde iň gyzgyn temperaturada ösmäne ukyply bolan çydamly we berk, tohumlaryny hem gögertmäge ukyplydyr. Aslynda, ekolog hökmünde seretseň, onuň hem öz maksady bardyr. Onuň maksady ýaşamakdyr. Ol dürli ýaramaz şerlerde ösmek üçin tebigat bilen ýaşaýyş ugrunda göreş alyp barýandyr. Diýmek maksada okgunlylyk ähli janly organizmler üçin mahsus eken. Biz öňümizde maksat goýdukmy, onda hökman “hiç haçan yza ýol ýok!” diýen şygara esaslanyp, ol hasyl bolýança göreşmeli.

Ýene bir zady belläsim gelýär. Bäsleşige gatnaşýanlaryň köpüsiniň ýazmagyna görä üstünlik gazanmak üçin bilimiň hökmany däldigi barada aýdyp geçipdirler. Siz nähili pikir edýärsiňiz bu barada? Dogrymy aýtsam, meniň üçin bu ýalňyş pikirdir. Üstünlige ýetmek üçiň bilim hökmany şertleriň biridir. Ýöne käbir adamlara muny düşündirip bolmaýar. Olar dünýäniň iň baý adamy “Microsoft” kompaniýasyny esaslandyryjy Bill Gates barada mysal getirýärler. “Bill Gates  Garward uniwersitetine okuwa girýär, emma ony gutarman okuwdan çykýar. Ol bilim almasa-da dünýäniň iň baý adamy bolýar” diýýänleriň sany örän kändir. Bu hakykatdan-da şeýle, ýöne muňa adamlar ýalňyş düşünýärler. Başda men hem ýalňyş düşünipdirin. Ýöne, Bill Gates barada Türkiýäniň “PEGASUS” neşirýaty tarapyndan 2017-nji ýylda neşir edilen “Bill Gates ýaly düşünmek” diýen kitabyny okanymdan soň düşündim.  Bill Gatese Garward uniwersiteti tarapyndan 2007-nji ýylda diplom berilýär. Diplom gowşuryş dabarysynda Bill Gates öz çykyşynda üstünlik gazanmak üçin bilim almagyň zerurlygy barada aýdyp, özüniň hem şeýle derejä çykanyna Garward uniwersitetinde alan biliminiň uludygyny aýdýar. Bu bolsa bilimiň almagyň häzirki döwürde örän zerurdygynyň subutnamasydyr.

Üstünlik gazanmakda diňe bir ýokardakylaryň ýeterlik däldigini hem bellemek gerekdir. Üstünlige ýetmekde asyllylyk, zähmetsöýerlilik, batyrlylyk we şuňa meňzeş häsiýetleriň bolmagy hökmanydyr. Bir zady weli, anyk aýtmak bolar, üstünlige ýetmek biziň öz elimizdedir. Sözümiň ahyrynda ähli ynsanlara ýüreginde beslän arzuwlaryna ýetmegi, maksat-myratlarynyň hasyl bolmagyny tüýs ýüregimden arzuw edýärin. Zehinlileri ýüze çykarmakda yzygyderli guraýan döredijilik bäsleşikleri üçin “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň agzybir döredijilik işgärlerine taňryýalkasyna aýdýaryn.

Diýar Yhtyýarow, Magtymguly adyndaky TDU-nyň geografiýa fakultetiniň daşky gurşawy öwreniş hünäriniň III ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Özbekistan Türkmenistan’da iyot üretimine yatırım yapacak

Büyükelçi Mövlamov Pakistan petrol bakanını Türkmenistan’a davet etti

Türkmenistan ile BAE Dışişleri Bakanları Abu Dabi’de buluştu

Türk Devletleri Taşımacılık Dernekleri Birliği OTS-URTA kuruldu

Yapay Zeka: Mahtumkulu Firaki Harvard, Oxford, Cambridge düzeyinde eğitim almış

Türkmenistan’da “Made in Özbekistan” fuarı düzenlendi