GENEL

Ýürekden çykýan owazlar : Begenç Hojaýew

Bary-ýogy üç harpdan ybarat bolan «saz» diýen ajaýyp sözde, ählimiziň köňlümizi awlap, dünýämize joşgun eçilýän ýaz ýaly ýakym bar. Zehinli kompozitorlar döredýän şirin owazly sazlary bilen ýürekleri nepis duýgulara besleýär. Şeýle zehinleriň biri hem, Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň konsertmeýsteri, kompozitor Begenç Hojaýew. Onuň döredýän sazlaryny diňläniňde, millilik bilen döwrebaplygyň özboluşly sazlaşygy, aýdym-saz sungatymyzyň ägirtleriniň ajaýyp eserleriniň döredijiligine täsiri mese-mälim duýulýar.

   Biz hem döwrebap öwüşginli eserleri döredýän ýaş zehinli kompozitor Begenç Hojaýew bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara Žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin söhbetdeş bolduk:

 — Söhbetdeşligimiziň başynda sungat ýoluna gelşiňiz dogrusynda gürrüň beräýseňiz!

 — Çagalykdan fortepiano saz guralyny çalmaga höwesimiň uly bolmagy, saz sungatynyň özboluşly dünýäsine içgin aralaşmagyma itergi berdi. Bu höwes mende ýöne ýerden döränok. Kakam — Täşli Hojaýew 2-nji synpda okaýarkam läleleri pianinoda çalyp berdi. Şonda aýdym-saza dörän höwesimi aňan kakam meni 1994-nji ýylda sazçylyk mekdebine getirdi. Bu ýerde fortepiano ugrundan Amandurdy mugallymdan sapak aldym. Orta mekdebi tamamlap, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň medeniýet öýünde sazanda bolup işe başladym. Ilkinji zähmet ýoluna başlanymda maňa Gurban Gurbanbaýew halypalyk etdi. Halypamdan sazlary täzeçe öwüşginde işlemegi öwrendim. Bu ýerde işleýän döwrüm  halypamyň maslahaty bilen saz döretmäge synanyşyp başladym. Ilkinji döreden «Baýdagym» atly sazym halypamyň göwnüne ýarady. Aýdym-saz sungatyna bolan söýgim meni 2005-nji ýylda häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Estrada sungaty» fakultetine getirdi. Bu ýerde Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewadan tälim almak miýesser etdi. Talyp döwrüm okuwymdan daşgary Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda aýdymçy-artist bolup işledim. Ýokary okuwy tamamlap, Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda okuw tejribeligini geçdim. Soňra nesibäm çekip, Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda işimi dowam etdim. Häzirki wagtda bu ýerde konsertmeýstr bolup zähmet çekýärin.

  — Ilkinji halypalaryňyzy ýatladyňyz. Milli aýdym-saz sungatymyzyň ajaýyp eserler bilen baýlaşmagyna goşant goşan ussatlaryň döreden sazlary häli-häzirem repertuarlardan düşmän gelýär. Olaryň şägirdi bolup, maslahatlaryny diňlemek size saz sungatynda köp zatlary öwredendir.

— Elbetde, halypalaryň her biriniň döredijiligi bize sungatda öz ýolumyzy tapmaga ýardam berýär. Halypalaryň sungatyň süňňüne ornan, göwünlere gözellik nuruny çaýýan ajaýyp sazlary kalbyma egsilmez ylham berýär.

Sungatyň islendik ugry halypa-şägirtlik mekdebinden gözbaş alýar. Muňa ýaş zehinleriň ýüze çykmagyna saldamly goşant goşýan halypa kompozitorlaryň döredijiliginde hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Olaryň sungata bolan belent söýgüsi bilen birlikde belent adamkärçiligi-de bize her ädimde görelde mekdebi bolup durýar. Talyp döwrümde halypa kompozitorlar Rejep Rejepowdan, Rejep Allaýarowdan saz ýazmagyň inçe syrlaryny öwrenýärdim, saz ýazsam ilki bilen olara diňledýärdim.  Halypalar hiç wagt maslahatlaryny gysganmazdy. Sazyň gowy hem-de bärden gaýdýan ýerlerini aýdardylar.

  • Siz teatryňyzda goýulýan sahna oýunlary üçin hem sazlary döred-

ýärsiňiz. Eýsem, munuň aýdyma niýetlenýän sazlardan tapawudy nämede?

— Şahyryň aýtjak bolýan pikirini, duýgusyny bir sözde jemleýşi ýaly, esasy zat, sazyň ruhuny diňleýjä ýetirmek. Her bir aýdymçynyň özboluşly heňine kybap gelýän sazlary döredeniňde, şirin mukamlar emele gelýär. Sahna oýunlary üçin döredilýän sazlarda bolsa, gahrymanlaryň içki ahwaly, sahnada dowam edýän dartgynly pursatlar, sazyň bitewiliginde öz beýanyny tapsa, tomaşaçynyň kalbynda ýatdan çykmajak täsirler galýar.

Biziň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrymyzyň sahnasynda birnäçe ajaýyp eserler sahnalaşdyrylýar. Sungatyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän sahna oýunlarynyň sazlaryny döretmegim, döredijiligimde kämillik menzillerini nazarlamaga, eserlerimiň täze gözlegler bilen baýlaşmagyna ýardam berýär.

Dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň pýesasy esasynda, teatrymyzyň baş reŽisýory, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýnazar Batyrowyň sahnalaşdyrmagynda goýlan «Tumar Şa» atly spektaklyna niýetläp saz döretdim. Bu spektaklda şan-şöhratly geçmiş — taryhymyzda gözelligi, merdanalygy, ruhubelentligi bilen öçmejek yz galdyran gaýduwsyz zenanyň ömri we durmuşy çeper keşpleriň üsti arkaly gürrüň berilýär. Şol sebäpli mukaddes duýga ýugrulan sazy döretmek üçin hemişe döredijilik gözleginde boldum. Halkymyzyň geçmiş taryhyna degişli gymmatly maglumatlary içgin öwrendim. Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna sowgat eden dürdäne eserlerini öwran-öwran okamak bilen, şol taryhy döwrüň wakalaryny täze owazlaryň üsti arkaly janlandyrmaga çalyşdym.

Teatrymyzyň sahnasynda goýlan, ýaşlaryň durmuşyndan söhbet açýan «Gel, kenara söwer ýar» atly spektakl üçin döreden sazymda Awazanyň gözelligini, ýürekleri heýjana getirýän deňiz tolkunlarynyň joşgunly sesini, halal zähmetden kemal tapýan ýaşlaryň päkize kalbynyň owazy bilen sazlaşdyrmagy niýet edindim.  Umuman, bu spektaklda ýaşlygyň ýaz ýaly ýakymy mylaýym owazlaryň üsti bilen wasp edilýär.

Adyny agzan spektakllarymda ýaňlanýan sazlarymyň bahasyny tomaşaçylaryň ýürekden çykýan alkyşly sözlerinde görýärin.

 — Siziň döredýän sazlaryňyzyň aglabasynda millilik bilen döwrebaplygyň özboluşly sazlaşygy duýulýar. Şeýle äheňde ýerine ýetirilýän haýsy aýdymlary agzap bilersiňiz!

— Elbetde, millilik sungatymyzyň özeninde bar. «Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz» diýlişi ýaly, milli aýdym-saz sungatymyzyň baý taryhyna ýüzlenip döredilen eserler halkyň kalbyna ornaýar. Türkmenistanyň at gazanan artisti Zylyha Kakaýewanyň ýerine ýetirýän «Şykga-şykga bilezik», «Dähedem-dessem»  «Yhhymmyl» ýaly halk äheňindäki aýdymlary döwrebap öwüşgünde işledim. Bu aýdymlar halk döredijiliginiň şirin labzyny özünde jemleýär.

Haýsy döwletlerde döredijilik saparlarynda bolduňyz?

— Hytaýda, Ukraianada, Ermenistanda, Türkiýede geçirilen ýurdumyzyň

medeniýet günlerine gatnaşmak miýesser etdi.

«Gül açan miras» atly çeper film üçin döreden sazyňyzyň döredijiligiňizde galdyran täsirleri dogrusynda aýdaýsaňyz?

 — «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek» ýylynda  Wepa Işangulyýewiň reŽisýorlyk etmeginde, doganlar Hydyr, Ylýas —Amangeldiýewleriň edebi eseri boýunça surata düşürilen «Gül açan miras» atly çeper filmiň sazyny döretmegim, döredijiligime täzelik getirdi. Bu çeper filmde, halkymyzyň milli-ruhy gymmatlyklaryna goýulýan belent sarpa ýaşlaryň halal zähmetinde öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň gözel sähralarynda surata düşürilen bu çeper filmde ajaýyp tebigatymyzy ýakymlydan nepis sazlar bilen wasp etmäge çalyşdym.

 — Begenç, siziň sazlaryňyzy diňläniňde,  hoş owazyň ajaýyp ýakymy kalbyňa ornaýar. Siz nähili aýdymlara saz döretmegi halaýarsyňyz hem-de saz ýazmaga nähili girişýärsiňiz?

 — Maňa estradanyň islendik görnüşine saz döretmek ýakyn. Ýüregimde nusgawy hem-de döwrebap sazlaryň heňi ýaşaýar. Şeýle sazlary diňlänimde täze döretjek eserlerimiň başlangyjyny tapýaryn.

Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimize, aýdym-saz sungatymyza belent sarpa goýmagy bizi hasam joşdurýar. Gahryman Arkadagymyz bize — aýdym aýdyp, saz çalmakda, şygyr döretmekde nusgalyk mekdep. Biz — döredijilik işgärleri her bir ädimde hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat berýän ajaýyp eserlerinden ylham alýarys.

 — Döredijilik üstünlikleriňiz?

— Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi bolmak bagty miýesser etdi. Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýynyň eýesi bolan pursatlarym durmuşymda ýatdan çykmajak iň bagtly gün boldy.

Ýurdumyzda uludan tutulýan her bir toýlarda, siziň döredýän sazlaryňyz aýdymçylaryň hoş owazlary bilen sazlaşyp, belentden ýaňlanýar. Çekýän zähmetiň ýerine düşýändigine şaýat bolmagyň täsiri özboluşlydyr.

— 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary kalbymyzda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. «Aşgabat 2017» oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryna bagyşlap birnäçe sazlary döretdim. Olimpiýa stadionynyň meýdançasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren Watanymyzyň dünýädäki abraýyny belende göterýän hormatly Prezidentimiziň beýik işlerine bagyşlanan «Hakdan halatly Arkadag», «Ýaşa, Arkadag bilen» atly aýdymlaryň sazlaryny ýazdym. V Aziýa oýunlarynda türgenleri mähirli garşylan ak mermerli paýtagtymyzy wasp edýän «Aşgabat» atly hem-de ýaş zehinli aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan birnäçe aýdymlaryň sazlaryny döretmegim, döredijiligime egsilmez ylham berdi. V Aziýa oýunlarynyñ açylyş dabarasynda stadiona ýaşyl tugumyz getirilende  «Nur zaman geldi» atly sazym ýaňlandy. Dabaralarda ýerine ýetirilen köpöwüşgünli sahnalaryň we kompozisiýalaryň saz bezeg işlerine hem gatnaşdym. Tomaşaçylara joşgunly duýgulary bagyşlan, göwüngöteriji şol ajaýyp pursatlaryň täsiri hakydalardan gitmez.

Türgenleriň beýik ýeňişlerini dünýä buşlap, ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açan «Aşgabat 2017» oýunlarynyň ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilen  dabaralaryna  öz goşandymy goşandygyma, Olimpiýa stadionynyň meýdançasynda döreden sazlarymyň ýaňlanandygyna begenjimiň çägi ýok.

 — Aýdymyň şowly çykmagynda onuň sazy bilen bir hatarda sözleriniň, aýdymçynyň ýerine ýetiriş ussatlygynyň orny uly bolup durýar. Siz haýsy aýdymçylar, şahyrlar bilen işleşýärsiňiz?

— Her bir aýdymçynyň öz heňi, ýerine ýetiriş aýratynlygy bolýar. Bu aýdym üçin saz ýazanyňda hem ilkinji göz öňünde tutulmaly zatlaryň biri.

Men aýdymlary Türkmenistanyň halk artistleri Annaguly Myratdurdyýew, Gülşat Gurdowa, Parahat Amandurdyýew, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Züleýha Kakaýewa, Guwanç Ýazmämmedow, Amangül Gurbanowa, şeýle-de, ýaş estrada aýdymçylar «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2019» basleşiginiň ýeňijisi Azat Dönmezow, Jeren Halnazarowa, Gülalek Gulmyradowa, Bahar Annaýewa dagy bilen işleşýarin.

Aýdym üçin ýazýan sazymda goşgynyň her setiriniň manysyny bermäge çalyşýaryn. Käbir goşgular bolýar, okanyňda setirleri heňe gelip durýar. Munda esasy zat şahyryň diýjek bolýan zadyny diňleýjä ýetirmek bolup durýar.

Aýdymlaryň sözlerini Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow, şahyrlar Akmyrat Rejebow, Kakamyrat Rejebow, Gülşirin Hanowa, Aýjemal Gaýlyýewa bilen işleşýärin.

  — Aýdym üçin döreden sazlaryňyzdan has şowly çykanlary?

— Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň sözlerine döreden «Merdi Merdan Arkadag», «Size ömür, bize döwür Arkadag!», «Bagtyýarlyk ganaty», bulardan başga-da, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň ýerine ýetirýän «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan», şahyr Gülşirin Hanowanyň sözlerine «Ýylgyr eje!» atly aýdymlarymyň sazlary has şowly çykdy diýip hasaplaýaryn.

— Täze döreden sazlaryňyz barada-da aýdaýsaňyz?

— Ýakynda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň sözlerine «Watan», şahyr Kakamyrat Rejebowyň sözlerine «Ýagyşly säher», «Bagt» atly aýdymlaryň sazlaryny ýazdym. Şahyr Gülşirin Hanowanyň sözlerine Türkmenistanyň at gazanan artisti Züleýha Kakaýewanyň ýerine ýetirýän «Bolsaň bolýar» atly aýdymynyň hem sazyny ýazdym. Bu aýdym halkymyzyň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.

 — Maşgalaňyzyň aýdym-saz sungatyna söýgüsi nähili?

— Maşgalam sungat maşgalasy. Ýanýoldaşym Mähri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Bagşyçylyk sungaty» kafedrasynyň uly mugallymy. Oglum Şazada Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 4-nji synp okuwçysy. Ol kiçiliginden fortepianoda saz çalmaga gaty höwesek. Mekdepden daşgary öýde-de özbaşdak dürli görnüşdäki sazlary çalmagy öwrenýär. Gyzym Aýzada 5-nji synpda okaýar. Onuň hem aýdym-saza bolan söýgüsi uly. Oglumda, gyzymda ýerine ýetirýän aýdymlary bilen çagalaryň arasynda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerinde, teleýaýlymlarda yzygiderli çykyş edýärler. Maşgalamyň aýdym-saz sungatyna söýgüsiniň uly bolmagy maňa her ädimde ýardam berýär.

— Täze döreden sazlaryňyz barada aýdaýsaňyz?

— Ýakynda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň sözlerine «Watan», şahyr Kakamyrat Rejebowyň sözlerine «Ýagyşly säher», «Bagt» atly aýdymlaryň sazlaryny ýazdym. Bu aýdymlar nesip bolsa ýakyn günlerde diňleýjilere ýetiriler. Şahyr Gülşirin Hanowanyň sözlerine Türkmenistanyň at gazanan artisti Züleýha Kakaýewanyň ýerine ýetirýän «Bolsaň bolýar» atly aýdymynyň hem sazyny ýazdym. Bu aýdym halkymyzyň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.

Şu günlerde nähili sazyň üstünde işleýärsiňiz?

— Kakamyrat Rejebowyň sözlerine «Hökmürowan söz» atly aýdymyň sazyny işleýärin. Eje hakyndaky bu aýdym diňleýjileriň göwnünden turar diýip umyt edýärin.

Geljekki maksatlaryňyzy, ýürek arzuwlaryňyzy beýan etseňiz!

— Nesip bolsa, geljekde halkymyzyň göwnünden turjak täze-täze sazlary dörederin. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy dünýäde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç alsyn!

 — Beren täsirli gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Döredýän ajaýyp sazlary-

ňyz bagtyýarlyk döwrümiziň joşgunly ruhy bilen sazlaşyp, tutumly toýlarymyzyň bezegi bolup belentden ýaňlansyn!

— Sag boluň!

Söhbetdeş bolan Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

 

Resmi  Facebook Hasabymyza goşulmak üçin

https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/

 

Makul Hyzmat Terjime Merkeziniň hemaýätkärliginde gurnalan ähli söhbetdeşliklerimizi okamak üçin :

Türkmenistanyň at gazanan artisti Zylyha Kakaýewa bilen söhbetdeşlik

Türkmen aýdymçysy Çynara bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti  Hakberdi Hudaýberdiýew bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýew bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kakageldi Seýitmuhammedow bilen söhbetdeşlik

ReŽissýor Öwezmämmet Galandarow bilen söhbetdeşlik 

Ýaş zehinli kompozitor Begenç Hojaýew bilen söhbetdeşlik

Ýene-de okaň

Yılın Kelimesi: Makul Sözlük ile 1000 Manat Kazanma Şansı!

Aşkabat “Orta Asya + ASEAN” formatının oluşturulmasını öneriyor

TEKNOFEST KKTC Teknoloji Yarışmaları İçin Başvurular BAŞLADI!

Aşkabat Hayvanat Bahçesi, EARAZA’ya üye oldu

Türkmenistan ile Malezya üniversiteleri işbirliği konusunda anlaştı

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan, ERASMUS+ çerçevesinde işbirliğini arttıracak