GENEL

Kakageldi Seýitmuhammedow: — Ylham gorum bedewler

  Döwrüň  belent ruhuny, durmuş gözelligini açyp görkezýän eserleri döretmekde alyp barýan işleri dogrusynda halypa suratkeş, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kakageldi Seýitmuhammedow bilen  “Atavatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin söhbetdeş bolduk.

   

«Döredijiligimiň ylham çeşmesi…»

 

  Her bir döredijilik adamy, ylham goruny eserlerine ýakyn bolan zatlardan alýar. Ylhamynyň sebäpkärini döredýän eserinde ilkinji nobatda goýýar. K.Seýitmuhammedowyň eserleriniň aglabasy syrdam, gamyşgulak türkmen bedewlerine degişli. Ýelden ýüwrük ahalteke bedewleriniň ýyndam keşbini, tekepbirlik bilen duruşyny, sünnäläp şekile geçirýän K.Seýitmuhammedowyň eserlerinde owadanlyk, özboluşlylyk öz beýanyny tapýar. Suratkeşiň bedewler hakynda beren täsirli gürrüňleri, oňa bolan söýgüsini ajaýyp şekillere siňdirýändigini görkezýär.

 Kakageldi Seýitmuhammedow:

 — Ýyndam ahalteke bedewleri, halkymyza şöhratly taryhymyzdan janly miras. «Atdyr ýigidiň ýoldaşy» diýen Görogly begiň Gyratynyň waspyny halkymyz nesillere ýetiripdir.  Şahyrlaryň ussatlyk bilen wasp eden, ahalteke bedewleriniň keşbini reňkleriň dünýäsinde şöhlelendirip, olaryň häsiýetini şekile geçirenimde, bedewleriň ajaýyp sungatdygyna her sapar şaýat bolýaryn.

  Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren, ahalteke bedewleriniň dünýädäki deňsiz-taýsyz gözelliginiň waspyny edýän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew» atly ajaýyp eserleri döredijiligime millilik ruhuny berýär.

   Ahalteke bedewlerimiziň syrdam synalylygy ýaly, olara dakylýan atlarda hem özboluşly owadanlyk bar. Onuň döredijilik adamyna edýän täsiri hem başgaça.

   Bedewleriň suratyny çekip başlanymda, ilkinji döreden eserim «Keýmir 2» boldy. Soňra «Polatly» atly atyň suratyny çekdim. Bu suraty çekmekde Polatlynyň ähli edýän hereketleriniň ünsümi özüne çekmegi maňa ylham berdi. Günüň ähli altynyny özüne siňdiren ýaly mylaýym reňkler bilen öwüşgin atýan «Ýanardagyň» şekilini surata geçirenimde bolsa, ahalteke bedewlerimiziň gaýtalanmajak gözelligine ýene bir ýola göz ýetirdim.

  Aýlawlary baglaýan ahalteke bedewlerimize bagyşlap döreden «Entek gaçara, kowara maý bar» atly eserimde bolsa, pellehana tarap okdurylyp barýan ýyndam bedewlerimiziň keşbini şekile geçirdim.            

  «At çapdyryp, altyn gabak atdyrylýan» türkmen toýlarynyň bezegi bolan bedewleriň altynsow toýnaklarynyň seýkin basyşyny, asman hem zemin gözelligini özünde jemläp bir-birine bäs edýän ýyndam syratly bedewleri wasp edýän eserleri döretmek döredijiligimiň gözelligini artdyrýar.

       

Gözellikden döreýän eserler

 

 Millilige ýugrulan gymmatly mirasymyz, hasyllylygy goýnunda jemlän bereketli topragymyz, gözelligi bagra basýan tebigatymyz dörediji ynsanlara egsilmez ylham eçilýär.

  Eýsem, suratkeşler bu gözellikleriň ählisini nädip bir ýere çugdamlap eserlerde ýerleşdirýärkä?! Bu sowallaryň jogabyny elbetde, olaryň işlerini synlanyňda tapýarsyň. Tapýarsyňda, sungatyň Watanyň gözelliginden döreýändigine şaýat bolýarsyň. K.Seýitmuhammedow hem eserlerinde tebigaty, onuň eçilýän datly nygmatlaryny çekýän suratlarynda şöhlelendirýär.

— Watanymyzyň ajaýyp tebigaty gözelligiň gözbaşy. Şol gözelligi şekile geçirmekden özboluşly ylham alýaryn. «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýlişi ýaly, çagalykda obada önüp-ösemsoň gözel tebigatymyzyň ajaýyp görnüşini surata geçirmek maňa o diýen kyn düşmedi. Muny natýurmort işlerimi, daglaryň, olaryň içinden akyp geçýän çeşmeleriň suratlaryny synlanyňyzda-da görensiňiz. Bulardan başga-da Garagum çölüne bagyşlap, «Meniň ýaşlyk döwrüm» atly eseri döretdim. Döreden eserlerimiň aglabasynda öz beýanyny tapýan ýurdumyzyň gözel tebigaty egsilmez ylham çeşmämiz.

                                            

Halypa nakgaşyň şahsy sergisi

                                

  Her bir döredijilik adamynyň ilkinji döreden işi daşa ýazylan ýaly aňynda galýar. Kakageldi aga-da çeken ilkinji suratynyň gyzy Enejanyň portreti bolandygyny gürrüňiniň arasynda ýatlaýar. Bu günki günde agtyk-çowlukly, ýetmiş ýaşy arka atan Kakageldi aganyň agzybir maşgalasy, dost-ýarlary, kärdeşleri halypanyň döredijiligine uly sarpa goýýarlar. Muňa ýakynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde halypa suratkeşiň 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli guralan sergide hem göz ýetirdik.

  Sergide ýerleşdirilen suratlaryň ählisinde diýen ýaly durmuşyň çeper beýany şöhlelenýär. Muňa halypa suratkeşiň döredijilik gatnaşygynda bolan ussatlar Nury Halmämmedow bilen Gurbannazar Ezizowyň keşbi çekilen portret suraty, ýa-da Kakageldi aganyň çagalyk durmuşy bilen baglanyşykly «Köçämiz» atly eserini synlanymyzda-da şaýat bolduk.

 Sungata sarpaly döwürde işlemek, döretmek üçin döredilýän ajaýyp mümkinçiliklerden göwni galkynýan halypa suratkeşe biz geljekde hem nakgaşçylyk sungatynda uly üstünlikleri arzuw edýäris!

       

Makul Hyzmat Terjime Merkeziniň hemaýätkärliginde gurnalan ähli söhbetdeşliklerimizi okamak üçin :

Türkmenistanyň at gazanan artisti Zylyha Kakaýewa bilen söhbetdeşlik

Türkmen aýdymçysy Çynara bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti  Hakberdi Hudaýberdiýew bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýew bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kakageldi Seýitmuhammedow bilen söhbetdeşlik

ReŽissýor Öwezmämmet Galandarow bilen söhbetdeşlik 

Ýaş zehinli kompozitor Begenç Hojaýew bilen söhbetdeşlik

 

Ýene-de okaň

FIFA, Türkmenistan’da futbolun geliştirilmesine yönelik girişimleri destekliyor

Rogun HES: Dünyanın En Yüksek Barajından Daha Etkili Ne Olabilir?

Türkmenistan ile Romanya eğitim işbirliğini güçlendirecek

Türkmenistan ile Malezya enerji sektörü dışında işbirliğini güçlendirmeyi hedefliyor

Türkmenistan ile Malezya tarım alanında işbirliği fırsatlarını araştırıyor

2024 yılında Türkmenistan-Rusya ilişkileri