GENEL

Raýatlaryň Türkmenistandan gitmegi we Türkmenistana gelmegi

Türkmenistanyň her bir raýatynyň Türkmenistandan gitmäge we Türkmenistana gelmäge hukugy bardyr.

Eger Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalary arkaly başga tertip bellenilmedik bolsa, Türkmenistanyň raýatlary barylýan ýurduň wizasy ýa-da degişli rugsatnamasy bar mahaly Türkmenistanyň Döwlet serhedinde ýerleşen, halkara gatnawlary üçin açyk bolan gelip-gidýänlere gözegçilik postlarynyň üstünden Türkmenistandan gitmäge hukuk berýän hakyky resminamalar boýunça Türkmenistandan gidýärler.

 
Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlarynyň Türkmenistanyň çäginden gitmegi 

Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlary öz ata-eneleriniň ýa-da beýleki kanuny wekiliniň biri bilen ýurduň çäginden gidip bilerler, şunda ata-eneleriniň beýlekisiniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy bolmalydyr.

Türkmenistanyň 18 ýaşyna ýetmedik raýatlary ýany bilen gidýän adamyň adyna öz kanuny wekilleriniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy boýunça şol wekiller ýany bilen gitmezden Türkmenistandan gidip bilerler. Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýaty ýany bilen hiç kim gitmezden Türkmenistandan gidýän  halatynda, onuň ýanynda kanuny wekilleriniň şol raýatyň gitjek senesini we barýan ýurduny görkezýän we kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy bolmalydyr.

Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýaty (çaga) sport ýaryşlaryna, bilim bäsleşiklerine, medeni-köpçülikleýin, aýdym-saz we beýleki çärelere gatnaşmak, şeýle hem saglygyny bejertmek we okuw maksatlary bilen we beýleki ýagdaýlarda kanuny wekiliniň ýa-da başga adamyň ýanynda bolmagynda, onuň kanuny wekilleriniň biriniň kepillendiriş tertibinde tassyklanylan ynanç haty boýunça Türkmenistandan gitmäge haklydyr.

Kanuny wekili bolmadyk mahalynda kämillik ýaşyna ýetmedik raýatyň gitmegine hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan rugsat berlip bilner.

Kanuny wekili bolmadyk mahalynda kämillik ýaşyna ýetmedik raýatyň gitmegine hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan rugsat berlip bilner. Kämillik ýaşyna ýetmedik raýatyň gitmegine rugsat bermekden ýüz dönderilmegi kazyýete şikaýat edilip bilner.

Kämillik ýaşyna ýetmedik raýatyň Türkmenistandan gitmeginiň meseleleri boýunça ata-eneleriň arasyndaky düşünişmezlikler kazyýet tertibinde çözülýär.

14 ýaşdan 18 ýaşa çenli Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlarynyň Türkmenistandan hemişelik ýaşajak ýerine gitmegi diňe olaryň ýazmaça görnüşde beýan edilen we kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy bar mahaly amala aşyrylyp bilner.

 

Türkmenistanyň kämillik ukyby bolmadyk raýatlarynyň Türkmenistandan gitmegi

Kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistandan gitmäge olaryň kanuny wekilleriniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy esasynda ýa-da kazyýetiň çözgüdi esasynda rugsat berlip bilner.

 

Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistandan gitmäge we Türkmenistana gelmäge hukuk berýän resminamalar

1. Türkmenistandan gitmäge we Türkmenistana gelmäge hukuk berýän hem-de Türkmenistanyň raýatynyň şahsyýetine güwä geçýän resminamalar şular bolup durýar:

  • Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty;
  • Türkmenistanyň raýatynyň diplomatik pasporty;
  • Türkmenistanyň raýatynyň gulluk pasporty.

Bu resminamalar Türkmenistanyň eýeçiligi bolup durýar we olar kanunalaýyk resmileşdirilen halatyndaTürkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin hakykydyr.

2. Türkmenistanyň raýaty ýokrada agzalan ýol resminamalary ýitiren halatynda, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň ýa-da konsullyk edaralarynyň Türkmenistana gaýdyp gelmek üçin berýän şahsyýeti tassyklaýan resminamasy Türkmenistana gelmek üçin hukuk berýän resminama bolup durýar.

3. Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan halatlarda Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin şu maddanyň birinji böleginde görkezilen resminamalaryň ýerine beýleki resminamalar peýdalanylyp bilner.

 

Source : www.migration.gov.tm

 

Türkmenistana iberjek resminamalaryňyz boýunça terjime hyzmaty

Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul 

E: Mail Adres : atavatanltd@gmail.com        

Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)

IMO Atavatan : +90 532 401 71 52

WhatsApp  Atavatan : +90 532 401 71 52

Telefon : +90 212 633 40 00 (Türkiye)

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistan’da sahne aldı

Çin-Kazakistan-Türkmenistan-İran koridorunda taşımacılık hacmi %31 arttı

Türkmenistan Devlet Başkanı BDT Devlet Başkanları gayrı resmi zirvesine katıldı

Türkmenistan Devlet Başkanı İlham Aliyev’e taziye mesajı gönderdi

Yılın Kelimesi: Makul Sözlük ile 1000 Manat Kazanma Şansı!

Aşkabat “Orta Asya + ASEAN” formatının oluşturulmasını öneriyor