DÜNYA

Owganystanyň garaşsyzlygynyň 100 ýyllygy bellendi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Owganystan Yslam Respublikasynyň milli Garaşsyzlygynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Owganystanyň ýurdumyzdaky ilçihanasy tarapyndan guralan çärä Türkmenistanda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we beýleki myhmanlar gatnaşdylar. Atawatan Türkmenistan halkara Žurnalyna hem çakylyk iberilen dabarada Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Kapujy öz ýurduna wekilçilik etdi.

Owganystanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mirwais Nab dabaraly çärede eden çykyşynda öz ýurdunyň Garaşsyzlygyny gazanan gününden bäri geçen 100 ýylyň dowamynda köp sanly kynçylyklara duçar bolandygyny, soňky 19 ýylyň dowamynda bolsa, owgan halkynyň ykdysadyýetde, ylym-bilimde, ynsanperwer ugurlarda uly ösüşler gazanandygyny belledi.

Şeýle hem ilçi söwda we üstaşyr geçelgeleriň merkezinde ýerleşýän Owganystanyň milli bähbitlerini hem nazarda tutup, sebitdäki we dünýäniň ençeme ýurdy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýandygyny aýtdy. Ilçi hususan-da, Owganystanyň hökümetiniň iň ýakyn goňşusy Türkmenistan bilen bilelikde birnäçe iri taslamalary – Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektirk geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan polat ýoly, Türkmenistan-Hyrat demir ýoly ýaly ençeme taslamalary durmuşa geçirýändigini belledi. 500 kilowat güýjenmeli elektrik geçirijisi, TUTAP, Turgundy, Hyrat, Çemen awtomobil ýollary, Çabahar-Howaf-Hyrat demir ýoly, “CASA-1000” elektrik geçirijisi we “Lazurit” ulag-üstaşyr geçelgesi taslamalarynyň ähmiýetiniň uludygy bellendi.

Owgan ilçisi bu taslamalaryň Owganystany Merkezi Aziýa sebiti bilen Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasynda esasy söwda we üstaşyr merkezine öwürjekdigini belläp, şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goldaw we ýardam berýän Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygyny bildirdi.

Ilçi çykyşyny “Ýaşasyn Owganystan!, Ýaşasyn Türkmenistan! Ýaşasyn erkinlik!, Iki erkin we şanly halkyň we döwletiň dostlugy baky bolsun!” ýaly sözler bilen tamamlady.

Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň hökümetiniň wekilleri hem Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallasy bilen türkmen-owgan gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejelere göterilendigini belläp, owgan halkyny şanly senä – milli Garaşsyzlygynyň 100 ýyllygy bilen gutlady.

Dabaranyň çäklerinde myhmanlara hödür-kerem edildi.

Ýene-de okaň

ALSA Tarafından Başarıyla Düzenlenen Etkinlik: LL.M. Kariyerleri ve J.D. Geçiş Paneli Büyük İlgi Gördü

Ata Watan Eserleri

Kaliforniya Üniversitesi’nde Türkmen şarkısı “Sana Geldim” yankılandı.

Ata Watan Eserleri

San Francisco’da İlk Kez Düzenlenen Türk Festivali’nde Türkmenistan Tanıtılacak

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da 2 Milyar Dolarlık Yüksek Hızlı Karayolu İnşaatı Başlıyor

Türki Devletleri Teşkilatı Enerji Bakanları Toplantısı Bişkek’te Gerçekleştirildi

Serhetabat-Herat Gaz Boru Hattı 2 Yıl İçinde Tamamlanacak