GENEL

Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça işler

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň  Prezidenti ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, paýtagtymyzyň we welaýatlarynyň häkimleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Maslahatyň dowamynda esasan arassaçylyk ýagdaýyny saklamak, keselleriň öňüni almak hem-de ilata edilýän lukmançylyk hyzmatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirlen anyk çäreleri işläp taýýarlamak barada meselelere garaldy. Şeýle hem ýüze çykýan ýokanç keselleriň, dümewiň ýaýramagyna gözegçilik boýunça maksatnamany işläp taýýarlamaga degişli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Giň gerimli we maksadalaýyk işleriň geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda howply ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak babatda netijeli işleriň alnyp barylýandygynyň subutnamasydyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistan ekonomisi 2026 yılının ilk çeyreğinde 6,3 oranda büyüdü

Türkmenistan’da rektör atamaları

Türkmenistan Enerji Bakanı Kazan Uluslararası Elektrik Enerjisi Forumu’na katıldı

Ataguliyev: Türkmenistan ulaşım koridorlarının geliştirilmesine özel önem veriyor

Türkmenistan Azerbaycan’a teşekkür etti

Türkmenistan ile Tunus Dışişleri Bakanları telefonda görüştü