GENEL

Oguzhan adyndaky Uniwersitet okuwa çagyrýar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky InŽener-tehnologiýalar uniwersiteti 2018-nji ýylyň 16-nji maýynda sagat 16:00-da orta mektepleriň okuwçylaryny, önünçilikde zähmet çekýän ýaşlary “Açyk gapylar” gününe çagyrýar. Türkmenistan gazetinde ýerleşdirilen bildirişe görä, “Açyk gapylar” gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň  ýurdumyzyň bilim, ylym, ykdysadyýet pudaklarynyň öňünde goýýan meselelerini döwrebap, toplumlaýyn çözmek, ýokary hilli bilimi, netijeli düýpli ylmy ýola goýmak maksady bilen döredilen innowasion görnüşli uniwersitetde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri, şeýle hem talyplaryň ýokary derejede bilim alyp, kämil bakalawrlar, magistler bolup ýetişmekleri üçin döredilen şertler bilen hem-de döwrebap ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen abzallaşdyrylan okuw otaglary, barlaghanalary we kitaphanasy bilen tanşyp bilerler.

Uniwersitetiň  Salgysy : Aşgabat şäheriniň Köşi köçesiniň 100-nji jaýy

Ýene-de okaň

Hakan Fidan ve Raşid Meredov telefon görüşmesi gerçekleştirdi

Türkmenistanlı boksör, Ulanbator’daki Asya Boks Şampiyonası’nda yarı finale yükseldi

Afganistan ilk “Afganistan-Orta Asya” İstişare Diyaloğu’na ev sahipliği yaptı

Rusya–Türkmenistan–Afganistan yeni transit koridoru oluşturulacak

Türkmenistan ekonomisi 2026 yılının ilk çeyreğinde 6,3 oranda büyüdü

Türkmenistan’da rektör atamaları