GENEL

Mobil gapjygyny edinsene

Haçan-da öýüňizden söwda etmäge ýa-da başga maksat bilen çykan wagtyňyz içi pully gapjygyňyzy ýanyňyz bilen alyp çykmaly bolýarsyňyz. “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky müşderilerine hödürleýän “Rysgal Pay” mobil gapjygy  sizi bu aladadan diňdirer. Bankyň bu hyzmatyndan peýdalanan ýagdaýyňyzda, içi pully gapjygyňy ýanyňda göterip ýörmegiň zerurlygy hem ýok boljaga meňzeýär.  Bu elektron gapjygyň üsti bilen öz tölegleriňizi şeýle ýönekeý, şeýle amatly, şeýle tiz we ygtybarly ýagdaýda töläp bilersiňiz.

Bu Elektron gapjyk – mobil enjamynda gurnalýan programma bolup, ulanyja elektron puly saklamaga we olaryň kömegi arkaly internetde nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmaga ýol berýär. Elektron gapjyk aslyýetinde bank hasabyna meňzeşdir.

“Rysgal Pay” mobil gapjygy nähili edinip bolar?

– Mobil gapjygy programmasy arkaly mobil gapjygyny açyp bolýar. 

Gapjygy nähili dolduryp bolar?

  • öňünden tölegiň ýörite kartoçkasyny satyn almak arkaly; 
  • internet-bankdan peýdalanmak arkaly;
  • bankomat arkaly; 
  • bank pul geçirimini amala aşyrmak arkaly; 

töleg terminalyny ulanmak arkaly. 

Ýene-de okaň

ABD Özel Temsilcisi, Türkmenistan Dışişleri Bakanı ile görüştü

FAO Genel Direktörü Türkmenistan’da üst düzey görüşmelerde bulundu

“Orta Asya – Rusya” formatında üst düzey istişareler gerçekleştirildi

Aşkabat’ta Dünya Türk Dili Ailesi Günü kutlandı

ABD Özel Temsilcisi Sergio Gor’un Türkmenistan ziyareti

Türkmenistan’ın SPECA ülkeleriyle ticaret hacmi 2025 yılında 2,2 milyar doları aştı