GENEL

«Minecaft» ― XXI asyryň iň gowy wideooýny

Beýik Britaniýanyň «The Guardian» neşiri XXI asyryň iň gowy wideooýunlarynyň reýtingini düzdi. «REGNUM» agentliginiň bu baradaky habarynda aýdylyşy ýaly, sanawa 2000-nji ýyldan bäri çykan meşhur oýunlar girizildi.

Şeýlelikde, sanawyň birinji ornuna «Gum sagat» toparyna degişli «Minecaft» atly wideooýun ýerleşdirildi. Ol muşdaklary bilen ilkinji gezek 2009-njy ýylda didarlaşypdy. 2019-njy ýyla çenli bolsa bu oýnuň 175 million nusgasy satyldy. Häzir smartfonlardan başlap, wirtual kompýuterlere çenli bu oýny oýnamak mümkindir.

Ikinji orny «Nintendo Switch» platformasy üçin taýýarlanan «The Legenda of Zelda» tapgyrynyň «Breath of the Wild» (2017-nji ýyl) eýeledi. Sanawyň ilkinji üçlügini bolsa 2011-nji ýylda «PlayStation 3» hem-de «Xbox 360» platformalary üçin taýýarlanan «Dark Souls» atly oýnuň birinji tapgyry jemledi.

Şeýle hem «Half-Life 2», «Wedmak 3», «GTA V», «Halo», «Portal 2», «BioShock» hem-de «Bloodborne» ýaly oýunlar asyrymyzyň iň gowy wideooýunlarynyň hatarynda görkezildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Kazakistan’da

Rusya ile Türkmenistan kara metal üretimi için çalışıyor

Türkmenistan Orta Asya-Rusya Sanayi Bakanları’nın ilk toplantısına katıldı

TÜRKSOY’un Molla Nasreddin filminin çekimleri Türkmenistan’da yapıldı

Türkmenistan Dışişleri Bakanı ile İran Yol ve Şehircilik Bakanı telefonda görüştü

Türkmen Atasözleri Amerika’da İngilizce Olarak Yayımlandı

Dr.Döwran Orazgylyjov