GENEL

Migrasiýa Gullugy : Bäş Sorag- Bäş Jogap

Sorag: Men Türkmenistanyň raýaty. Russiýa Federasiýasyna göçüp gidýän adamyň statusy boýunça hemişelik ýaşamaga göçüp gitdim. Men Türkmenstana dolanyp barasym gelýär. Meniň ata- watanyma dolanyp barmaga hakym barmy?

“Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda Türkmenistandan gitmek hakynda arza bilen ýüz tutan Türkmenistanyň raýatlary we olaryň maşgala agzalary, şeýle hem hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistandan giden Türkmenistanyň raýatlary hemişelik ýaşamaga ýa-da belli bir wagtlyk Türkmenistana yzyna gaýdyp gelenlerinde, Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kepillendirilýän ähli hukuklardan peýdalanýarlar we kanunda göz öňünde tutulan borçlary çekýärler.

Sorag: Men Türkiýe Respublikasynyň raýaty Aşgabat şäherinde gurluşyk işini alyp barýan bir Türk kompaniýasynda inŽener bolup işleýärin. Meni Türkmenistanda iş alyp barýan başga bir Türk kompaniýasy ýokary aýlykly bir işe çagyrýar. Men başga bir kompaniýada nähili ýagdaýda işläp bilerin?

Sizi täze işe çagyrýan kompaniýa siz üçin iş rugsatnamasyny Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyndan resmileşdirýär. Siz hem şol iş rugsatnamasy esasynda köne kompaniýaňyzdan işden çykyp, täze kompaniýada işläp bilersiňiz.

Sorag: Men Russiýa Federasiýasynyň raýaty adamymyň çakylygy esasynda hususy wiza esasynda Aşgabat şäherinde hasaba durup ýaşaýaryn. Men nähili ýagdaýda Türkmenistanda işläp bilerin?

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan resmileşdirilen iş rugsatnamasy esasynda Türkmenistanyň çäginde işläp bilersiňiz?

Sorag: Men Özbegistanyň raýaty, adamymyň çakylygy esasynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde hasaba durup ýaşaýaryn. Meniň gaýyn enem we gaýyn atam Mary şäherinde ýaşaýarlar. Men şolaryň ýanyna çagalarym bilen wagtlaýyn gidip gelmäge hyýallanýaryn. Men nähili ýagdaýda Mary şäherine hususy maksat bilen gidip-gelip bilerin?

Türkmenistana hususy işler bilen gelen daşary yurt raýatlary üç günden köp möhletli (on bäş günden az bolan) gezelenjiň bir gün öňünden hasaba duran migrasiýa edarasyna habar bermek arkaly başga bir ýere gidip bilerýärler.

Sorag: Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty haýsy möhletlerde resmileşdirilýär?

Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin biometriki maglumatly pasporty 5 ýyla çenli möhlet bilen resmileşdirilýär.

Migrasiýa bilen has giňişleýin maglumat üçin

Atavatan Danışmanlık LTD (Stambul) şereketine ýüz tutup bilersiňiz!

Habarlaşmak üçin

 

Stambul, Güneşli Mah, Kırazlı Cad. Önka İş Merkezi, N 8 D/116, Güneşli-Stambul

 

E: Mail Adres : tercume@atavatan-turkmenistan.com  

 

Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)

 

Telefon : +90 212 550 61 49 (Türkiye)

Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habar Agentligi (ATHA)

 Resmi  Facebook Hasabymyz üçin  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/    

Resmi Line Hasabymyz üçin 

https://line.me/R/ti/p/%40atavatanjournal

Line İD : @atavatanjournal       

 Resmi Twitter Hasabymyz üçin 

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hasabymyz üçin 

 https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

 

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistan’da sahne aldı

Çin-Kazakistan-Türkmenistan-İran koridorunda taşımacılık hacmi %31 arttı

Türkmenistan Devlet Başkanı BDT Devlet Başkanları gayrı resmi zirvesine katıldı

Türkmenistan Devlet Başkanı İlham Aliyev’e taziye mesajı gönderdi

Yılın Kelimesi: Makul Sözlük ile 1000 Manat Kazanma Şansı!

Aşkabat “Orta Asya + ASEAN” formatının oluşturulmasını öneriyor