GENEL

Köňülöwrenış we onuň Türkmençe Nusgalary

Aslynda biziň esasy maksadymyz köňül öwrenmeklige ünsi çekmekden ybaratdyr. Bu mesele henize çenli doly öwrenilmedik meseleleriň biridir. Şonuň üçin köňül öwrenmeklige synanyşyk anyk mysallarda has-da aýdyň görünýär. Muny dört sözlemden ybarat bolan aşakdaky tekstden hem öwrenip bileris:

  “Halnazar öwhüldäp dem aldy-da, eden işine ökündi. Men garyby ynjatdym. Onuň garşysyna gitdim. Belki, meni şonuň dogasy tutandyr diýip oýlandy.” [Berdi Kerbabaýew. Aýgytly ädim, TDN, I, 1955:350].

Ynha, oýnam sözlemden ybarat bolan kiçijik tekst. Ýöne munuň köňli öwrenmekdäki hyzmaty gaty uludyr. Muny rus alymy P. Belýaniniň köňül biliminiň obýektini seljerip öwrenmekde we ony doly derňew etmekde esasy serişde tekstdir [Белянин Ð’. П.  Психолингвистика. Ðœ., Флинта, 2003:57-66][1] diýen sözleri bilen düşündirmekligi ýerlikli hasaplaýarys.

Tekst meselesinde öňi bilen bellenilmeli zat şudur: her bir tekstiň düzümi has sadalaşdyrylmalydyr, onuň düzümini emele getirýän iň ownuk bölekleri hem hasaba alynmalydyr, ondaky beýan edilen her bir maglumat anyk we içgin seljerilmelidir we köp taraply derňelip, doly öwrenilmelidir:

Ýokardaky teksti emele getirýän nano parçalaryň nusgasy:

Halnazaryň öwhüldäp dem alşy;

Onuň eden işine ökünmegi;

Garyby ynjatmagy;

Garybyň garşysyna gitmegi;

Ony garybyň dogasynyň tutmagy… hakyndaky oýlanmalary…

Alyp baran ylmy gözegçiligimiz esasynda bu tekstiň manydyr mazmuny tutuşlygyna paýhas eleginden geçirdik we gürrüňi edilýän Halnazaryň ýagdaýy, içki dünýäsi bilen baglanyşykly şeýle netijeleri öwrendik:  

 

1.Tekstologik gözegçiligimizde, biz öňi bilen Halnazaryň dem alyşynyň kadaly däldigini bellige aldyk. Onuň eden işiniň, hereketiniň, ýagdaýynyň dem alşyna täsir edendigini ýazga geçirdik. Şol sebäpli onuň şu wagtky dem alşy adatdakylaryndan tapawutly diýen netijä geldik.

2.Halnazaryň dem alşynyň öňsyrasyndaky ýagdaýy ýazga geçirdik we “öwh” sözünden dörän “öwhüldemek” işligini hasaba aldyk. Ses aňladýan bu işlik öz täsirini subýekte anyk derejede ýetipdir we ony ynjakykdan gaçyrypdyr, saglyk ýagdaýyny kadasyzlaşdyrypdyr.

3.Şol täsiri doly anyklamak üçin käbir sözüň sözlüklerdäki häsiýetnamasyny içgin öwrenmeli bolduk. Ynha, şolaryň biri: “Öwh, kynçylyk çekilende, gaty ýadalanda, bir zadyň güýçli täsiri netijesinde uludan dem almak bilen aýdylýan ümlük”; “öwhüldemek, gynançly uludan dem almak, öwh çekmek[2]

Sözlügiň berýän häsiýetnamasyna görä, gürrüňi edilýän şahsyň haýsydyr bir zat üçin kynçylyk çekýändigini, gynanýandygyny anykladyk. Şol gynanç sebäpli-de onuň uludan dem alandygyny (öwhüldändigini) hasaba aldyk.

4.Halnazaryň eden işiniň nädogry işdigini belledik. Şonuň üçin ol öz eden işine ökünýändigini hasaba aldyk.

5.Şol ökünji doly öwrenmek üçin käbir sözüň sözlüklerdäki häsiýetnamasyny içgin anyklamaly bolduk. Ynha, şolaryň biri: “ökünmek, öz eden nädogry işiň üçin ahmyr çekmek, gynanmak, puşman etmek, nebsiň agyrmak[3].

Ökünmegiň esasynda nädogry edilen iş ýatýandygy anyklanyldy.   

6.Halnazaryň nädogry işiniň nähili iş bolandygyny öwrenmeklige synanyşdyk we şol işiň bir garyby ynjatmak bilen baglanyşykly bolandygyny hasaba aldyk.

Ynjatmak, 1.Biriniň göwnüni galdyrmak, göwnüne degmek. 3. Ezýet bermek, azap bermek, horlamak[4]; “göwnüni galdyrmak; göwne degmek, närazy etmek, öýkeletmek, ynjatmak[5] 

7. Halnazar Garybyň garşysyna gidip, nädogry hereket edendigini anykladyk. Onuň bu ýagdaýy öz dili bilen beýan edendigini ýüze çykardyk:

 “garşysyna gitmek, biriniň pikiri, hereketi bilen razylaşman, onuň pikirine garşy bolmak, garşy durmak, garşy çykmak, ters hereket etmek[6] 

8.Halnazar özüniň häzirki düşen şowsuz ýagdaýyny ähtimallygyny gözleýar. Soňunda şol ähtimallygy Garyba eden ters hereketine baglaýar. Şonuň dogasy tutan bolaýmagy mümkin diýip oýlanýar.

Türkmen diliniň sözlüklerinde duş gelmese-de, “dogasy tutmak” diýen durnukly aňlatmadan şeýle manyny almak mümkindir: “dogasy tutmak, biriniň garşysyndaka aýdan gargyş dogasynyň hasyl bolup, gargalýan adama siňmegidir.” Aslynda “tutmak” işligi türkmen diliniň gepleşiginde “ (beren) duzy tutmak”; “(beren) çöregi tutmak”, “(emdiren) süýdi tutmak” ýaly bir tarapy mukaddes zatlar bilen hem baglanyşykly ulanylýar.     

9. Halnazaryň çaklamasyna görä, özüni Garybyň dogasy tutan bolmaly. Bu Halnazaryň göwnüne getirýän garaýşydyr.

Ýokardaky tekste görä, Halnazaryň köňlüni bilmek üçin geçiren barlagymyzyň doly däl nusgasy tamamlandy. W.P. Gluhowyň pikiriçe[7], sözleýşiň bölekleýin gurluşynyň birinji fazasy tamamlandy. Doly däl bolmagynyň sebäbini şol tekstde okyjylara doly anyklanylmaýan käbir zatlaryň bardygy bilen düşündirmek bolar.

Özünde esasy maglumatlary birleşdirýän soraglar:

1.Halnazaryň eden işiniň doly analizi

2.Şol ynjydylan kişi barada doly maglumat

3.Şol şahsyň eden gargyşynyň esasy nämeden ybaratdyr?

Başgaça aýdylanda, Halnazar gürrüňi edilýän garyp bilen baglanyşykly nähili iş etdikä? Halnazary kimiň dogasy tutduka? Oňa kimiň gargyşy siňdikä?

Halnazaryň eden işi: Karam bije bilen garybyň ogluny pälelige iberipdir. Muny şol garybyň wolostnoýa arzyndan hem bilmek bolýar: “Woloznoýjan, gurbanyň bolaýyn, balam, meniň arzymy diňle. Men Goşa obasyndan. Meniň ömrümiň soňunda göz dikip oturan diňe ýekeje oglum bar. Ony karam bije bilen pälelige iberýärler.” [Berdi Kerbabaýew. Aýgytly ädim, TDN, I, 1955:348]

Halnazaryň eden işi: Bijäni özi çekip, çeken bijesini hiç kime görkezmän, garybyň ogluna-da “seniňki galdy” diýipdir:

“-Beýle zat bolmaz. Ýalandyr.

-Wah, sadagaň gideýin…

-Kim iberýä?

-Şol öz obamyzdaky Halnazar baý.

-Halnazar baý nähak iş etmez!

-Başyňa döneýin, woloznoýjan, meniň sözüme ynan; ol onuň bijesini özüne görkezmän, seniňki galdy diýip, zyňyp goýberipdir. Näçe gerek bolsa, oňa şaýadym bar.” [Berdi Kerbabaýew. Aýgytly ädim, TDN, I, 1955:349]

Goşa obasyndan aýagyny süýräp gelip, wolostnoýyň öňünde dyz çöküp ýalbarýan Aşyryň ejesidir:

Aşyryň ejesi hem aýagyny süýräp gelipdi. Şäheri onuň birinji görüşidi. Otlynyň gugurýan seslerinden haýykdy, öý ýaly süýşüp gelýän garakelleden gorkdy, şakyrdaýan arabalar, janly faýetonlar onuň gulagyny kamata getirdi, dürli ys burnuna urdy, meňzeş köçeleri, meňzeş adamlary biri-birinden aýryp bilmedi, diwan haýsy, dükan haýsy seljermedi. Iň soňunda sorag-ideg bilen tapyp, wolostnoýyň öňünde dyzyna çökdi.” [Berdi Kerbabaýew. Aýgytly ädim, TDN, I, 1955:349]

Obadan ilkinji gezek şähere gelen we uýezd başlygynyň kabulhanasyna alynmadyk, gursagyndan iteklenen Aşyryň ejesidir: “Garry, uýezd naçalniginiň diwanyna kabul edilmän, gursagyndan iteklendi. Ol, köşegini aldyran düýe ýaly, bozlap, yzyna gaýtdy.” [Berdi Kerbabaýew. Aýgytly ädim, TDN, I, 1955:349]

Aşyryň ejesi şol ýerden yzyna gaýdyp gelýärkä, onuň öňünden çykan Halnazar baýdyr:

Ol, Bazar köçesiniň gaýra çetine baranda, Halnazar onuň öňünden çykdy. Emma müýnli ýaly boldy-da, onuň gargyşyndan sowuldy.” [Berdi Kerbabaýew. Aýgytly ädim, TDN, I, 1955:349]

Halnazara ýokardaky eden nädogry işleri üçin, jany ýanyp, oňa gargyş dogasyny aýdan Aşyryň ejesidir:

Garry janynyň ýangyjyna oňa gargyş etdi: “-Heý ylahym, öýüňde ölmäsiň, duluňda süýnmäsiň! Çagalaryňa guwanmasyň! Itiň art aýagyndan suw içesiň! Iýeniň awy bolsun, içeniň zäher!

Halnazar, göýä diýersiň, garrynyň gargyşyny eşitmedik ýaly, iki elini syrtyna tutup, köçäniň burçundan öwrüldi.” [Berdi Kerbabaýew. Aýgytly ädim, TDN, I, 1955:350]   

Halnazar baýyň “Belki, meni şonuň dogasy tutandyr diýip oýlanan” gargyşynyň doly teksti bary-ýogy dört sözlemden ybaratdyr. Halnazaryň köňül dünýäsiniň dört tarapynam agdar-düňder eden bu gargyş başga bir jogapkärçilikli meseläniň çözgüdini gün tertibinde goýýar. 

Adaty ýagdaýda, pähim-paýhaslylygyň pelsepesi-de, akyl ýetirijiligiň psihologiýasy-da, çydamlylygyň neýrologiýasy-da ýaşy segsene ser uran türkmen enesinden beýle gargyşa garaşmaýar. Şonuň üçin bu ugurlar (pähim-paýhaslylygyň pelsepesi, akyl ýetirijiligiň psihologiýasy, çydamlylygyň neýrologiýasy) türkmen ejesine mahsus bolmadyk hetden aşa hasaplanylýan bu gargyşyň sebäplerini çintgäp öwrenmegi we içgin derňemegi talap edýär. Bu bolsa ene göwnüni (köňlüni) öwrenmek bilen baglanyşykly aýratyn bir meseledir.

Halnazaryň çeken karam we gara bijesi bilen nähak ýere pälelige ugradylan Aşyryň ejesi, Bibi eje Goşa obasyndan aýagyny süýräp, Tejen şäherine gelen garry enedir. Obada önüp ösen sada türkmen enesiniň şähere geliş maksady öz maşgalasynyň hak-hukugyny goramakdyr, diwandan adyllygy talap etmekdir.

Iň soňunda sorag-ideg bilen tapyp, wolostnoýyň öňünde dyzyna çökdi:

Woloznoýjan, gurbanyň bolaýyn, balam, meniň arzymy diňle. Men Goşa obasyndan. Meniň ömrümiň soňunda göz dikip oturan diňe ýekeje oglum bar. Ony karam bije bilen pälelige iberýärler.”

Mysaldan-da görnüşi ýaly, enäniň diwana geliş ýagdaýy, özüni alyp barşy we wolostnoýa ýüz tutuşy edeplidir, hatda nusga alarlydyr. Onuň sözleýşinde ýüz tutmanyň üç ölçegli (resmilige, ynanja, ynsanlyga görä) naýbaşy nusgasy bardyr:

1) resmilik (woloznoý + jan),

2) wepadarlyk, ynamdarlyk (gurbanyň bolaýyn)

3) ynsanlyk, mähribanlyk (balam)

Şu ýerde ýene bir hakykaty beýan etmelidiris. Türkmenlerde enäniň öňünde dyza çökülip bilner, emma türkmen enesiniň kimdir biriniň öňünde dyza çökmegi asla makul görülmeýän ýagdaýdyr. Çünki, türkmenler enäni has gadymdan bäri mukaddes hasaplaýarlar we musulmanlaryň keramatly Käbäsi (käbäm enem durnukly aňlatmasyndaky ýaly) bilen bir hatarda goýup, ony diýseň ezizleýärler.

Talantly ýazyjysy Berdi Kerbabaýew öz romanynda türkmen enesini dyza çökermeginiň esasy maksady hökmünde şu üç sany aýratynlygy birleşdirip bütewileşdirmegi ýa-da şolardan birini saýlap almagy göz öňünde tutan bolmagy mümkin. Birinjisi, türkmen halkynyň däp-dessuryna görä, diwan başlygyna hormat goýulýandygyny görkezmek üçin alan bolmagy mümkin. Başgaça, muny şol döwrüň resmi düzgünine görä edilen hereket diýip kabul etmek bolar.

Ikinjisi bolsa, türkmen enesiniň üsti bilen tutuş türkmen halkynyň adyndan hakykata, adyllyga sygynýandygyny we hak işiň öňünde dyza çökýändigini görkezmek üçin alan bolmagy mümkin.   

Üçünjisi-de, türkmen enesiniň öz perzendi üçin ýalbaryşdyr ýakaryşynyň nähili derejede ýokarydygyny görkezmek üçin alan bolmagy ähtimal.

Türkmen enesiniň aýdan iň soňky ýalbaryş sözleri-de ünsi çekijidir.    

Garry ysgynsyz gollaryny sandyradyp naýynjar sypatda soňky sözüni aýtdy:

-Jan ogul, seniňem ejeň bardyr: sen akyp barýakaň, ejeň akylyny-huşuny ýitirip, özüni suwa urjagyny gözüň öňüne getirip gör. Men saňa mätäç; maňa rehim et!” [Berdi Kerbabaýew. Aýgytly ädim, TDN, I, 1955:349]

Garşysyndaka “jan ogul” diýip ýüzlenmegi bütin türkmen eneleriniň milli häsiýetine mahsus bolan iň esasy aýratynlyklaryndan biridir. Ene, diňleýjisiniň, garşydaşynyň ünsüni çekmek, ony razy etmek, öz haýyşyna ýok diýdirmezlik üçin, öz ornuny garşydaşynyň ejesine berip, oňa eneleriň “perzendi dartyş güýjüni” ýatladýar (Jan ogul, seniňem ejeň bardyr). Ýatlamanyň soňuny-da öz düşen ýagdaýyndan ugur alyp, ene bilen perzent arasyndaky howply ýagdaýy sahnalaşdyryp, garşydaşynyň gözleriniň öňünde sergileýär (sen akyp barýakaň, ejeň akylyny-huşuny ýitirip, özüni suwa urjagyny gözüň öňüne getirip gör). Bütin dünýäde göwre ýoly bilen rehimlileriň ýeke-täk dogrujysynyň – enäniň ýalbaryp-ýakaryşy-da özboluşly bir derse meňzeýär (Men saňa mätäç; maňa rehim et!).

Rehimdarlyk edilmeginiň, göwünlik berilmeginiň ýerine gursagyndan itilen, ýoluň kenaryna atylan türkmen enesinden mundan soňra süýji söze, hoş söze garaşmak asla mümkin bolmajakdygy bellidir. Ynha, munuň netijesi:

Garry janynyň ýangyjyna oňa gargyş etdi: “-Heý ylahym, öýüňde ölmäsiň, duluňda süýnmäsiň! Çagalaryňa guwanmasyň! Itiň art aýagyndan suw içesiň! Iýeniň awy bolsun, içeniň zäher!” [Berdi Kerbabaýew. Aýgytly ädim, TDN, I, 1955:350]

Belki-de, bu nusga türkmen enesiniň agzyndan çykyp biljek iň soňky we iň agyr gargyş nusgasydyr.

Garry janynyň ýangyjyna oňa gargyş etdi…” diýen sözlemiň gargyş bilen özara baglanyşykly bolan esasy sütünlerini gözden geçireliň:

Jan, 1.Adamyň psihiki içki dünýäsi, onuň aňy, duýgy düşünjesi we ş.m. ”;  “Janyň ýanmak, agyr degmek, otrisatel täsir etmek.”[8]; “Gargyş, birine erbet zady arzuw edilip aýdylýan ters dileg, paýyş söz, sögünç, nälet, ýigrenç.”[9]

Eýsem, hemişe dili senaly türkmen enesinden nädip şeýle agyr gargyş sözleri (-Heý ylahym, öýüňde ölmäsiň, duluňda süýnmäsiň! Çagalaryňa guwanmasyň! Itiň art aýagyndan suw içesiň! Iýeniň awy bolsun, içeniň zäher!)  çykdyka? Bu soraga dogry jogabyň berlip bilinmegi üçin, öňi bilen, enäniň gürrüňi edilýän wakasy bilen baglanyşykly ýagdaýlary doly öwrenilmelidir.

Netijede, garaşýan adyllygyndan, hak-hukugyndan nam-nyşan tapmadyk, ýörite ýol aşyp gelen gapysyndan göwne jaý söz eşitmedik, gaýtam tersine,  göwnüne deglen, göwni ýykylan, göwni bozulan, göwni syndyrylan, göwni döwlen, göwni galan, göwni närazy bolan türkmen enesiniň ruhy dünýäsi ýanýar. Muny awtor ýokardaky sözlemde “garry janynyň ýangyjyna” diýen durnukly aňlatma bilen teswirläpdir. Türkmen enesiniň içki dünýäsini, köňül hanasyny tutuşlygyna gurşap alan şol ot, onuň diline-de täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, garry ene özüniň ýeke-täk göz guwanjy bolan ogluny nähak ýere, karam bije bilen pälelige ugradan Halnazar baýa gargyş ýagdyrýar. 

Türkmenlerde adamy kemsitmek, ynjatmak, onuň göwnüni syndyrmak, ylaýta-da, ene-atanyň göwnüne degmek geçirimsiz günä hasaplanylýar we berk ýazgarylýar.

 


[1] Белянин Ð’. П.  Психолингвистика. Ðœ., Флинта, 2003:57-66.

[2] Türkmen diliniň sözlügi. Aşgabat, 1962:498.

[3] Türkmen diliniň sözlügi. Aşgabat, 1962:502.

[4] Türkmen diliniň sözlügi. Aşgabat, 1962:784.

[5] Türkmen diliniň sözlügi. Aşgabat, 1962:186.

[6] Türkmen diliniň sözlügi. Aşgabat, 1962:152.

[7] Глухов В.П. Основы психолингвистики. М., Астрель, 2008: 38.

[8] Türkmen diliniň sözlügi. Aşgabat, 1962:305.

[9] Türkmen diliniň sözlügi. Aşgabat, 1962:149.

Ýene-de okaň

FIFA, Türkmenistan’da futbolun geliştirilmesine yönelik girişimleri destekliyor

Rogun HES: Dünyanın En Yüksek Barajından Daha Etkili Ne Olabilir?

Türkmenistan ile Romanya eğitim işbirliğini güçlendirecek

Türkmenistan ile Malezya enerji sektörü dışında işbirliğini güçlendirmeyi hedefliyor

Türkmenistan ile Malezya tarım alanında işbirliği fırsatlarını araştırıyor

2024 yılında Türkmenistan-Rusya ilişkileri