Seret Kaka guwanarsyñ boýuma
Patañy ber gelejegme, öýüme
Ýyllar sürüp ýoldaş bolup toýuma
Ogul-gyzyñ üçin ýaşagyn Kakam!
Senden aldym paýhasyñy-akyly
Sen öwretdiñ ýerden alyp nakyly
Seniñ bilen gitsin dünýâñ akymy
Bize medet bolup ýaşagyn Kakam!
Gara başyñ egilmesin dik durgun
İndi dynç al hözür ogluñdan görgün
Sag-salamat bolup ýüz ýaşa bargyn
Ogla pena bolup ýaşagyn Kakam!
Barlygyñda ýürek senden suw içýâr
Maña medet beren arzuwlañ uçýar
Ene-Ata sag bolsunnur şonda saçýar
Öýmüzi doldurup ýaşasyn Kakam!
Söýünowa Gülşirin
Jemi 88 Eser Bäsleşýär : Ata Watan Eserleri
https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDU5Mw==
Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi
https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==
“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!
https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==