GENEL

Jokowiç Awstraliýa açygyň çempiony

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Awstraliýa açykda sekizinji gezek çempion boldy. Ol 4 sagat 3 minut dowam eden final duşuşygynda awstraliýaly Dominik Timi 6:4, 4:6, 2:6, 6:3, 6:4 hasabynda ýeňdi.

32 ýaşly Nowak mundan ozal hem Awstraliýa açykda 2008, 2011-2013, 2015, 2016 we 2019-njy ýyllarda çempion bolmagy başarypdy. Şeýlelikde, ol bu ýaryşyň rekordçy çempionydyr. Özi hem hut şu ýaryşyň finalyna çykyp bilen ýyllarynda ýekeje gezek hem ýeňilmedi.

Umuman, Jokowiç Uly tuwulga ýaryşlarynda jemi 17 gezek çempion boldy. Onuň esasy bäsdeşleri şweýsariýaly Rojer Federerde 20, ispaniýaly Rafael Nadalda bolsa 19 çempionlyk bar.

Melburn şäherinde gazanylan ýeňiş serbiýaly tennisçiniň bütindünýä sanawynda birinji orna çykmagyny hem üpjün etdi. Onuň finaldaky garşydaşy Dominik Tim bolsa bu sanawda dördünji orna çykdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan ekonomisi 2026 yılının ilk çeyreğinde 6,3 oranda büyüdü

Türkmenistan’da rektör atamaları

Türkmenistan Enerji Bakanı Kazan Uluslararası Elektrik Enerjisi Forumu’na katıldı

Ataguliyev: Türkmenistan ulaşım koridorlarının geliştirilmesine özel önem veriyor

Türkmenistan Azerbaycan’a teşekkür etti

Türkmenistan ile Tunus Dışişleri Bakanları telefonda görüştü