GENEL

Jeksonyň «täze» wesýetnamasy

Ady rowaýata öwrülen aýdymçy aradan çykmazyndan birnäçe ýyl ozal ýaşyryn wesýetnama galdyran eken. Bu wesýetnamanyň bardygy aýdymçynyň menejeri Reýmon Beýn aýdandan soň ýüze çykdy.

Mundan ozal Maýkl Jeksonyň 2002-nji ýylda ýazan wesýetnamasyna görä hereket edilýärdi. Ýöne täze tapylan wesýetnamanyň 2006-njy ýylda ýazylandygy belli boldy. Hukukçylaryň aýtmagyna görä, miras paýlaşygynda şoňa eýerilmegi gerek. Üstesine-de, soňky ýüze çykarylan wesýetnamada Jekson mirasynyň haýsy bölegini kime galdyrýandygyny takyk ýazypdyr.

Mundan ozal 2002-nji ýyldaky wesýetnama hukukçylarda we dünýä ýyldyzynyň maşgala agzalarynda käbir kynçylyklary döretdi. Ony kanuny diýip hasaplamak üçin birnäçe işleri geçirmeli bolupdy. Şol wesýetnama 2002-nji ýylyň 7-nji iýulynda aýdymçy Los-AnŽeles şäherindekä gol çekendigini aýdylýar.

Täze wesýetnama görä, aýdymçynyň mirasynyň 40 göterimi onuň ejesi Ketrine, ýene-de 40 göterimi üç perzendine galýar. Ol Galan 20 göterimini bolsa haýyr-sahawat gaznalaryna tabşyrmagy ündäpdir. Resminama gol çekilen wagty aýdymçynyň baýlygy 500 million dollara ýetýän eken.

Aýdymçynyň 2009-njy ýylyň 25-nji iýunynda Los-AnŽelesde aradan çykandygyny ýatladýarys.

Ýene-de okaň

Türkmenistan’da 2026 yılının ilk bebeği dünyaya geldi

“Makul Sözlük” – “Yılın Makul Sözü-2026”: Yhlas

Türkmenistan Havayolları, Abu Dabi Sefer Sayısını Artırıyor

Türkmenistan Rusya Devlet Başkanı’nın rezidansına yönelik saldırıyı kınadı

Semicenk: Türkmen sahnesinde sahne almak çok keyifli

Çin, Türkmenistan Vatandaşları İçin İndirimli Vize Ücretlerini Uzattı