DÜNYA

Jekki Çan 65 ýaşda-da batyrgaý

Golliwudyň 65 ýaşly hytaýly aktýory Jekki Çanyň hem surata düşen «Awangard» atly filmi kino sungatynyň muşdaklarynda uly gyzyklanma döretdi. Filmlerdäki howply sahnalary özi ýerine ýetirýänligi bilen aýratyn uly hormata eýe bolan Jekki Çan «The Straits Times» neşiriniň Žurnalistlerine bu film bilen bagly howply pursatlaryň biri dogrusynda gürrüň berdi.

Waka filmiň dartgynly pursatlarynyň birinde bolup geçýär. Aktýor sahnalaryň birinde deňziň düýbündäki daşlara gapjalyp galýar. Ol ýerden çykmak oňa ep-esli wagtlap başartmaýar. Tejribeli aktýoryň düşen ahwalyna düşünen kömekçileri soňra oňa kömege gelýärler.

«Meni birbada gorky basmarlady, titräp başladym. Deňziň düýbünde heläk bolup bilerdim. Suwdan çykanymda reŽissýor Stenli Tonganyň gözüne ýaş aýlananyny gördüm» diýip, aktýor bu pursat barada gürrüň berýär. Ýöne bu ýagdaý sebäpli tejribeli aktýor surata düşüriliş işleriniň saklanylmagyny oňlamaýar. Biraz özüni dürsänden soňra, ol hemişe bolşy ýaly, ikinji synanyşyk üçin deňze özüni oklaýar…
Jeki Çanyň täze filmi ― «Awangard» ilkinji gezek 2020-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda görkeziler. Hytaýly kinematograflar tarapyndan surata düşürilen täze filmde ol ogurlanan maillionerler maşgalasyny halas edýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan’da 18 yaş altı kişilerin pamuk işinde çalışmasına yönelik hukuki kısıtlama güçlendirildi

Ata Watan Eserleri

Orta Asya ve AB ülkeleri dışişleri bakan yardımcılarının toplantısı yapıldı

Büyükelçi Demirok: Türkmenistan gazı 1 Mart’tan itibaren Türkiye’ye gelecek

Ata Watan Eserleri

Dünyanın En İyi Türk Üniversiteleri: Türkmenistan’da Diploması Tanınanlar

Ata Watan Eserleri

Kazakistan Cumhurbaşkanı, Türkmenistan Dışişleri Bakanı ile Görüştü

Türkmenistan, Japonya ile İş Birliğini Genişletmeye Hazır