DÜNYA

Jeki Çandan million ýuanlyk baýrak

Dünýä belli hytaýly kino aktýor Jeki Çan Hytaýda dörän täze wirusa garşy derman serişdesini oýlap tapan adama 1 million ýuan (197 müň dollar) möçberinde pul baýragyny berjekdigini mälim etdi. Bu barada “The Straits Times” gazeti habar berýär.

– ylym we tehnologiýa wirusa garşy göreşmekde möhüm rol oýnaýar. Men ýaly, adamlar hem gysga wagtda bu wirusa garşy dermanyň tapyljakdygyna ynanýar. Bu dermany oýlap tapan kim bolsa-da, isle adam ýa-da gurama bolsun, şoňa minnetdarlyk hökmünde 1 million ýuan pul baýragyny bermek isleýärin – diýip, Jeki Çan “Weibo” atly jemgyýetçilik torundaky hasabyndan mälim etdi.

Çeki Çanyň baş keşpde surata düşen “Awangard” (“Öňde baryjy”) atly täze filminiň görkezilişi iň soňky pursatda täze wirus sebäpli ýatyrylypdy.

Hytaýyň Uhan şäherinde ýüze çykan bu wirusa resmi taýdan “NCP — “täze koronawirus pnewmoniýa» keseli diýlip at berildi. Hytaý bilen bir hatarda dünýäniň ähli ýurdunda bu wirusa garşy göreş alnyp barylýar. Hytaýyň Maliýe ministrligi bu wirusa garşy göreşmek üçin 71,85 million ýuan (10,26 milliard dollar) möçberinde pul serişdesini bölüp berdi. Pul serişdeleri ähli raýatlaryň saglyk hyzmatlary üçin peýdalanylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan’ın EXPO 2025 Pavilyonu: Kültür ile Teknolojinin Buluşma Noktası

Türkmenistan’ın EXPO 2025’teki Milli Günü Görkemli Şekilde Kutlandı.

İran Büyükelçisi: İran, Türkmenistan’ın Uluslararası Barış Girişimlerini Destekliyor

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da 18 yaş altı kişilerin pamuk işinde çalışmasına yönelik hukuki kısıtlama güçlendirildi

Ata Watan Eserleri

Orta Asya ve AB ülkeleri dışişleri bakan yardımcılarının toplantısı yapıldı

Büyükelçi Demirok: Türkmenistan gazı 1 Mart’tan itibaren Türkiye’ye gelecek

Ata Watan Eserleri