GENEL

Iň owadany ― Soltanyň goly

Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň gymmatlyklarynyň arasynda dünýä meşhur şahsyýetleriň gollary hem bar. Kitaphananyň Twitterdäki resmi sahypasynda ýazylyşyna görä, bu ýerdäki iň owadan gol Osmanly hökümdary Soltan Süleýmanyň goly diýlip yglan edildi.

«Biziň gaznamyzdaky iň owadan gol haýsy? Süleýman Birinjiniň Frasiske ýazan hatyndaky gola taý geljegi ýok» diýip, kitaphananyň resmi hasabynda aýdylýar.

1526-njy ýylda ýazylan hat: «Men soltanlaryň soltany, hanlaryň hany, hökümdarlara täç geýdirýän Allatagalanyň ýerdäki saýasy…» diýen setirler bilen başlaýar. 
Kitaphananyň golýazmalar gaznasynda saklanylýan hatyň uzynlygy 167,5, ini 35 santimetre deň bolup, ol 15 setirden ybarat. Hatyň möhürine we käbir sözlerine altyn çaýylypdyr.

Taryhy maglumatlara görä, Fransiýanyň Karoly Fransisk 1525-nji ýylda nemes Imperatoryndan ýeňilýär. Bu ýeňlişden soňra Karolyň ejesi ýardam sorap Soltan Süleýmana hat ýazypdyr. Kitaphananyň golýazma gaznasynda saklanylýan hat hem Karola ýazylan jogap haty bolmaly. Soltanyň golunyň niçik owadandygyny habarymyz bilen ugurdaş suratdan hem synlaýarsyňyz.

Related posts

“Super Bowl”-yň ýeňijisi belli boldy

vepa

The Exhibition of Turkmen art and culture opened in the Parliament of Romania

vepa

Dünya Bankası, Türkmenistan ile Avrupa’ya doğalgaz tedarik etmeye hazır

vepa