GENEL

Iň kän «akylly» telefon satan kompaniýa

«Huawei Technologies Co Ltd.» kompaniýasy penşenbe güni beren beýanatynda 2018-nji ýylda mobil telefonlaryň satyşy boýunça rekord derejä ýetendigini habar berdi. Şeýlelikde, 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilen 21 göterimlik ösüş gazanyldy. Maglumaty has takyklaşdyrsak, mobil telefonlaryň satuwyndan 2018-nji ýylda giren girdeji 109 milliard dollara barabar boldy.

Badyny birjik-de gowşatmaýan tehnologiýa ägirdi penşenbe güni dünýädäki ilkinji 5G internet modemleriniň biri bolan «Balong 5000-i» hem tanyşdyrdy. Örän ýakyn gelen 5G internet tizligi täze modemleriň söwdasynda-da uly şowlulygyň boljakdygyny buşlaýar.

Ýeri gelende, kompaniýanyň geçen ýylda, esasan hem, ýylyň ahyrynda käbir döwletlerde söwdasynyň çäklendirilendigini hem aýtmak gerek. Muňa garamazdan, bu çäklendirme bütin dünýä boýunça söwda öz täsirini ýetirmedi diýen ýaly. Ýer ýüzündäki esasy bäsdeşleriniň ählisinden köp girdeji gazanan kompaniýa ýene-de täzelikleriň gözleginde.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Orta Doğu’da gerilimin azaltılması çağrısında bulundu

Aşkabat, dünya enerjisinin siyasetten arındırılmasını savundu

Azerbaycan ile Türkmenistan eğitim alanında iş birliğini görüştü

Rusya Büyükelçisi: Rusya, kozmonot eğitimi konusunda Türkmenistan ile iş birliğine hazır

“Makul Dil Kılavuzu” ABD Kongre Kütüphanesi kataloguna girdi

İlk Orta Asya–Kore Cumhuriyeti Zirvesi için hazırlıklar Seul’de ele alındı