GENEL

Iň gowy Olimpiýa oýunlary üçin

Ýaponiýanyň Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy, dzýudo boýunça Olimpiýa çempiony Ýasuhiro Ýamasita TASS habarlar agentligine beren interwýusynda Olimpiada ― 2020-niň geçiriljek günlerinde Tokio şäherine geljek myhmanlara käbir maslahatlar bilen ýüzlendi.

Ol myhmanlaryň her biriniň ýapon myhmansöýerliginiň iň belent derejesi bilen garşylanjakdygyny aýdyp, her kimiň Ýaponiýadan öz Watanyna iň ýakymly duýgular bilen dolanjakdygyna ynandyrýar.

Şeýle hem ol daşary ýurtly myhmanlara Tokio şäherinde gezelenç edýärkäler, ýanlaryna hökman suw almagy maslahat berýär. Çünki Oýunlar tomusda geçiriler. Ýeňil geýinmek hem maslahat berilýär. Giden mähelläniň içinde haýsydyr bir lybasyňy ýitirseň, ony tapmagyň kyn düşmegi ahmal. Aslynda, Ýaponiýada erkekler hem, aýallar hem saýawandan giňden peýdalanýar. Ol diňe bir ýagyş-ýagmyr üçin däl, gyzgyn howadan goranmak üçin hem peýdalydyr.

Şeýle hem Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy ýapon aşhanasynyň iň datly tagamlar bilen gije-gündiz hyzmat etjekdigine ynandyrýar.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” Stanford Üniversitesi Kütüphane Kataloğuna Eklendi

Azerbaycan ile Türkmenistan binicilik sporunda işbirliği kararı aldı

Brüksel’de AB–Türkmenistan 9. parlamentolar arası toplantısı gerçekleşti

Vepa Haciyev Türkmenistan’ın BM nezdindeki yeni Daimi Temsilciliğine atandı

Türkmenistan Cumhurbaşkanı, ABD Büyükelçisini görevden aldı

Türkmenistan Cumhurbaşkanı, ABD’ye yeni büyükelçi atadı