Dubaýyň «Jannarelly Automotive« kompaniýasy Beýik Britaniýa eksport etmek üçin «Design-1» atly sportkaryny ― sport ulagyny işläp taýýarlady. Bu barada «Carsweek» neşiri habar berýär.
Doly görnüşde «Jannarelly Design-1 UK Edition» diýlip atlandyrylýan sport ulagy bäş reňkde ― külreňk, gyzyl, gök, ak we ýaşyl reňklerde öndürildi.
Gerek wagty aýrylýan üçekli öndürilen ulagda 325 at güýjüne eýe bolan 6 silindrli hereketlendiriji we kuwwatly mehaniki gurluşlar bar. Ulag sagatda 100 kilometr tizlige bary-ýogy 4 sekuntda çykýar. Onuň aňrybaş tizligi bolsa sagatda 220 kilometrdir.
«Design-1-iň» nyrhynyň 115 müň 549 funt sterling (150 müň 300 dollar) bolmagyna garaşylýar.