GENEL

Iki ada taryha siňdi

Howanyň üýtgemegi käbir döwletlerdäki kiçeňräk adalaryň suwuň astyna çümmegine getirýär. Ýakynda şeýle ýagdaý Indoneziýada bolup geçdi.

«Jakarta Post» gazetiniň ýazmagyna görä, ýurduň Sumatra welaýatyna degişli kiçeňräk adalaryň ikisi suwuň aşagynda galdy. Habarda ýazylyşy ýaly, adam ýaşamaýan bu adalar Betet we Gundul diýlip atlandyrylýardy. Häzir bu adalar deňiz derejesinden 1 we 3 metr aşakda galdy. Bu adalardan Betet adasy Berbak-Sembilang milli bagynyň bir bölümi bolup durýardy.

Eger ummanyň suwunyň ýokary göterilişiniň öňi alynmasa, Indoneziýada ýene-de dört ada suwuň aşagynda galmak howpy abanýar.

Ýene-de okaň

Üsküdar Üniversitesi Türkmenistan listesinde – uygun fiyatla eğitim imkanı

Beykent üniversitesinde Türkmen gençleri için yeni fırsatlar!

Türkmen Halkının Millî Lideri Çin’i ziyaret edecek

Türkmenistan, İran’daki mağdur çocuklara insani yardım gönderdi

Rus Dışişleri Bakanlığı Türkmen Büyükelçisine yeni görevinde başarılar diledi

Yabancı Havayolu şirketleri Türkmenistan üzerinden transit uçuşlarını artırıyor