GENEL

Hindi oglanjygyň üstünligi

Heniz 12 ýaşyndadygyna garamazdan, batyrgaýlygy bilen dünýä metbugatynda öz adyny ýazdyrdy. Bu ýerde gürrüň Hindistanyň raýaty 12 ýaşly Kaamýa Karthikeýan barada barýar. Ol meşhur ýaş dagçy hökmünde tanalýar. Golaýda ol 7 müň metr belentlikdäki Akonkagua dagynyň belent gerşine çykmagy başardy.

Beýik dag gerşine çykmaga hindi oglanjygyna kakasy hem ýakyndan ýardam etdi. Bu synanyşyk 12 ýaşly oglanjygyň rekord synanyşygy boldy.

Akonkagua dag gerşi Argentinanyň Mendos welaýatynda ýerleşýär. Bu welaýat Argentina bilen Çiliniň serhedine 15 kilometr golaýlykdadyr.

Ýene-de okaň

Aşkabat’ta Uluslararası Çince Günü Kutlandı

Azerbaycan ve Orta Asya ülkeleri iklim konusunda ortak bildiri kabul etti

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Kazakistan’da

Rusya ile Türkmenistan kara metal üretimi için çalışıyor

Türkmenistan Orta Asya-Rusya Sanayi Bakanları’nın ilk toplantısına katıldı

TÜRKSOY’un Molla Nasreddin filminin çekimleri Türkmenistan’da yapıldı