GENEL

Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

31-nji ýanwarda paýtagtymyz Aşgabat şähereinde Hazar deňzinde gözleg we halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň ilkinji duşuşugy geçirildi. Oňa Azerbaýjan hem-de Gazagystan Respublikalarynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň wekilýetleri gatnaşdylar.

 Duşuşygyň barşynda bäştaraplaýyn Ylalaşygyň halkara deňiz hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňizde gözleg we halas ediş işlerini geçirmek boýunça Halkara konwensiýanyň (CAP Konwensiýasy), şeýle hem deňizde adam ömrüni gorap saklamak boýunça Halkara konwensiýanyň (SOLAS) we beýleki resminamalaryň esasy düzgünlerine laýyk getirilmegi hünärmenleriň düýpli ara alyp maslahatlaşmalarynyň esasy meselesi boldy. Täze ylalaşygyň taslamasy boýunça garaýyşlary ylalaşmak işleri hem tamamlanyp barýar, bu resminama Hazarda gözleg-halas ediş işlerini geçirmekde degişli ygtyýarly edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna ýardam eder.

Şeýle hem öňümizdäki hepdede hem Hazar deňzi boýunça birnäçe duşuşyklar geçiriler. 3-5-nji fewral aralygynda geçiriljek duşuşykda «Hazar deňziniň biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşylar.

Bu duşuşygyň yzysüre, ýagny 6-7-nji fewral aralygynda bolsa «Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşylmak üçin degişli duşuşyk guralar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan ile Türkiye göç alanındaki iş birliğini görüştü

“Akıllı Şehir” Arkadag büyük bir sanayi hamlesine hazırlanıyor

Minsk ile Aşkabat: kültürel bağların arttırılması ve uçak seferlerinin başlatılmasına yoğunlaşacak

2026 Çalışma Planları: Türkmenistan 2026 yılındaki ilk Bakanlar Kurulu Toplantısı

Al-Nassr ve Arkadag futbol kulüpleri tarihi maça çıkıyor

Türkmenistan, BM Kuruluşlarının ülkedeki varlığının genişletilmesini destekliyor