GENEL

Üstünlik Gazanmagyň Ýollary : “Ata Watan Eserleri’ Bäsleşigi

“Atavatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com”  saýty  Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşigini yglan edýär.  Bäsleşik  barada saýtymyzda dürli habarlary ýerleşdirdik, bu gezek bolsa, okyjylaryň bäsleşik barada  birnäçe habarlar bilen wagtyny sarp etmeginiň öňüni almak üçin ähli habarlary bir ýere jemläp, bäsleşik baradaky esasy maglumatlary Size ýetirýäris.

Mälim bolşy ýaly, edebi makala, goşgy, hekaýa, oýlanma ugurlary boýunça geçirilen “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşiginiň ilkinjisini 2019-njy ýylyň ahyrynda jemledik. Uly gyzyklanma eýe bolan bu bäsleşikde 73 awtoryň 100 eseriniň arasynda iň gowulary saýlandy we baş baýrak hökmünde “RedMi 7A” telefony sowgat beripdik.

Bäsleşigimiz  Mowzugy – “Üstünlik Gazanmagyň Ýollary”

Bu gezekki bäsleşigimizde ‘üstünlik gazanmagyň ýollary’ mowzugyny saýlap aldyk. Diýmek, bu bäsleşige hödürlenjek eserler “üstünlik” mowzugynda ýazylan eser bolmalydyr. Bäsleşigi  geçirmek hem-de mowzugy saýlap almagymyzdaky maksat ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan, olary höweslendirmekden we döredijilik üstünliklerine ruhlandyrmakdan, ýaşlarda üstünlik gazanmak duýgusyny oýarmaga goşant goşmakdan ybaratdyr.

Eýsem üstünlik mowzugy bolanda näme düşünmeli! Geliň ilki bu barada gysgajyk durup geçeliň!

Bäsleşigiň maksadyndan hem görnüşi ýaly, ýaş zehinleri ýüze çykarmak diýmegiň özi hem üstünlik bilen baglanyşyklymyka diýip pikirlenmän geçmek bolmaz.

“Üstünlik” sözüniň sözlükdäki kesgitlemesine hem seredinimizde, ol hem “Işde, zähmetde we ş. m. gazanylan ýeňiş, şowlulyk” diýen manylary berýär.

 Şonuň üçin “Üstünlik  gazanmagyň ýollary” mowzugy esasynda makalalar toplumyny taýýarlanyňyzda, käbir aýratynlyklara üns bermek has ähmiýetli bolmagy mümkin. Mysal üçin, “Adamlary üstünlige alyp barýan zat nämäkä?” diýip pikirlenmän geçmek bolmaýar.  Ol wagtyňy tygşytly ulanmak, köp işlemek ýa-da köp okamak ýaly aýratynlyklar bolup biler.

Siziň adamlary üstünlik gazanmaga höweslendirýän ugurlary öz içine alýan makalalary ýazmaga synanyşmagyňyz  özi hem üstünlik ulgamynda ädilen esasy ädim bolmak bilen bir hatarda okyjylar köpçüligi üçin hem gymmatly bolup biler.

Şeýle hem dünýä belli şahsyýetleriň, kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň, işewürleriň durmuş ýoly we iri kompaniýalaryň döreýiş taryhyny okap, şolardaky üstünlik ýollaryny teswirläp, makalalar ýazyp boljakdygyny ýatladýarys.

Biz “ýazmak üçin okamak gerek, okamak üçin hem “Ata Watan Eserleri” bäsleşigine gatnaşmak gerek” diýýäris.  Sebäbi biziň öz tejribämizden mälim bolşuna görä, “okar” ýa-da “peýdaly bolar” ýaly 1 sahypa ýazmak üçin azyndan şol ugurdan ýazylan 100 sahypalyk eser okamak gerek. Şol sebäpli bu bäsleşige gatnaşmak üçin ilkinji nobatda üstünlik gazanmak barada azyndan 2-3 kitap okamagy maslahat berýäris. Bu bolsa bäsleşigiň bir maksadynyň, ýagny, ýaşlarda okamak barada höwesi artdyrmak maksadynyň durmuşa geçip başlandygynyň subuty bolsa gerek. Bu ulgamda kitaplar üçin “Makul hyzmat” terjime merkeziniň kitap tekjelerinde ornuny tapan 500-ä golaý kitapdan mugt peýdalanyp bilersiňiz! Şol kitaplaryň 130-dan gowragy dünýä belli kompaniýalaryň we işewürleriň durmuş tejribesi barada maglumatlary özünde jemleýär.  Öz ulgamynda üstünlik gazanan işewürler, sungat işgärleri we alymlar bilen söhbetdeş bolmak hem üstünlik gazanmak ulgamynda pikiriňizi jemlemägiňize ýardam edip bilerdi!

Dünýäniň hemme ýerinde hem üstünlik  gazanmak üçin maşgala mümkinçilikleri we networkyň täsiri kabul edilýän ýagdaý. Sebäbi,  ene-atanyň ýa-da networkyň mümkinçilikleri bize bir ädim öňde başlamaga mümkinçilik berýär, emma, diňe şol mümkinçilikleri netijeli ulanylan halatynda gowy netijeler gazanyp bolar. Şu bir hakykat, dünýä belli kompaniýalary esaslandyranlaryň aglabasy doglanda “gyzyl diş” bilen dogulmadyk. Diýmek üstünlik gazanmak belli bir derejede öz elimizde. Biz eger-de “men muny başarmaýan” diýsek, onda, başarmajagymyz hakykat, emma, “men muny başararyn” diýsek, onda, netijede başarmasak hem şol ulgamda uly tejribe edineris. Bu bolsa, biziň indiki synanyşygymyzda başarmak üçin uly kömekçi bolar.

Bäsleşik Başlaýar,  Kabul Edilýär we Jemlenýär

Bäsleşik baradaky esasy seneleri Size ýetirýäris :

Eserleriň Kabul Edilmegi : 10-nji Mart 2020 sagat 15:00 çenli

Eserleriň Saýta Ýerleşdirilmegi : 10-njy Fewral 2020 senesinden 10 Mart 2020 senesine çenli

Ýaryş Jemlenýär:  30-njy Mart 2020 senesi sagat 15:00 ýagdaýyna görä

Ýeňiji Yglan Edilýär : 30-njy Mart 2020 senesinde

Baýraklar Gowşurylýar : Goşmaça yglan ediler.

 

Eserleri Kabul etmek

Bäsleşigimize gatnaşyjylar “Üstünlik gazanmagyň ýollary” mowzugyndan  Türkmen dilinde ýazylan makala we oýlanmalar (poeziýa, proza) hödürläp bilerler. Bu gezek bäsleşigimizde goşgy kabul etmeýändigimizi bellemek isleýäris.

Başgaça aýdanymyzda bäsleşige hödürlenjek eserler üstünlik mowzugynda ýazylan bolmaly we 10-njy Mart 2020 senesinde sagat 15:00 -e çenli bize gelip gowşan bolmalydyr.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler eserlerini atawataneserleri@gmail.com   salga ugratmaly.

Ýaryşa hödürlenen eseriň awtorynyň doly at we familiýasy, salgysy, telefon belgisi, doglan senesi we bar bolsa işleýän (okaýan) ýeri anyk we takyk görkezilmelidir. Eseriňize degişli bolan suratlary hem ibermegiňizi haýyş edýäris! Eser boýunça jogapkärçilik awtora degişlidir.

Her awtor 1 eser bilen gatnaşyp bilýär.

Awtoryň hödürlejek eseri 500 bilen 1000 söz aralygynda bolmalydyr.

Ýaryşa hödürlenýän eser täze, ozal hiç ýerde (metbugatda, sosial torlarda) çap edilmedik bolmaly.

Hemaýatkärlerimiz

Biziň ilkinji geçiren döredijilik bäsleşigimizi öz mümkinçiliklerimiz bilen amala aşyrypdyk. Bu gezekki döredijilik bäsleşigi  bolsa “Aý Sözen Management Consulting” we “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň hemaýat bermeginde geçirilýär. “Peýdaly bolýan wagtyň gazanmak” şygaryna gulluk edýän, intellektual telekeçileriň hemaýatkärliginde geçirilýän bäsleşigiň esasan hem ýaşlarymyza azajyk hem bolsa peýda berse, ine, biziň kiçijik zähmetimiziň ýerine düşdigi bolar!

Ýeňiji nähilli kesgitlenilýär

Ilki bilen bellemeli zat, geçen ýylky bäsleşigimizden tapawutlylykda saýtymyza ýerleşdirilen her bir eser, şol bir “IP” belgisi bilen kesgitlenen döwrüň dowamynda kesgitlenen sandan  artyk saýtymyza girilen ýagdaýynda şol IP kesgitli döwre çenli saýtymyza girmegi tehniki tarapdan gadagan ediler. Eger şol hereketler yzygiderli gaýtalansa onda, ol IP tarapyndan saýtymyza geljek ähli hereketleriň mydamalyk gadagan ediler. Şol sebäpli käbir tehniki usullar ulanmak bilen emeli ýagdaýda “eseriň okalan” sanyny  artdyrmagyň öňi alyndy. Has ýakyn wagtda “ www.atavatan-turkmenistan.com  ” saýtynyň täzelenen görnüşini Size hödürleýäris.

Ýaryşa hödürlenen eserler ilki eminler agzasy tarapyndan içgin okalýar we her bir emin tarapyndan  1-den 100-e çenli bal berilýär. Eminler tarapyndan ortaça 50 we ondan ýokary bal alan eserler saýta goýulýar we bäsleşige hödürlenen bolýar.  Eminler ballaryny eser saýtymyzda neşir edilmezden öň berýär we soňra beren balyny üýtgedip bilmeýär.

Eminleriň berýän balynyň ortaçasy hasaplananda her bir eminiň berýän baly jemlenýär we emin agzalarynyň sanyna bölünýär. Mysal üçin “A” emin 50, “B” emin 45, “Ç” emin 60 we “D” emin 65 bal berse, onda (50+45+60+65)/4=55 bolar. Ýagny bu eseriň eminlerden ortaça 55 bal alandygy görünýär. 

Saýta ýerleşdirilen eserlerden her 1000 gezek okalan sany 1 bal diýlip hasaplanylar. Mysal üçin, ýaryşa hödürlenen bir eser 40.000 (40 müň) gezek okalan ýagdaýynda şol eser 40 bal alýar. Bellemeli zat, eger eserleriň okamak sany haýsyda bolsa bir eser boýunça 100.000 gezekden artyk bolan ýagdaýynda  1: 1000 möçberi 1:2000 ýa-da has artyk möçberde üýtgediljekdigini habar berýäris.

Ýeňijileri kesgitlemekde eminleriň berýän 50 %-lik baly hem öz  täsirini ýetirýär, okalan sany hem 50% täsir edýär.

Mysallara ýüzleneliň:

A  belgili  eser eminlerden ortaça 55 bal alan bolsa we saýtda hem 48.000 gezek okalan bolsa, onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär, ýagny (55/2)+(48.000/1000/2)= 27.5+24=51.5

B belgili eser eminlerden ortaça 50 bal alan bolsa we saýtda hem 56.000 gezek okalan bolsa, onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär, ýagny,  (50/2)+ (56.000/1000/2)= 25+28= 53

Ç belgili eser eminlerden 60 bal alan bolsa we saýtda hem 30.000 gezek okalan bolsa, onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär, ýagny, (60/2)+(30.000/1000/2)= 30+15=45

Bu ýagdaýda, B belgili eser 53 bal bilen 1-nji orny, A belgili eser 51,5 bal bilen ikinji orny we Ç belgili eser bolsa 45 bal bilen 3-nji orny eýeleýär.

Baýraklarymyz :

Baş baýrak –  “Notebook HP Probook 450 G6 Core i5”.

2-nji ýer üçin – “RedMi 7A” telefony

3-nji ýer üçin – mikrotolkunly peç.

Şeýle hem 4-10-njy orny eýelän eserlere Preo Watch X Pro Akylly sagatlar garaşýar.

 

Mahabatlandyrmak

Bäsleşige has köp eseriň gatnaşmagyny gazanmak we bu ulgamda ýazylan iň gowy eserleriň ýeňiji bolmagyny üpjün etmek maksady bilen bäsleşik baradaky habarlary dürli metbugat serişdelerinde we sosial torlarynda mahabatlandyrmak işi yzygiderli amala aşyrylýar. Bu ulgamda “Türkmenistan” gazetinde 1-nji Fewral 2020 senesinde neşir edilen “Üns beriň, bäsleşik” bildirişini mysal getirmek bolar. Şeýle hem, bäsleşigi tanyşdyrmak maksady bilen belli alyp baryjy Pälwan Muhyýewiň şekillendirmeginde wideo rolik taýýarlanyldy. Şeýle hem internet serişdelerinde bäsleşik barada dürli mahabatlandyrma işleri amala aşyrylýar.

Ýene-de okaň

Türk Devletleri Taşımacılık Dernekleri Birliği OTS-URTA kuruldu

Yapay Zeka: Mahtumkulu Firaki Harvard, Oxford, Cambridge düzeyinde eğitim almış

Türkmenistan’da “Made in Özbekistan” fuarı düzenlendi

Türkmenistan’da yeni Türkçe-Türkmence sözlük yayınlandı

EBRD, Türkmenistan’daki 87 projeye 333 milyon avrodan fazla yatırım yaptı

Türkmenistan ile Çin enerji sektöründe mutabakat anlaşması imzaladı