GENEL

Hakyky üstünlik

Goýnunda birnäçe gerçekleri ýetişdiren, bu goja pelegiň külpetli ýollarynda, durmuşyň ýowuz synaglaryna döz gelip “Üstünlige ýetmegiň ýollary” barada bir zatlar ýazmagy ýüregime düwdim. Ony bolsa islegiňe görä ýazyp bolmaýar. Pikirlenip jogabyny tapar ýaly ol tapmaça däl ahyry. Oňa diňe başyňdan geçireniňde ýa-da başyndan geçirenleri göreniňde akyl ýetirip bolýar. Çala üstünlige ýetip başlan adam özüni gürrüňsiz artykmaç hasap edýär. Men ony bilýärin. Söze başlamagymdan öňürti bir zady aýdaýyn.Üstünlikde hiç hili syr bolmaýar, ol edil tebigat ýaly aýdyňdyr. Çünki “Üstünlik” hemme kişi üçin şol bir zat däldir. Her kimiň üstünligi aýratyndyr. Üstünlige nädip ýetmelidigini bilmek üçin ilki “Üstünligiň” näme zatdygyna akyl ýetirmeli. “Üstünligiň syry”-haýsydyr bir işi oňuna bolan adamyň aýdyp berýän ertekileri däldir. Haýsy samsyk (ýagny “üstünlige ýeten adam”) özüniňkiniň mydama ugruna boljakdygyna kepil geçip biler. Hiç kim. Şonuň üçin biz çüýremeýän “Üstünligi” gözlemelidiris. “Üstünlik” – diýip “baýlyga” aýtýan bolsaňa men gürlejegem däl.Ýöne näme üçindir köp kişi şeýle pikir etýär. Ol bir tarapdan dogrudanam şeýle. Emma, şu wagtjyk aýdyşym ýaly bir tarapdan şeýle. “Üstünlik” bolsa bir taraplaýyn zat bolmaly däl. Edil Nedir şanyň-a “Imperator” Magtymgulynyňam zyndana taşlanan bendi bolşy ýaly. Seniň pikriňçe olaryň haýsy biri üstünlige has gowy ýeten? Belki Nedir şadyr, emma Magtymgulynyň ýeten üstünligi Onuňkydan has uzak ýaşady. Göräýmäge Gitler hem belli bir wagt üstünlige ýeten, emma bize Çingiz hanyňky ýaly wagşy “Üstünlik” gerek däl. Bize, nesillerimiziň bizi ýagşylykda ýatlary ýaly “Üstünlik” gerek. Üstünlik diňe öz toplan baýlygyň, öz ýeten şahsy derejäň bilen kesgitlenilmeýär. Diňe özüni bilýän üstünlikden üstünlik bolmaz. Bize beýlekileriň hem üstünlige ýetmegine sebäp bolýan “üstünlik” gerek. ”Üstünlige” ýetmedikden “Üstünlige nädip ýetmeli” -diýip soralmaýar. Üstünlige ýetenem ony bilmez. Çünki onuň durmuşy bilen seniňki deň däldir. Ol-a başga adam, sen bolsa düýbinden başga.”Üstünligiň” açary öz eliňdedir. Sen diňe onuň bilen haýsy gapyny açmalydygyny bilseň bolany.”Üstünlige ýetmek üçin yhlas etmeli”-diýip her öňýeten aýdyp biler. Emma gynansagam yhlas çekýänleriň hemmesi üstünlige ýetäýenok. Ýetenleriň hem näçe wagta çenli üstünlikli saklanjagy belli däl. Diýmek nädemizde üstünlige barymyz ýetip bileris? Diňe birek-birege goltgy berenimizde. Her kim ukyp-başarnygyna görä hemaýat tapanda. Seniň “Üstünligiň” adamlardan rüstemligiňde däl-de, adamlara gerekligiňdedir.”Ýagşy niýet-ýarym döwlet”-diýip aýdypdyrlar-a. Heý “Döwletden” ulam bir üstünlik bolarmy. “Üstünlik näme zat we oňa nädip ýetmeli” diýen sorag örän gyzykly sorag. Üstünligiň nähili zatlygyny bilmek üçin onuň häsiýetlerini öwrenmeli bolarys. Üstünligiň häsiýetleri adamlaryň häsiýetlerine barabardyr. Sözümiz gury bolmaz ýaly geliň “Üstünligiň” häsiýetleriniň üstünde durup geçeliň.

1-Düşbilik. Bu ýaşlykdan başlanýan häsiýet bolup, aslyňdan geçýär. Bu üstünligiň we oňa ýetmegiň birinji basgançagydyr.

2-Başarjaňlyk. Bu üstünligiň ikinji häsiýeti bolmak bilen her bir adam yhlas etse ol basgançagy eýeläp biler.

3-Sowatlylyk. Ýadyňyzdan çykarmaň, hiç haçan bilimli adam bilen bisowat adamyň ýetýän üstünligi deň däldir.Ylymsyz “üstünlik” bu lal we kör üstünlikdir. Çünki seniň ylym-bilimli (giň dünýagaraýyşly,okumyş) bolmaklygyň eýýäm, ýeterlikli derejede üstünligiň özüdir.

4-Akyllylyk.  Bu ýokardaky häsiýetleriň jeminden emele gelýär. Akylly adam sosial hal-ýagdaýynyň nähilidigine garamazdan, üstünlikli adamdyr. Onsoňam müşgil hem çylşyrymly ýeri, akylly adam hökman baý bolmaly diýip düşünmeklik öte ýalňyşlyk bolýar. Baýlygy toplap bilýän adam däl-de, ondan goranyp bilýän adam has akyllydyr.

5-Edeplilik. Üstünligiň esasy häsiýetleriniň biri hem edeplilikdir. Edeplilik-seniň üstünligiňi mukaddeslige öwürýän galypdyr. Heý biedep, edepsiz üstünlikdenem bir üstünlik bolarmy.

6-Öňdebaryjylyk. Üstünligiň häsiýetleriniň esasydyr. Öňdebaryjylyk öz gezeginde “üstünlige” dowamlylygy bagyşlaýar. Aslynda üstünlik bir pursatlyk, ýa-da wagtlaýyn bolmaly däldir. Ol, gutarmaýan, dowamly, hemişelik bolmalydyr. Eger “Üstünlikde” nähilidir bir syr bar bolsa, ol onuň nädip uzak (hat-da tas hemişelik) saklanyp bilişindedir. Çünki “Üstünligiň” özi – dowamly öňdebaryjylykdyr. Ukyp-başarnyk üstünligi dörediji esasy guraldyr. Sizde meniň pikirime garşy paradokslaryňyz bar bolmagy-da mümkin, men muňa geň galmaryn, üstünligi her kimiň öz görüşi bar.Ýöne men bir zady anyk aýdyp biljek, eger üstünligiň umumy kabul edilen nusgasyny logikalaşdyrmaly bolsa onuň kliminasion nokady hökman öz ýaşan ömrüňde halka gerekli şahs bolup taryha adyňy ýazdyrmakdyr.

Dünýäň depesine bilmeris çykyp,

Ýöne biz bolmajak bolaýlyň “hiçkim”.

Gezme şum ykbala içiňi ýakyp,

Özgelere ýagty salawer yşkym.

 

Birje ömrümizi doldurup mana,

Üstünlige ýetjek bolup ýaşalyň,

Hergiz aňlawergin, ymtylýaň nämä,

Haýra galkyp, şere gözi ýaşlalyň.

 

Başarnykly-ukyp eldäki dürdir,

Düşünjeli-akyl başyňdaky täç,

Kanagatsyz-baýlyk tendäki kirdir,

Ynsap diýen ýagşyzada gujak aç.

 

Aşyr GURBANGELDIÝEW, Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň ýaşaýjysy.

Ýene-de okaň

FIFA, Türkmenistan’da futbolun geliştirilmesine yönelik girişimleri destekliyor

Rogun HES: Dünyanın En Yüksek Barajından Daha Etkili Ne Olabilir?

Türkmenistan ile Romanya eğitim işbirliğini güçlendirecek

Türkmenistan ile Malezya enerji sektörü dışında işbirliğini güçlendirmeyi hedefliyor

Türkmenistan ile Malezya tarım alanında işbirliği fırsatlarını araştırıyor

2024 yılında Türkmenistan-Rusya ilişkileri