GENEL

Gyşyň güni kyrk tüýsli…

Türkmenistanda gyş esasan, üç hilidir. Bir gyş bardyr, ol wagtynda girer, wagtynda çykar. Oňa takyk gyş diýilýändir. Onuň möhleti 90 gündir. Başga bir gyş bolsa wagtyndan irräk düşer, güýzden bir aý töwerek wagty, soňundan ýazdanam şonçarak alar, şeýderde 4-5 aýa golaýlar, ir girip, giç çykar. Oňa gelmişek ýada gaýry gyş diýilýär. Onuň sebäbi-de goňşy ýurtlarymyzda gyşyň adatdan daşary gazaply-güzaply gelýändigi sebäplidir. Üçünji bir gyş, ol bolsa öňünden bir aýyny güýze goşar, soňundanam bir aýyny ýaza goşar, ortada ýekeje aý sowuklyk bolar. Mallar baryp güýzde gök otdan doýýandyr. Şeýle gyşa “Goşa ýaz” diýilýär. Ol hem belli-belli ýyllar gelip, çarwalary diýseň begendirýändir. Esasan hem Luw ýylynda goşaýaz köp bolýandyr.

Türkmenleriň ýyldyz senenamasyna görä, gyş pasly Noýabr aýynyň 23-inden Fewral aýynyň 21-ine çenli dowam edýär. Ýöne ata-babalarymyz gyş paslyny dört döwre bölüpdirler: garagyş, uly çille, kiçi çille we ahyrky garagyş. Olaryň jemi 90 güne deň bolup, bu döwürler ýagty ýyldyzlaryň dogýan we ýaşýan seneleri, meteorologik we fenologik tebigat üýtgeşmeleri bilen hem baglanyşyklydyr.

Akrapdan soň dowam edýän Garagyş döwri 23-nji noýabrda başlanýar. Ol bary-ýogy 15 gün dowam edýär, ýagny 7-nji dekabra çenli. Garagyş gyşyň başlangyjy, buşlukçysy. Ol “Ülker ýaşdy – gyş” pähimi bilen baglanyşyklydyr.

Garagyş – çolukdyr çopanyň synag döwri. Garagyşa çenli hemme hasyllar ýygnalyp gutarylýar, ýerler şüdügärlenip goýulýar. Bu döwürde galyň garyň düşýän wagtlaram seýrek bolmaýar. Türkmenistanyň hemme ýerinde howanyň we topragyň üstüniň sowuklygy nol derejeden aşakda bolýar.

Jemläp alanymyzda, garagyş güýz we gyş pasyllarynyň arasyndaky gysga wagtlaýyn 15 günlük geçiş döwri diýsek ýalňyşmarys. Ol gyş bilen ýazyň arasyndaky alabahar sözi bilen asyldaşdyr. Garagyş ahyrlanda  gyşyň örküji hasaplanýan kyrk günläp dowam edýän Uly çille başlanýar.

Baýgeldi ÇARYÝEW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň meteorologiýa hünäriniň IV ýyl talyby

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Ýene-de okaň

FIFA, Türkmenistan’da futbolun geliştirilmesine yönelik girişimleri destekliyor

Rogun HES: Dünyanın En Yüksek Barajından Daha Etkili Ne Olabilir?

Türkmenistan ile Romanya eğitim işbirliğini güçlendirecek

Türkmenistan ile Malezya enerji sektörü dışında işbirliğini güçlendirmeyi hedefliyor

Türkmenistan ile Malezya tarım alanında işbirliği fırsatlarını araştırıyor

2024 yılında Türkmenistan-Rusya ilişkileri