GENEL

Gyrgyz Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar

2018-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň diplomatik işini tamamlaýan Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanydaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Žanyş Rustanbekow bilen hoşlaşyk duşuşygy geçirildi.

Türkmen tarapy Ilçiniň Türkmenistandaky diplomatik wezipesiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady. Şeýle hem taraplar iki ýurduň gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyklary geljekde hem işjeňleşdirmegiň möhüm ähmiýetleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gyrgyz Respublikasynyň Ilçisi iki milletiň taryhynyň meňzeşligi döwletleriň özara gatnaşyklarynyň işjeňliginiň esasyny düzýändigini belledi. Şeýle hem Ž.Rustanbekow Ilçihananyň işine yzygiderli ünsi we goldawy üçin türkmen tarapyna sagbolsunyny aýtdy.

Türkmen tarapy, öz gezeginde Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge goşan goşandy üçin Ilçä özüniň minnetdarlygyny bildirip, mundan beýläk hem işinde üstünlikler arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan, Azerbaycan’ın en büyük doğalgaz tedarikçisi olmaya devam ediyor

Türkmenistan Sanayiciler ve Girişimciler Birliği’nin 18. yıldönümü kutlanıyor

Üsküdar Üniversitesi Türkmenistan listesinde – uygun fiyatla eğitim imkanı

Beykent üniversitesinde Türkmen gençleri için yeni fırsatlar!

Türkmen Halkının Millî Lideri Çin’i ziyaret edecek

Türkmenistan, İran’daki mağdur çocuklara insani yardım gönderdi