GENEL

Geljegiň muzeýi gurulýar

Siziň pikiriňizçe geljegiň muzeýleri nähili dizaýnda bolmaly? Belki Eýfeliň, belki Burj Dubaýyň şekilinde ýa olardan hem täsindir. Dubaýly binagärler geljegiň muzeýini şu habar bilen ugurdaş synlaýan suratyňyzdaky ýaly göz öňüne getirdiler.

Bulutlary boýlaýan binalary, hamana, bir gije peýda bolan ýaly duýgy döredýän Dubaýda üýtgeşik dizaýnly gurluşyklar indi juda bir uly täsinlik hem däl. Ýöne adamlar bu ýerde gurulýan bir binada welin nazaryny eglemän bilenok. Bu bina «Geljegiň muzeýi» diýlip atlandyrylýar.

Biri-biri bilen diogonallaýyn kesişýän 2 müň 400 polatdan ybarat bolan muzeýiň içki gurluşygy mundan bir ýyl ozal ― 2018-nji ýylyň noýabr aýynda tamamlandy. Ýene bir ýyldan ― 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda bolsa «Geljegiň muzeýiniň» açylyş dabarasy bolar.

Muzeýiň taslamasy «Killa Design» diýlip atlandyrylýan çaklanja taslama kompaniýasyna degişli. Binagärleriň aýtmagyna görä, onuň aýlaw şekilli süňňi bize mälim bolan, ortasyndaky boşlugy bolsa heniz nämälim bolan bilimleri aňladýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan heyetinin Gürcistan limanlarına ziyareti

Türkmenistan heyeti Azerbaycan’da

Belarus ile Türkmenistan havacılık ile ulaştırma-lojistik işbirliğinin geliştirilmesini görüştü

Gurbanguli Berdimuhamedov Yardım Vakfı heyeti Belarus’u ziyaret edecek

Türkmenistan İletişim Bakanlığı ile Japon Muroosystems Corporation veri merkezi ağı kuracak

Türkmenistan ile BM yeni belgeler imzaladı